Aşgabat Pekinden haraý gözleýär
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Oguzhan” köşkler toplumynda Hytaýyň döwlet geňeşiniň agzasy we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Meň Jaýanžu we daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin bilen duşuşdy.
Hytaýyň “Sinhua” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Meň Jaýanžu “Merkezi Aziýadaky howpsuzlyk ýagdaýynyň çynlakaýlygy nazara alynsa, Hytaý bilen Türkmenistanyň kanun goraýjy guramalarynyň mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegi örän möhüm” diýip, gepleşik mahalynda aýdypdyr.
Hytaý ministri taraplaryň Hytaý-Türkmenistan hyzmatdaşlyk komitetini terrorizme, separatizme we ekstremizme garşy alnyp barylýan göreşi mundan beýläk-de güýçlendirmekde möhüm platforma edip ulanmak, umumy ösüşe parahatçylykly şert döretmek üçin iki taraplaýyn we köptaraplaýyn howsuzlyk hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak pikirini öňe sürüpdir.
“Sinhua” habar gullugynyň prezident Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan Hytaý bilen kanunçylygy berjaý etmek babatda edilýän hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Azat Ýewropa we Azatlyk radiostansiýalarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brvus Panniýer: “Türkmenistanyň Hytaý bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy barada gepleşik geçirmegi geň zat däl, sebäbi bu ýurtlaryň ikisinde hem çalymdaş içki howpsuzlyk ýagdaýy, ilata berk kontorollyk etmek meselesi bar” diýýär.
Ýöne Panniýer bu ýerde Türkmenistanyň başga bir aladasyny, arap dünýäsinde korrumpirlenen režimlere garşy turan halk gozgalaňlary bilen bir hatarda, Owganystandaky amerikan goşunlarynyň gelýän birnäçe ýylyň dowamynda ol sebitden çykaryljagyny hem nazardan salmazlygy ündeýär.
“Owganystan sebiti soňky birnäçe ýylda belli bir derejede ümsüm boldy. Eger-de ol ýerde ýagdaý ýaramazlaşsa, türkmenlere kim kömek eder? Olaryň Orsýeti ýurda salmak islemejegi belli, Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň getirilmegi barada gürrüňem ýok. Onsoň, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy gerek bolsa, kömek üçin Hytaýa ýüzlenmeli bolar” diýip, Panniýer aýdýar.
Merkezi Aziýa ekspertiniň pikirine görä, Türkmenistanyň ilat sany özüniňkiden has kän ýurt bolan goňşy Özbegistan babatda hem aladasy ýok däl. Ol bu iki ýurduň arasyndaky serheti kesgitleýän Amyderýanyň boýunda hytaý kampaniýasynyň işledilmegini tötänlik hasaplamaýar.
Eýsem bu hyzmatdaşlykdan Hytaý näme utýar?
Synçylaryň pikirlerine görä, Hytaý öz içinde özbaşdaklyk ugrunda göreşýän etniki azlyklardan, hususan-da tibetlilerden we uýgurlardan uly alada edýär. Şeýle-de Hytaý ýurt içindäki demokratiýa meýillerinden, arap gozgalaňlaryna çalymdaş halk hereketleriniň güýçlenmeginden ätiýaçly görünýär.
Ekspertiň pikirine görä, Pekin bu meselelerde Türkmenistanyň göni goldawyna ýa ýardamyna mätäç diýip aýdyp boljak däl. Munuň üstesine, Türkmenistandan Hytaýa, öz içindäki ýaly, yslam ekstremizmi howpy hem abanmaýar. Emma Hytaý Türkmenistandan gaz alýar we bu ýurduň hem içki, hem daşky howpsuzlygy Pekiniň peýdasyna bolup durýar. Panniýer Pekiniň öz ynamdar gaz üpjünçiligi üçin Türkmenistanda durnuklylyk bolmagyny isleýändigini aýdýar.
Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistan Türkiýe ýaly günbatar liberalizmine, demokratiki gymmatlyklara eýerýän açyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga has köp ýykgyn eder öýdüpdi. Indi ýerli synçylaryň käsi Aşgabat Orsýetiň çig mal bazasy bolmasyny azaldyp, Hytaýyň çig mal bazasyna öwrüler diýip alada edýär.
Panniýer resmi Aşgabadyň Pekini özüne has ýakyn görmeginiň sebäbini hytaýlylaryň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň içki meselelerine gatyşmazlygy hem adam hukuklary, demokratiýa talaplaryny etmezligi bilen düşündirýär.
Eýsem bu hyzmatdaşlykdan türkmen halky, ýönekeý adamlar näme utar?
Azat Ýewropa we Azatlyk radiostansiýalarynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer bu iki ýurduň howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň resmi Aşgabatdaky häzirki sistemanyň entekler saklanmagyna hyzmat etjegini aýdýar.
Praga, Azatlyk Radiosy.
()