Dogry ýol

Seni müýnli, günäli
saklajak bor talaýan,
ýesir alýan ýaragsyz,
ýörjen-ýörjen günüňden,
tabyda çen goýbermän,
näme diýse, diýmese,
sen baş atyp durmaly,
ol urmaly kelläňe,
el uzatman, söz bilen,
daşdan gaty her biri,
ownuk bolup galmaly sen,
iň uşagy saýsaň iri...

Aýyply sen, bilmeýän
zatlaryň kän diýer ol,
soňky döwüm çöregiň,
çagalarym bar diýmän,
berseň sesiň çykarman,
hiç zat goýman iýer ol,
sen diýmeli ogry men,
ýaşamadym dogry men,
ol diýmeli men mamla,
seni sessiz saklamaly,
ýa gepleseň, sen ony
aklawçy dek aklamaly...

Türmä salyp, ýa-da salman,
syrtmak taşlap işigiňe,
çagalaryň bar-a diýip,
diýip biraz akylly bol,
ýa ýaragyn diräp kellä,
hak-hukugyň ogurlaýan,
goramasaň mertebäňi,
ar-namysyň näçe uzak,
şonça gurar gowy duzak...

Gora özüň, ejeň saňa
ak süýt berdi, oglum, gyzym,
ýaşa diýip adam ýaly,
ret et sen eglişigi,
kaýyllygy gara güne,
bilsin seniň diridigiň,
bir saňa däl, özüne-de
gije-gündiz salýan aly!

Olar belli, bir, iki däl,
bary müýnli saklajak bor,
dürtüp göze säwlikleriň,
adam ogly çig süýt emen,
emma bilme özüň asy,
ýalançylar, talaňçylar
näme diýmez, ýa islemez,
sen göwher diý gözleriňe,
sen jöwher diý sözleriňe,
diý men geldim ýeňiş üçin,
goramaga ezileni,
ezdirmerin özüm saňa,
her gün irden oýanaňda,
ýüzlen atyp gelýän daňa,
men müýnli däl, dogry ýolda,
diý özüňe günde, irmän,
ýykmaz kimse meni aldap!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026