Halypa şahyryň deputat saýlanyşy

Bu gürrüň 10 ýyl çemesi mundan öň bolupdy we, içini döken galamdaşym ony bir gün, gyssanman, elim degende ile ýetirmegimi haýyş edipdi.

''SSSR-iň yraň atýan wagtydy... Ýokary Sowete saýlaw boldy. Bir-ä SSSR-iň halk deputatlary saýlandy, bärde-de, Türkmenistanda ýeke-täk alternatiw ýagdaýda geçen saýlawda bolsa, bir ýere hatda on adamyň hasaba alnan okruglary hem boldy. Kompartiýanyň, umuman, sözi, güýji galmandy diýsek-de ulaltma bolmaz. Türkmenistan ýaly ýerde bardy, galypdy, ýöne merkezde Kompartiýanyň hiç hili sözi ýokdy...''

Galamdaşym, eger ýazylmasa, bolan zatlaryň – taryhyň we adamlar baradaky hakykatyň ölýändigini, ýok bolýandygyny aýdyp, haýyşyny gaýtalady, sözümi gaçyrman ýaz diýdi.

''Gökdepe saýlaw okrugyndan iki adam hödürlenipdi, biri öň partiýanyň Mary oblast komitetiniň birinji sekretary bolup işlän, ýöne asly gökdepeli Çary Gijenow (ol şol wagt Aşgabada öwrülip gelipdi, ýöne obkomyň birinjisi däldi), ikinjisi – Berdinazar Hudaýnazarow, biziň sylagly halypamyz...

Gökdepede klubda duşuşyk boljak diýip çakylyk geldi. Biz ol çakylyga dört ýazyjy bolup gitdik. Berdinazar Hudaýnazarow - deputatlyga hödürlenýän dalaşgär, ýantazylar – ony ugradyjylar Täçmämmet Jürdekow, Atamyrat Atabaýew we men, ýöne meniň adymy aýtmasaň hem bolar.

Biz o ýere bellenen wagtyndan ýarym sagat, 40 minut öňürti bardyk. Täçmämmet Jürdekow öň Gökdepede partiýanyň raýon komitetinde işlän, edebiýata partiýadan gelen ýazyjydy, ‘meniň tanyşlam kän, ýygnakdan öňürtem adamlar bilen gürleşeris’ diýipdi.

Ýerbent Berdinazaryň dogduk obasy, soň özbaşyna raýon bolan hem bolsa, aslynda Ýerbent we onuň töweregiňdäki obalara Gökdepä degişli hasaplanýar. 10-12 minut bolandyr-da baryp duranymyza, klubyň daşynda gürleşip duran ýerimize bir ýaşuly adam geldi. Gele-gelmäne-de, salamlaşdy-da, Berdinazara ýüzlenip, ‘Sen Aňkar baýyň agtygy Berdinazarmy?’ diýdi.

Berdinazar bu soraga gaty begenip, ‘Hawa, men şol Aňkar baýyň agtygy Berdinazar’ diýdi.

Sorag beren ýaşuly öz-özünden gyzyp ugrady. Men onuň diýen sözünden aýyrmaýyn, diýlen söz-dä'' diýip, galamdaşym paýyş söz üçin ötünç sorady.

''Ol ýaşuly ‘Sen näme pohuňy iýip ýörsüň, meň kakam stalinçilik repressiýasynyň pidasy diýip? Seň kakaň stalinçilik repressiýasynyň pidasy däl, seň kakaň ilkinji döredilen kolhozyň dört sany bugurçysyny (ýük çekýän erkegini) ogurlap satandygy üçin türmä ugradyldy. Büý-ä bir, ikinjiden, suratyň, terjimealyň ýerleşdirilen plakat asylan eken dört-bäş ýerde, magaziniň hem penjiresine ýelmenipdir, klubyň birküç ýerinde bar. O nähili sen 27-nji ýylda doglan Berdinazar sen?’ diýip, ýaşuly sözüni dowam etdirdi. ‘Ýadyňa düşýämi?’ diýip, ol gum içindäki obalaryň biriniň adyny, pylan baý diýip, bir baýyň adyny tutdy, men ol obanyň, baýyň adyny unudypdyryn. ‘Şo baýyň öýüni tolk edip, özüni wisilke edenlerinde...’ (öý goşlarynyň konfiskasiýa edilip, özüniň sürgün edilmegini aňladýar).

''Ýaşuly demini dürsäp, gürrüňi galan ýerinden dowam etdirdi. ‘Öýi tolk edilip, wisilka ugradylanda, baýyň özüni, çagalaryny, iki aýalyny kiçijik polutorka maşynyna basyp, şol obadan (Daşly obasy diýdi öýdýän) bärligine, Gökdepä alyp gaýtdylar. Şonda maşyn bir ýerde säginende, baýyň ogly maşyndan böküp, gum içine gaçdy. Maşynda iki sany soldat bardy. Olar kabinada, şopuryň gapdalynda otyrdy. Şol iki soldata goşulyp, senem şol obaň çetinde maşyndan böken oglany kowalap başladyň. Sen şol wagt - 33-nji ýylyň gürrüňi, kelläňe gaýyş papak geýip, döşüňe-de komsomol znaçogyny dakan gözi gökje Berdinazardyň. Sen 27-nji ýylda däl, bolmanda 20-nji ýyldan aňyrda doglan bolmaly, 17-nji ýylda doglan bolmagyň hem gaty ahmal, sebäbi sen şol wagt 13-14 ýaşyňdadyň. Şol gaçan oglany soldatlar tutup bilmedi, sen tutup getirdiň maşynyň ýanyna...'

''Ýaşuly ýene bir gezek demini dürsedi.

''Soň şol oglanam maşgalasy bilen sürgüne gitdi, ýöne soň ol türmä düşdi diýen gürrüňem bar, fronta gidip, dereksiz ýitdi diýen gürrüňem bar. Sen şol oglanyň gandarysyň. Eger şol oglan agçyp gutulan bolsa, belki, galtaman bolup sypardy ýa başga bir ýurt aşardy, sürgüne gidip, beýle güne düşmezdi...''

''Ýaşuly ýene demini dürsejek ýaly etdi, ýöne basymrak aýdyp ýetişjek bolýan ýaly, gyssanyp gürledi. 'Sen, gaýtaryň bolsa gir şu kluba, menem çykyp şulary halka aýtmasam, telpegim itiň guýrugyna. Gaýratyň bolsa gir, men seniň kimdigiňi gaty gowy bilýän. Sen urşa gitmejek bolup, ýaşyňy kiçelden Berdinazar-a sen, 17-18-de doglan Berdinazar-a sen!..’

Biz aňk-taňk bolup, bir-biregiň ýüzüne seretdik. Berdinazar ‘Aý, biziň öňümizi alypdyrlar, girip, her öňýetren bilen ýakalaşyp durmalyň’ diýdi. Onsoň biz şol ýerden yzymyza, Aşgabada gaýtdyk, kluba girmedik. Şeýdip, Berdinazar öz kandidaturasyny deputatlykdan aýyrdy... Ýöne, arkasy güýçli bolansoň, deputat bolmak nesibesi bar eken. 92-nji ýylda, Gyzylarbat raýonyndan Göwher Geldiýewa, Komsomolyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Moskwa okuwa ugradyldy-da, onuň deputat ýeri boşady, Gyzylarbatdan saýlanandy ol. Nyýazow Berdinazary alyp gidiň, şoň boşan ornuna deputat saýlaň, hökman saýlanmaly diýdi.

Baryp, Gyzylarbada buklet çykardyk, halallyk hakyndaky bentlerini, ynsap bizden aýrylmasyn diýen ýaly lenç eden sözlerini ýüzümize tutduk. Raýkomyň birinjisi asly bäherdenli Aýanazar Işangulyýewdi... Hemme kömegi berdi, emma şonda-da ölümiň öýünde saýladyk. Zawraýona bardy, Kemer Hudaýberdiýew diýip, Gyzylarbadyň zawraýonasy. 11 müň adamlyk okrug, 3 müň býulleteni, Kemeriň adyny çyzyp, öňünden oklatdygam welin, şonda-da zordan 240 ses bilen aldyk deputatlygy...''

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026