Surat

Ýagly çörek hakykaty

Adam aýtdy bu biz, şeýle,
kä aýdylýar, kä aýdylman
edilýän iş, günüň öýle,
giç bolmanka bilseň gowy
ynan ýa-da ynanma sen,
iteklenseň ýa barmasaň,
saçak başyn goýsaň başga,
howlukmasaň, ýa utansaň,
alnan bolsa ýagly çörek,
gülýän bolsa ýeten kakmaç,
omaçalar iýlen bolsa,
paýlaşylan bolsa gowka,
bilnen bolsa haýsy malyň
haýsy ýeri süýji, gowy,
tagamlaryň tagamlysy,
ýokumlysy, jana şypa,
sürenlerden geçer döwran,
ýadar çeken keýpi-sapa,
pikir etme, garaşaryn,
sabyrly gul şat bor diýip,
ýeter gezek maňa bir gün,
ýa çagama, okadaryn,
para berip, gowy ýere
iteklärin, ýetişerler,
umyt etme, saçak başy,
doýduk diýip başga berler...

Saçak başy - oýun iş däl,
iteklenseň, tirseklenseň,
hürseklenseň, düşün, oýlan,
ahmal bolsaň borsuň bir gün
bişirilip orta goýlan,
gyzgyn ýa-da sowuk nahar,
ýa duzlanan, etme gahar,
günäsi ýok aç bolanyň,
öwreneniň bol iýmegi,
ýa içmegi, ýa guçmagy,
ýerinde goý, özüň bolsaň,
dannarmydyň iýjek wagtyň,
doýjak wagtyň, ýatmazdan öň,
ýa başynda saçagyň sen,
ýa saçakda, düşünjek bol,
batga görüp, batmazdan öň!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026