Niýet bolsa...
O bir ýurtda on bäş ýylda
onlap türme ýapylypdyr,
sebäbi ne, tussaglar az,
kapasalar boş bolsalar,
iýilmeýär bişen nahar,
jenaýat az, agyr-agyr
jeza bermek syýasaty
üýtegdilýär ýuwaş-ýuwaş,
kesilýän ýyl azaldylýar,
alternatiw jezalar bar,
niýet bolsa, netije ýar,
azaşany ýola salmak,
kömek etmek ýalňyşana,
aç, hor saklap ýok edenden,
dargydandan maşgalany,
ýetim goýup çagalary,
belki, gowy, düşünseler,
ýöne arman, bu bir ýurtda,
jenaýat kän, aç, hor millet
mejbur bolýar her bir zada,
iň esasy kanun bozýan,
basgylaýan goragsyzy,
goramaly adam gala,
gaýa bolup daşlarynda,
emma olar başga pälli,
döwlet äri bolan bolup,
saklanjak kän ýok bolýança,
iki gözi gumdan dolup...