Owadan ertekiniň soňy

Kanunlar bar adamlary,
haýwandan däl, wagşy hem aç,
oba, ilde bir-birinden,
doganyndan, dost-ýaryndan,
kesekiden goramaga
diýýärdiler, ynanýardyk,
çekinýärdik soramaga...

Dil berlenmi ynanjagy,
obaly ýa okamadyk,
aldamaga, talamaga,
soň gülmäge hehe-hehe,
gymmatlyk bar, ýazylmadyk,
ýöne oýup dag daşyna
ýazylan dek, bozulmajak,
adam adam şonuň üçin,
şonuň üçin galdy diri,
gelip ýeti şu günlere,
ertekimi bu owadan,
gutardymy möhleti öň,
ýaraglaryň bolsa güýçli,
messep gerek dälmi indi,
ýa ýumursaň goňşyň jaýyn,
gazyn kesseň, togun kesseň,
aç, buýdursaň çagalaryn,
sen akylly, edenlimi,
ol alsynmy soňra aryn?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026