Haýat kyssasy
Sen owadan, beýik haýat
gurdum diýip buýsanma,
göwni ýetmän güljek ýa-da
bahyllykdan öljek kändir,
belki, diýer tutsaň adam,
has owadan etjek boldum,
bu bir sungat, düşünmseň,
aslyşma-da düşünýäne,
ötjek boldum surat çekip,
islän wagtym, bolmaz ahyr
eýläň haýat, beýläň haýat,
bu meniňki, seniki däl,
bolmaz beýle yza galmak,
ýa gabalmak, ozal gowy,
giň jahandy, beýle däldi,
özi aýtsa, hemme gowy,
ýok dünýede ýaman pälli...