Kanunlar bar adamlary,
haýwandan däl, wagşy hem aç,
oba, ilde bir-birinden,
doganyndan, dost-ýaryndan,
kesekiden goramaga
diýýärdiler, ynanýardyk...
Mesele däl o biriniň,
bu biriniň urulany,
ýenjileni, aç goýlany,
talanany köwşüne çen,
iň ýamany basgylanyp,
zorlanany, atylany...
Baýlar salgyt tölemesin,
baýasyn has beter ýene,
goý, goldasyn biri-birin,
ýa baýatjak başlyklary,
garyp beter garyp düşsün,
salgyt töläp, işläp artyk...
Ýok edildik Gazawatda,
ýok edildik Gökdepede,
duşman boldy örän hoşal,
aldyk diýip erkin halkyň,
at üstünde ýaşan mydam,
ýöne galjak ýene ýerden...
Çagaňyza okatmaň
goşgy, gazal hiç haçan,
eger bolsa gadagan,
okatmaň hiç kyssasyn
ýazyjynyň sögülýän,
gaçyp gitse yzyndan...
Iň esasy adamlary
okamakdan saklamaly,
saýlamakdan saklamaly,
okajak ýa gitjek ugrun,
goramakdan saklamaly,
öz pikirin, bähbitlerin...
Sen owadan, beýik haýat
gurdum diýip buýsanma,
göwni ýetmän güljek ýa-da
bahyllykdan öljek kändir,
belki, diýer tutsaň adam,
has owadan etjek boldum...
O bir ýurtda on bäş ýylda
onlap türme ýapylypdyr,
sebäbi ne, tussaglar az,
kapasalar boş bolsalar,
iýilmeýär bişen nahar,
jenaýat az, agyr-agyr
Adam aýtdy bu biz, şeýle,
kä aýdylýar, kä aýdylman
edilýän iş, günüň öýle,
giç bolmanka bilseň gowy
ynan ýa-da ynanma sen,
iteklenseň ýa barmasaň...
Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.
Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.
annagurban.com copyright © 2006-2026