Jogapsyz sorag
Ýok edildik Gazawatda,
ýok edildik Gökdepede,
duşman boldy örän hoşal,
aldyk diýip erkin halkyň,
at üstünde ýaşan mydam,
ýöne galjak ýene ýerden,
unutmasa taryhyny,
gelinleri bir elleri
bäbäklije, ýaňy emen,
beýleki el çapylýança
ýarag tutan, ýok gül, çemen,
öň hatarda durup ölen,
gerçekleri unutmasak,
gitmelidi baky gelen...
Ol öwretdi özümizi
ýok etmegi özümizde,
öwretdi ol ogurlygy,
talamagy bir-biregi,
aldamagy öz-özüňi,
ýurdy talap, başga ýurdy,
ili talap, başga ili
talan ýaly begenmegi,
ogryň ogry bolsun ady,
ýazma oňa gyzyl haly,
utançsyzy ret et sen,
bolma onuň özi ýaly...
Basyp alan gitdi ýa-da
giden boldy güýçden gaçyp,
indi sesi gelýär daşdan,
dolanýaryn basym, garaş,
alan ýerim taşlamaryn,
boýun egseň, dyza çökseň,
uruş, gowga başlamaryn...
Bu näme üçin beýe boldy,
olar bize mynasypmy,
ýok edenler Gazawatda,
biz olara mynasypmy,
ýok edilen Gökdepde,
Aşgabatda okuw jaýyn,
obalarda mekdepleri
ikilikçi zawodyna
öwürenler medal alýar,
ýurtdan gaçýar halkyň seniň,
bu diýýärmiň maňa bolýar?