Surat

Leniniň işi

Durmuşyň manysy nobat dek uzyn,
hudaý uran ýa-da bolşewik uran,
ne ýeri bar özüniňki, adamlar,
ne suwy bar özüniňki, adamlar,
ne özi bar özüniňki, adamlar,
işlemeli işle diýse hökümet,
ýa-da işlän bolup, gülmeli ýalan,
tölän bolsa, aýlygyňy almaly,
gelmeli, durmaly nobata soňra,
çörek alyp, ýygnanmaly öýüňe,
wagtyň bolar biraz gybata soňra,
soň ýatmaly, irden gitmeli işe,
görünjek bolmaly başlyga, belki,
bagtyň çüwse, medal dakynyp döşe,
ýygnaklarda gürledilýän bolarsyň,
ýa ölmeseň, ak sakgally, çäreçi,
Hydyryň däl, işi ýaşaýar hyrsyň.


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024