Hakyky il adamlary halk halyny görmän bilmeýär
Dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýan, iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanda ýaş döredijiler garyplyk temasyna, 18-19-njy asyr türkmen şahyrlaryna ýakyn bolan mätäçlik meselesine barha kän ýüzlenýär.
“Ýaşlar hökümet wadalarynyň boş çykandygyny gördüler we pikir edýärler, ýöne öň pikir edenlere näme bolanyny göz öňünde tutsaň, olara näme boljagyny aýtmak kyn” diýip, bu mesele boýunça pikirini paýlaşmaga razy bolan sungat synçysy aýdýar.
Anonimlik şertinde gürleşen synçy ýaş aýdymçylaryň käbirini, gylyç tygynda ýöreýän ýaly, senedine ygrarly galmak we taryhyň dogry tarapynda bolmak üçin janyny howp astyna salýan adamlara deňedi.
Türkmen döwlet senzurasy 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri göwnüçökgünligi, pessimist diýilýän eserleri ‘gadagan edýär’, ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow öz wagtynda 18-nji asyr türkmen şahyry Magrymgulyny pessimistlikde aýyplady, türkmenleriň arzuw edilen ajap eýýamda ýaşaýandygyny öňe sürdi. Netijede, metbugatda diňe 'üstünlikler' barada gürrüň edilýär, tebigy hadysalar, ölüm habarlary, negatiw ýagdaýlar agzalmaýar.
''Hökümet ilatyň bol-elin durmuşda ýaşaýandygy aýdylyp, öňki girizilen durmuş ýeňilliklerini ýatyrýan wagtynda garyplyk, kyn durmuş hakynda goşgy ýazmak, aýdym aýtmak, meniň pikirimçe, döwlet syýasatyny sorag astyna almakdan başga zat däl'' diýip, synçy aýdýar.
1985-nji ýyldaky aç-açanlyk meýillerinden ruhlanan döredijilik işgärleri sowet-propaganda galyplaryny döwüp, täze edebiýat, sungat eserlerini döretmek isleýärdiler, bu barada açyk pikir alyşýardylar. Emma, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalyk biletlerini göterýän 133 ýazjyjy, metbugatda eserleri çykýan, heniz agzalyga kabul edilmedik 300-e golaý ýazyjy-şahyr, beýleki döredijilik, medeniýet, ylym-bilim işgärleri ýa şahsyýet kultuna hyzmat etmeli, ýa-da esasan dymmaly boldy. Bu ýagdaýy nazarda tutup, ''...soňky 10-15 ýyl birnäçe aýylganç hadysalara şaýat bolduk, ýöne ýazylan ýeke goşgy, poema, poeziýa, proza, aýdym, ýada kitap, roman, ýada teatr oýny, ýada çekilen surat, ýasalan heýkel bolmady'' diýýänler hem bar.
Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmen kompozitory ýaşlaryň garyplyk temasyna köp ýüzlenmeginiň sebäbini olaryň janköýerleriniň islegleri bilen baglanyşdyrýar.
''Garyplyk temasyny degýän goşgular, aýdym-sazlar sosial mediada köp adamy özüne çekýär, sebäbi ýurt içinde ýa daşynda, zähmet migrasiýasynda agyr ýagdaýa düşüp, edebiýatdan we sungatdan teselli gözleýän türkmen köp, döredijiler bu ýagdaýy bilýär we diňe ‘özüni aldap ýaşamak islemeýär'' diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaş kompozitor aýtdy.
Onuň pikiriçe, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda güýçlenen şahsyýet kulty edebiýatdaky, sungatdaky erkinlik meýillerini ‘sallançakda bogup, tas ýok etdi diýse bolar, emma internet mümkinçilikleri ýaş döredijileri has azat bolmaga hyjuwlandyrýana meňzeýär.
''Bu ýagdaý milli medeniýetiň özüni şahsyýet kultuna doly gurban bermän, aman galjakdygyny, belki-de, täzeden, has sagdyn bolup doguljakdygyna umyt döredýär.''
Biz bu meseläni adyny aýtmazlygy soran sungat synçysy bilen seljermäge çalyşdyk.
''Başda hökümet halky Magtymgulynyň köp garaşan ajap eýýamynyň gelendigine ynandyrjak bolýardy. Hökümetçi aýdymçylar 'Ruhuňyz tug deýin belentde bolsun, birmahalky gussa bilen hoşlaşyň' diýip aýdym aýdýardylar. Bu aýdym häzirem aýdylýar. Ýöne indi adamlaryň gussaly aýdymalary gowy görüp diňleýändigi, olara kän teswir ýazylýandygy belli boldy. Toýlarda propaganda aýdymlaryny aýdýan bagşylary halanoklar diýen gürrüň köpelýär'' diýip, Ýewropada ýaşaýan sungat synçysy aýtdy.
Onuň synyna görä, toýlarda aýdym aýdyp alýan girdejileriniň hasabyna durmuşyny düzeden aýdymçylaryň ählisi halkyň ýagdaýyna doly göz ýumýan adamlar däl, olaryň arasynda öňden gelýän däbe eýerip, 'il derdine’ ýakyn durmaga çalyşýan aýdymçylar hem bar.
Bu pikir bilen beýleki synçylar hem ylalşýar. Göni däl, howpsuzlyk aladalary sebäpli başga adamlaryň üsti bilen pikirini aýdan bir synçy Türkmenistanda protest aýdymlarynyň ýa garşylyk poeziýasynyň döremek mümkinçiliginiň uzak we ýowuz repressiýa duçar bolandygyny, ýöne döredijilil wekilleriň ählisiniň ‘ýüreksiz bolup bilmejekdigini' öňe sürdi.
''Akyş Saparow, Pälwan Halmyradow ýaly aýdymçylar pikirlenýän diňleýjilerde gyzyklanma döretdiler, ýöne olar derrew basylyp ýatyryldy. Öň janköýeri bolan adamlaryň käbiri olary dönüklikde aýyplaýar. Emma men umyt ölenok diýip pikir edýärin. Halkyň düşen agyr ýagdaýy diňe soň çap etmek üçin ýazylýan kitaplarda däl, häzir aýdylýan aýdymlarda öz beýanyny tapýar'' diýip, sungat synçysy aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Akyş Saparow Magtymgulynyň ''Döke başlady'' atly goşgusyna döredilen aýdymy aýdyp, halk derdine has ýakyn bagşylaryň birine öwrüldi. Bu goşguda korrupsiýa çümen resmiler zerarly 'gömlen derýalar, ýykylýan daglar, aglaýan ýetimler, ýykylýan ýurt' barada gürrüň edilýär.
Bu aýdym resmi däl ýagdaýda gadagan edildi we Akyş Saparowyň 'heňini üýtgedýänçä' ýanalmagyna sebäp boldy.
Emma synçylar Pälwan Halmyradowyň düşen ýagdaýynyň köpler üçin 'berk duýduryş we sapak bolandygyny' aýdýarlar.
2016-njy ýylyň noýabrynda, garaşsyz metbugata aýan bolmadyk aýyplamalar esasynda ýyl kesilen bagşy 2021-nji ýylyň sentýabrynda, prezidentiň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan eden günä geçişinde azatlyga çykdy.
Türkmenistanda prezidentiň günä geçişine düşmegiň esasy iki şerti bar, birinjisi – ýüklenen günäli doly boýun alyp, ak ýürekden toba etmeli, ikinjisi – galan jeza möhletiňe görä para bermeli. Tanymal adamlar günä geçişe düşende köplenç prezidente uzyn hat ýazyp, ony öwüp, özlerini ýazgaryp, ýalbarmaly bolýar.
Halmyradowyň türmä basylmazyndan öň aýdan, soň aýtmagyny bes eden ''Yrsk çekmesin'' atly aýdymy, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen aýal-gyzlarynyň köpçülikleýin türmä basylmagyna açyk 'gynanç bildirilen' ilkinji protest aýdymlarynyň biri boldy.
Döwlet eýeçiligindäki TW ýazgarylan adamlary eli gandally, özüni näletleýän görnüşde görkezýän wagtynda, jenaýatçy diýlen aýallar duýgudaşlyk bildirmek hökümete garaşly 'aýdymçynyň goýbermeli 'ýalňyşy' däldi.
Sebitde ilat sanyna görä iň kän tussagly ýurt bolan Türkmenistanda polisiýa tarapyndan saklanlmak örän aňsat we, raýatlartyň, şol sanda bagşylaryň, telekeçileriň... neşe gaçakçylygynda, bikanun walýuta amallarynda aýyplanmagy adaty bir zat bolup, aýdylmagyna görä, köp adam türmeden para berip gutulýar.
'Gozgalmasyz' meseläni gozgap, türme jezasyny çekse-de, 'zalymyň zulumy bolsa, ejiziň Allasy bar' diýýän bagşy ýurtda barha köpelýändigi aýdylýan ýetimleri görmän bilmeýär. Ýöne, bagşynyň ''Ýetim çaga'' aýdymynyň sözlerini diňleseň, ýetimleriň tarapynda durýan bagşy, ýetimleriň hossary hökmünde, Muhemmet pygambere, Alla ýüzlenýär, emma aýdymyň klibinde Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň agzalarynyň Mekgä eden zyýaraty görkezilýär.
Bu aýdymyň wideosy bagşy türmä basylmazyndan öň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň şekilleri bilen bezelýärdi.
Sungat synçysy aýdymçynyň 'bir okda iki guş urýandygyny', dilde hudaýa ýüzlense-de, howpuň nirededigini ozal gören adam bolansoň, ondan sowulmaga çalyşýandygyny aýdýar.
Ýöne onuň alty ýyl öň internetde ýerleşdirilen başga bir aýdymy, ''Çagajyk'', aýdylmagyna görä, 'iki däl, ýüzlerçe guşy urýar'. Golaýda teswir galdyran diňleýji bu aýdym üçin uly minnetdarlyk bildiripdir.
''Şul aydym maňa düzülen ýaly, agam, janyň sag bolsun, hemme aýdymda aýdýan zatlaryňyz mende bolup geçdi... näçe ýyldan bäri diňleýänn şul aýdymy, her diňlämde aglaýan...'' diýip, Kakajan atly internet ulanyjy ýazypdyr.
''Çagajyk'' kakasy türmä basylan, ejesi gijelerine başga erkekler bilen bolup, gazanç edýän çaga bagyşlanypdyr.
Ýerli synçylar aýdymçylaryň eklenç, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli 'iki gämä ýapyşmaly' bolýandyklaryny, emma toýlarda gazanç edip bilmeýän ýazyjylaryň köpüsiniň unudylandygyny, utulan adamlar bolandygyny öňe sürýärler.
''Agzyma keçe dykmaň'', ''Jygyllykda ýazylan kyrk goşgy'' ýaly protest goşgularynyň awtory Atageldi Garaýewiň adyny, suratyny internetde tapyp bolmaýar, emma mert adamlaryň sesleriniň kesilmegine, ýalanyň, galplygyň goldaw tapmagyna garşy aýdym aýdan ýaşlar internetde bar we olaryň diňleýjisi barha köpelýär diýip, sungat synçysy aýdýar.
Onuň pikiriçe, durmuşda ýanan liriki gahrymanyň nalasy, türme temasy 'köp adamy özüne çekýär'. Mysal üçin, ''Ejem pahyr mydam pula zar boldy, //Aglap-aglap, iki gözi kör boldy'' diýýän aýdymçyny internetde 290 müňe golaý adam diňläpdir.
''Pul ber oglum, ejeň bir ýyl ýaşasyn'' diýen aýdymy dürli-dürli aýdymçylar ýerine ýetirýär. Bu aýdymda obada ýaşaýan ata şäherde ýaşaýan baý oglundan ejesiniň saglygyna seretdirmek üçin pul soramaga baryp, yzyna boş gaýdýar. Sungat synçysynyň pikirine görä, bu aýdym döwlet eýeçiligindäki metbugatda 'satylýan bagtly durmuşy' uly sorag astyna almagy bilen tapawutlanýar we belli derejede sowet döwründe hem halkyň, hem partiýanyň şahyry bolmagy başaran Kerim Gurbannepesowyň ''Ýazmasy agyr düşen goşgusyny'' ýatladýar.
Türkmen aýdymçylary geçen asyrlarda hemişe halk bilen bile dem alypdyr we hiç wagt diňe ýokary gatlaga hyzmat etmändir, häzirki propaganda sungaty sowet döwründe döredi we ösdürildi, döredijileri senzura eleginde elemek çemeçil adamlaryň kän öňe çykmagyna, halka ýakyn ussatlaryň ýekirilmegine getirýär diýip, synçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, senzura garamazdan, ýurtdaky ahlak krizisine ünsi çekýän ýaş döredijiler bar, ýöne olaryň durmuş hakykatyny açmakda gazanýan üstünliklerine ne edebi tankyt, ne sungat tankydy baha berýär, sebäbi döwlet edebiýat, sungat tankydyny tasdan ýok edip, edebiýatçylardan, sungaty öwrenijilerden diňe propaganda makalalarynyň ýazylmagyny talap edýär.
'Gysga wagtda il söýgüsini gazanan' ýaş aýdymçy Ybraýym Ýazmyradowyň ''Bizem bolmarys'' diýen aýdymy, teswir galdyran diňleýjiniň sözlerine görä, 'ýeri başga, halka dertdeş aýdymlaryň' biri bolup çykypdyr.
'Derdiň ýok ýerinde bizem bolmarys' diýipn bir tarapdan aladasyz ýaşaýyşyň ýokdugyny boýun alýan aýdymçy, ikinji tarapdan, durmuş şertleriniň 30 ýyl bäri ýaramazlaşýan ýurdunda şert meselesini gozgaýar, 'Şertiň ýok ýerinde bizem bolmarys' diýýär.
Edebiýaty, sungaty berk gözegçilige alan, daşary ýurtlarda tankydy pikir aýdan raýatlaryny hem tutup getirýän döwletde bir ýaş aýdymçy birden, ýurtdan gaçyp gitmek isleýänleriň köpelýändigini agzaman, 'hiç kim ýok ýerinde bizem bolmarys' diýýär.
Bu hili 'batyrlygyň' sebäbi näme? Aşak basylan, kesilen sesleriň ýerini doldurjak täze nesil gelýärmi? Ýaşlar toýlardaky eklenç mümkinçiligini ýitirmekden, hatda azatlykdan mahrum bolmak howpundan gorkmaýarmy?
Sungat synçysy bu soraga 'döredijilik adamlary islese-de, islemese-de pikirlenmeli, sebäbi olar diňe häzir däl, erteki günem adamlaryň gözüne seretmeli boljagyny gowy bilýärler' diýip jogap berdi.
Onuň pikiriçe, bu aýdym adamlardaky mertligiň ýok edilýändigine, beýle ýagdaýda halkyň hem bolmajakdygyna ünsi çekýär.
''Barha är kişileň agzy gapylar,
Çynyň üsti ýalan bilen ýapylar,
Näçe ownasagam, mertler tapylar,
Merdiň ýok ýerinde bizem bolmarys...''
Internetde aýdymlaryň sözüniň ýa goşgusynyň kime degişlidigi köplenç aýdylmaýar. Ýöne awtory görkezilip okalýan goşgular hem bar.
''Gördüňmi'' atly goşguda, belki, garyp galyp, çykalgasyz ýagdaýa düşýän ýaşlaryň hal-ahwalyndan söz açylýar we ''Käte-käte adam gözläp gördüňmi?'' diýen sorag berilýär.
Bir teswirçi 'görüpdim' diýse, ikinjisi ''ýok, men görmedim'' diýip gülýär, beýlekisi ''Bu gosgy durmysdan alnan. Durmyşa gaty ýakyn, ...erbet damagymy doldurdy'' diýip ýazýar.
Sungat synçysynyň aýtmagyna görä, teswirlerde birnäçe nesliň agysyny aglaýan aýdymlar üçin minnetdarlyk bildirýän az däl.
Bapba Gökleň hem bir zaman ''adam gözledim'' diýip ýazypdy. Ol adamy köpçüligiň içinden gözläpdi, çölde gözlemändi...
Döredijileriň täze nesli, durmuşda öz ýoluny gözleýän ýaşlar, görnüşinden, bu ýagdaýy jemgyýetdäki adalatsyzlyklar, täsirli adamlaryň edýän bikanun işleri bilen däl-de, belki-de repressiýa gorkusy sebäpli, köplenç diňe ykbal, 'maňlaýa ýazylan' garyplyk bilen baglanyşdyrýarlar.
''Uniwersitetde Bäşim Şamyradowyň 20-nji ýyllaryň edebiýatyndan beren leksiýalaryny doýman diňlärdik, ol gazetde tankytlan intellektual köçeden öňünden çykanda salamlaşman gaçyp, gije ötünç sorap gaýdan ýazyjy hakynda gürrüň berýärdi, emma indi ýaş dörediji Stalin döwründe basa-baslyk bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň düşen ýagdaýyna garyplaryň hem düşendigini öňe sürýär. Garyp bolsaň, iliň salamyňy almaga hem ýaltanjakdygyny öňe sürýär. Bu jemgyýetiň garyp adamlar üçin nähili gorkunç görünýändigini yşarat edýär'' diýip, sungat synçysy aýtdy.
Şeýle-de, ol ýaş döredijileriň jemgyýetde dörän agyr ruhy krizisi görüp, köplenç jogapkärçiligi Allanyň üstüne zyňmaga çalyşýandygyny öňe sürdi.
Gürrüňi edilýän goşgynyň liriki gahrymany diňe adamlar däl, jübiň pully bolsa, itler hem saňa başgaça, gowy garaýar diýip pikir edýär.
''Jübiň pully bolsa, item topulmaz,
Ýoksullykdan başyň ýere bakmasyn...''
Gepiň soňuny diňleseň, çykalga baýlykda, köp pulda hem däl.
''...üns beriň, barlylar rahat oturmaz,//Gündiz ynjalyk ýok, gije ýatyrmaz,//Baýlygyň şertinden Alla saklasyn'' diýip, awtor haýsydyr bir aýtmasy howply şerte gelip, synçynyň pikirine görä, 'syýasy taýdan ýalňyşmazlyk üçin, hemişe dogry çykalga bolup bilmeýän şükürli bolmak ündewine ýaplanýar'.
Şükür ündewi, sabyrly bolmak Türkmenistanda dörän 'milli demokratiýany' iň goldan şahyrlaryň biri Berdinazar Hudaýnazarowyň hem esasy 'ýapyşalgasy' bolupdy we onuň ''Sabyr'' goşgusy internetde şindem öz muşdaklaryny tapýar.
Internetde ''Bizem bir gün baý bolarys, ...maşyn bilen jaý alarys'' diýip, ýanýoldaşyna göwünlik berýän, herki zadyň öz wagty bar diýýän, ýazgyda, nesibä ynanmaga çagyrýan aýdymçylar hem köp sagbol alýar.
''Bu ýaşlaryň köpüsi 80-nji ýyllarda özüne geplemek mümkinçiliginiň berilmegini sorap goşgy ýazan Bapba Gökleňiň protest goşgulary bilen tanyş däl'' diýip, sungaty öwreniji aýtdy.
Hangeldi Toýlyýewiň ''Garyplyk'' diýip atlandyran aýdymy belli bir derejede XVIII-XIX asyr şahyry Mämmetweli Keminäniň internetde köp duşýan ''Garyplyk'', ''Garyp'' goşgularyny ýatladýar. Bu goşgular sowet döwründe bolşewikleriň türkmen halkyny ýok bolmakdan gutarandygy baradaky wagyzlaryna hyzmat etdirilipdi.
''Ençe ýyllar bäri dost tutunaýdyň,
Hiç duýmadyň meniň halym, garyplyk.
Namartlaň öňünde pyçaksyz soýduň,
Rehim etmediň ýakyp janym, garyplyk'' diýip, aýdymçy Türkmenistanda uzak wagt bäri tabu bolan sosial meseleleri gozgaýar, ''Haram bilen galyp barýarlar belende, //Biz görgülä zat ýok maňlaý dere-de'' diýýär, ''Men nirde ýalňyşdym, zalym garyplyk?'' diýip, günäni öz üstüne alyp, ritoriki sorag berýär.
Sungat synçysynyň sözlerine görä, bu aýdymyň liriki gahrymany öň 'mert ýigit, gaýratly, zor, emma indi özüni tananok'.
''Iň täsin ýeri, uludan tutulýan bagt toýlarynyň arzyly wekilleriniň biri bolan aýdymçy, ''Bagty diňe kinolarda gördüm men'' diýip, işsizlik we zähmet migrasiýasy, bozulan maşgalalar... meselelerine geçýär.
Aýdymdaky protest äheňi ''Maşgaladan aýra goýduň kimleri,//Sen diýip kän kişiň göwni kineli,//Haçan bizden eliň çekjek, aýt, bileli,//Ýa ölinçäk ýoldaşmy sen, garyplyk?'' diýen soragda has açyklaşýar.
Sungat synçysy aýdymçynyň ''Mal-dünýe senlik däl, bu pikiriňden gaýt, Pul üçin däl, goý, il üçin aýdym aýt'' diýip, jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny, käbirleri ýaly, meseläni Allanyň üstüne oklamaýandygyny belledi.
Garyplyk hakynda aýdym aýdýan ýaşlaryň arasynda "Garyp bolup doglanyňa utanma, dost,
Garyplyk Alladan gelen sowgatdyr'' diýip aýdym aýdýan aýdymçylar hem bar.
Protest äňeňli aýdymlarda 'garaňky türmelerde geçirilen uzak ýyllar', çörek ýerine iýilýän otlar, goşun gullugyndaky açlyk, bütin halkdaky pul mätäçligi barada hem dymylmaýar. Ýöne ol aýdymlary diňläp çykmak, many-mazmun taýdan seljermek üçin bir däl, birnäçe sungat synçysy we kän wagt gerek.
Bize bu işde kömek eden sungat synçysy, protest äheňli aýdymlaryň aşagynda pikirlenip bilýän diňleýjileriň galdyrýan teswirlerine salgylanyp, internete dürli ýurtlardan girýän türkmenleriň 'köşk, propaganda aýdymlaryndan, gyz atlaryna düzülen sanawaçlardan, geçen asyrlardan gelýän aýdymlardan, ogurlyk heňlerden ýadandygyny, beýle kämil bolmasa-da, hakykatda täze seslere, özboluşly äheňlere garaşýandygyny' öňe sürdi.
Anonimlik şertinde gürleşýän türkmenistanlylar döwlet senzurasy sebäpli çykarylmaýan kitaplaryň sahypalarynda galýan hakykaty birnäçe setirde, birnäçe bentde aýdyp bilýän aýdymçylaryň edýän işine kembaha garamaly däl, olary bolup biljek yzarlamalardan we ar alyşlardan goramaga taýyn bolmaly diýýärler.
Beýleki tarapdan, hökümet olara hiç zat edip bilmez, aýdymçylara degmek halkdaky gahary ýokarlandyrar diýýänler hem bar. Bu hili pikirdäki türkmenler indi başgaça pikirlenýän we pikirini aýtmakdan gorkamýan türkmenistanly gaty çaltlykd köpelýär diýip ynanýar.