Bendi bende

Baýlar salgyt tölemesin,
baýasyn has beter ýene,
goý, goldasyn biri-birin,
ýa baýatjak başlyklary,
garyp beter garyp düşsün,
salgyt töläp, işläp artyk,
halys bolsun, maňa näme,
maňa näme azat bazar
azat bolman, bolsun oýun,
ýetse bolýar käte jüýje,
belki, ýeter ertir goýun,
ýa-da geçi, mydar etsem,
çörek bilen sogan bolsa,
maňa näme dogan, gardaş,
ýegenlerim aç, hor ýatýar,
ol obada, bu obada
o garybyň Güni batýar,
bu garybyň Güni batýar,
ne ýeri bar adamlaryň,
ne maly bar adamlaryň,
maňa näme, hökümetiň
öldüreni, ýitireni,
türmeslerin dowzah edip,
aýdan bolsa dogrusyny,
il sylasa, gowy görse,
düzüwin däl, ogrusyny,
maňa näme, ýa ýok diýsem,
meniň işim diýsem bular,
garyp düşen, aýyplanýan,
ýa ezilýän tä ölýänçä,
hut men ýaly adam olar,
hut sen ýaly adam olar,
diýsem, dursam işe gidip,
halys bolsam ýazyp günde,
öldürseler ertir gelip,
diýjek barmy wah-eý, bende?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026