Taýmaz baba çukury

Iň esasy adamlary
okamakdan saklamaly,
saýlamakdan saklamaly,
okajak ýa gitjek ugrun,
goramakdan saklamaly,
öz pikirin, bähbitlerin,
aldamly, gorkuzmaly,
ürküzmeli öz-özünden,
soramakdan saklamaly,
soraglary bolsa eger,
saklamaly dogmalarda,
çünki bilim aldygyça,
gözün açýar körler kem-kem,
gulaklaryn açýar kerler,
doga kör ýa ker bolmasa,
lal bolmasa dogabitdi,
dilin açýar adam okap,
özünden öň geçenleriň,
ýanyp, känbir ýagty saçman,
ýa nur saçyp öçenleriň,
görýär gören sepgitlerin,
görýär öňün dört-bäş ädim,
görýär yzyn dört-bäş ädim,
gapdalyny, sagyn, solun
görýär adam gelejegin,
boljaklary seretmän kän,
bilýär muny basyp alan,
ýa eziji, şonuň üçin,
iň esasy okatmaýar,
eli degmez ýaly edip,
ýa okadýar başga kitap,
duzak gurýar, Taýmaz baba
çukuryna atýar ilin,
bilýär jarda guran köşgün,
goramaly nädip ýa-da
gaçyrmaly badyn siliň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026