“Atlananlar atasyny tananok”
(Şahyr Aman Annadurdynyñ edebi portretine synanyşyk)
Edebiýatda, şygyrýetde her hili ýol bar, ýöne ol ýollarda özüni tapýan az-da, azaşýan kän bolýar. Emma biz häzir şygyr senediniñ hupbatly ýoluna düşüp, azaşan barada däl, belki-de öz ýoluny tapan, türkmen şahyrlarynyñ iñ bir ownan döwründe ýatdan çykmajak rubagylary bilen türkmen edebiýatynyñ asyrlyk diwaryna öz adyny ýazan şahyr hakynda gürrüñ etjek bolýarys:
“Gapydan kowdular, törden kowdular,
Öýläne-de goýman, irden kowdular,
”Sesiñ sesimize meñzänok” diýip,
Gargalar bilbili hordan kowdular.”
Bu rubagyçy şahyr Aman Annadurdynyñ setirleri. Türklerde “Dogry sözlini dokuz köýden kowarlar” diýen bir söz bar. Türkmende “Dogry sözliñ dosty ýok” diýilýär. Dünýäniñ käbir halklarynda dogryñy aýdañsoñ, yzyñy garaman gaçmagy maslahat berýän nakyllar hem bar.
Eýsem, beýle ýagdaýda rubagy ýazýan näme etmelikä? Bilşimiz ýaly, rubagy edebiýatdaky aýlawly, öwrümli ýollara boýun egmeýär. Belki, rubagyda hem ýaprak hakynda gürrüñ edip, gül hakynda akyl satyp bolar, ýöne bu žanr köplenç gönümelligi halaýar. Bu hususan-da Aman Annadurdyda şeýle:
”Tanyşyn, bilişin, görenin satýar,
Haryt alyp, haryt berenin satýar,
Ol tirýek satardy Käbä gitmänkä,
Hajy bolup gelip, geroin satýar!”
Hakyky şahyr hiç wagt öz ýaşaýan jemgyýetinden üzñe bolup bilmeýär diýýärler. Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda hem tirýek, hem heroin ýurduna, hem olary üstünden geçirýän ýurda aýlandy. Elbetde, bu işiñ añyrsynda nähili güýçleriñ durandygy belli däl.
“Türkmenistanda soñky ýyllarda un, çörek, duz we beýleki harytlaryñ gytçylygy boldy, emma bir gezegem tirýek, heroin gytçylygy bolmady” diýip, ýurtda döredilen neşe bolçulygyndan habarly adamlar açyk bolmasa-da, ynamly aýdardylar. Ýogsa öñki prezident Nyýazow wagtal-wagtal içeri işler hem milli howpsuzlyk ministrlikleriniñ uly derejeli işgärlerini neşe söwdasyna ulaşmakda tankyt hem ederdi. Emma bu tankyt ne ýurtdaky neşe akymyny, ne-de barha örñeýän neşekeşligi togtatdy.
Käbir pikirlere görä, türkmeniñ tirýek tragediýasynyñ ýyl-ýyldan çuñlaşmagy hut şol “tankydyñ” problemany çözmeklige däl, eýsem “kanunlaşdyrmaga” gönükdirilmegi bilen baglydy.
Nyýazow, aýdaly, ilki öz emeldarlaryny korrupsiýa iteklärdi we soñ olary ýeke-ýekeden paş eden bolardy. Emma ol korrupsiýany azaltjak ýa ýok etjek bolmazdy, tersine, almakda we goparmakda has añryk gitjek adamlary wezipä bellärdi.
Aman Annadurdynyñ heroin satýan hajy hakyndaky rubagylary şu döwrüñ esasy sypatyny, bozuklygyñ öñünde hiç hili mukaddesligiñ galmandygyny, belki, halkyñ mukaddeslik saýýan zatlarynyñ hem ahlaksyzlygyñ hyzmatyna goýlandygyny görkezýär:
“Hany bir bakaýyn, göreýin çykýar,
Ajal hanjaryna gara gyn çykýar,
- ”Kurandan nur çykýar” diýýärsiñ, hajy,
Seniñ kitabyñdan geroin çykýar.”
Şahyrda kesgir akyl nazary bilen graždan gaýraty bolanda köpleriñ görýän we bilýän, pikir edýän, ýöne aýdyp bilmeýän zady şeýle anyk hem ýönekeý orta atylýar.
Bu ýerde aýratyn bir belläsim gelýän zat bar: il aglak, ejiz bolanda islendik gabahatlygy, zyýany kabul edýär we öz sessizligi, kähalatda açyk goldawy bilen özüni ýok edýän bela-betere kömekçi bolýar.
Emma hak şahyr bu hili gabahatlyga boýun egmeýär, ony sessiz kabul etmeýär ýa oña eñaşak giden mähelle, köpçüilik ýaly añsyz goldawçy bolmaýar. Ýöne bu dilde añsat. Nemes akyldary Artur Şopengaueriñ sözleri bilen aýdylsa, “mähellede göz, gulak bolsa-da, pähim-paýhas, huş gaty az bolýar”.
Onsoñ, tirýek hem heroin ýörişiniñ arkasynda duran “syýasata el çarpmakdan başga zada ygtyýary ýetmeýän mähälläniñ içindäki şahyryñ hal-ahwalyny göz öñüne getirjek boluñ. Muña düşündirişi ýene Şopengauerden alalyñ.
Ol “adamyñ elinden ýekelikde, öz-özlüginde gaty az iş gelýär we ol beýle ýagdaýda terk edilen Robinzondyr” diýýär.
Türkmen beýle ýagdaýda “Ýekäniñ çañy çykmaz”, “Bir gülden çemen bolmaz” ýa “Ýeke kerpiç haýat saklamaz” diýýär.
Şopengauer azaşan, ýoluny urduran mähelläniñ içindäki dogry garaýyşly adamy dogry işleýän sagatly adama meñzedýär. Emma şäherdäki hemme sagadyñ wagty üýtgedilen we olar wagty nädogry görkezýär.
Elbetde, dogry sagatly adam sagadyñ hakykatda näçedigini bilýär, ýöne mundan ne peýda? Sebäbi hemme kişi sagadyny nädogry işleýän şäher sagatlaryna deñleýär. Hatda sagady dogry işleýänler hem sagatlaryny ýalñyş şäher sagatlaryna deñlemeli bolýar. Türkmenistanda “başizm” şol ýalñyş sagat bolupdy diýsek, ulaltma bolmaz.
Aýdylmagyna görä, ýurt içinde Nyýazowdan nusga alan kiçiçik “başylar” her obada, her etrapda bar we olar türkmeni öýme-öý diýen ýaly ýer sermeden neşe fenomeniniñ diñe gurbany däl, goldawçylary hem bolup durýarlar. Bu ýagdaý bir tarapdan Karl Marksyñ “Din halklar üçin tirýekdir” diýen sözüni ýadyña salýar. Eger din tirýek bolsa, tirýek, heroin satýan dindar halk üçin nämekä? Aman Annadurdynyñ rubagylary şu soraga jogap bermegi talap edýär.
Elbetde, öñde bir şahyr aýtmyşlaýyn, şahyr hem adam. Olam iýmeli, geýmeli, güzeran aýlamaly. Ýöne rubagy güzeran aýlamak ýa bol iýmek hem gowy geýmek, baýlygyñ, puluñ bilen ile pitjiñ atyp ýaşamak üçin ýazylmaýar. Maddy baýlyga kowalaşýan galam adamy, Türkmenistan ýaly ýurtlaryñ şertlerinde, ýaşamak üçin häkimiýetlere ýarajak zatlary ýazmaga çalyşýar. Rubagy ýazyp, bol-elin gazanç etmersiñ, häkimiýetlere-de gowy görünmersiñ. Onsoñ hor bolmagyñ, daşyñ çolaryp, kyn günde galmagyñ, ejizlemegiñ-de mümkin. Muny Aman Annadurdyda hem görmek bolýar:
“...Deñziñ kenaryna zyñlan balyk men,
Bir tolkunyñ gelerine garaşýan.”
Awçylar mumyýa soran dertliniñ möhümini bitirmek üçin bir keýigi ýa dag goçuny ýeñilräk ýaralap, soñ garaba-garaba onuñ yzyna düşermişler. Ýaraly janawer uçut dag gaýalaryna ganyny sarkdyryp, dag başyna çykyp, mumyýanyñ syzyp çykýan ýerini taparmyş we ony ýalap, ýarasyny bitirermiş.
Meniñ göwnüme, il derdinden üzñe ýaşap bilmeýän şahyr hem şol ýaraly keýik kysmy bir zat. Ýöne ol öz ýarasyna däl, jemgyýetiñ ýarasyna derman gözleýär. Şu gözleg hem ony kyn ýola, hakykat dagynyñ çür başyna dyrmaşmaga iterýär. Eger Nyýazow -- “şa şahyr” döwründe agyr ruhy kesele uçran jemgyýet dertden, keselden saplanmak islese, ol köşk üstüne köşk salýan, aýal üstüne aýal alýan “baýlaryna” däl, öýkeni görnüp duran garyplaryna we şol halda hakykat ýoluna çykan şahyryna seretmeli. Ol näme üçin tolkuna garaşýar, oña düşünjek bolmaly.
Gurbannazar Ezizow “Güýçlüler aglasa ägä bolmaly, Güýçli ýöne ýere aglaýan däldir” diýipdir. Aman Annadurdynyñ ýoluna göz dikýäni, meger, şol aga – güýçli hem il derdine ýanýan ýüregiñ agysyna düşünilmegi. Emma şahyr öz iliniñ bu aga düşünerden daşdadygyny, her ýalana aw, her ýylpylda olja bolup otyrandygyny hem görmän bilmeýär:
“Her geçip gideni gazdyr öýüdýär,
Her şemal öwsende ýazdyr öýüdýär,
Bir gün depesinden birje hoz gaçdy,
Indi bar agajy hozdur öýüdýär.”
Iñlislerde “Poluñ Piter hakynda aýdýanlary, belki, Pitere garanda Poluñ özi hakynda kän zady gürrüñ berýändir” diýen söz bar. Aman Annadurdy türkmen jemgyýetindäki neşe – nadanlyk ýörişiniñ “ömürlik prezident” wagtynda aýdylmadyk, belki-de şol prezidentiñ syýasatyna daýanýan dini perdesini serpmek bilen çäklenmeýär. Ol şeýle belanyñ möwç alan döwründe öz nalajedeýinligini başganyñ gürrüñini etmek bilen ýaşyrjak bolýan, şeýle usulda özüni aklaýan ildeşleriniñ hem ýüzüniñ perdesini syrýar:
“Gurbagany uçýar diýip ýamanlar,
Pyşbagany gaçýar diýip ýamanlar,
Eger ol Hudaýyñ öýün tapaýsa,
Muhammedi içýär diýip ýamanlar.”
“Şahyr gödek bolmaly däl, gödek sözleri ýa añlatmalary ulanmaly däl, setirleriñ arkasyndan birlerine jabjynýan şahyr ozaly öz medeniýetiniñ pesdigini görkezýär” diýilýär. Ýöne bu şahyryñ aýtmaly, diýmeli sözi aýtman, diýmän galmalydygyny asla añlatmýar. Mysal üçin, şähyrlar adatça atdan, bedewden gep açýarlar. Bu bir tarapdan olaryñ owadan, asyl, hudaý tarapyn ýaradylan nepis zatlara gadyr goýup bilýändigini görkezse, ikinji tarapdan, olaryñ şygyrlary, setirleri üçin-de bezeg bolýar.
Aýdaly, çarpaýa galyp, agyzdyryk çeýnäp duran at we ş. m.-ler. Emma durmuşda diñe at däl, eşek-de bar. Adam diñe adam gylykly atlar, eýesi ölende adam kibi aglaýan ynsan gözli bedewler bilen iş salyşmaýar, belki, eşekler bilen-de iş salyşýar.
Eşek bir topar halkda, Magtymgulynyñ hem aýdyşy ýaly, ýüke werzişligiñ, jepakeşligiñ simwoly. Ikinji tarapdan, eşek kanagatyñ, kiçigöwünliligiñ simwoly bolup görünýär. Aýdaly, beýik Magtymguly “Isa karar berdiñ ýeke har bilen” diýipdir. Ýöne eşek akmaklyk, akylsyzlyk mysaly hökmünde hem kän ulanylýar. Aman Annadurdy bu meselede hem “altyn ortalykdan” urmagy başarypdyr:
“Gepleşilýän ýerde gepe düşerler,
Düşünmedik ýañsa alar, üşerler,
Eşeklerem juda akmak saýmagyn,
Eşek bolsañ, arasyna goşarlar.”
Biz Omar Haýýamyñ diniñ, hudaýhonlugyñ we o dünýäniñ, jennete garaşyp ýaşamak düşünjesiniñ üstünden gülýän rubagylaryny okap ulaldyk. Ol rubagylar, bir tarapdan, keýpbazlygyñ wagzydy, dini ideoligiýa bilen sanaşmak, dini dogmalara pitjiñ atmak ýaly bir zatdy.
Meniñ pikirimçe, rubagy aslynda çuñ pelsepe ýa-da netije žanry. Onda gysgadan manyly, gunt düşen ýaly diýilýän, jedelleşip ýa çekişip bolmajak pikirler aýdylmaly. Ýöne rubagy käte ýeñilräk, käte bolsa ýiti satira hem öwrülip bilýär. Bu iki ýagdaýy Aman Annadurdynyñ rubagylarynda hem görmek bolýar. Mundanam başga, onuñ setirleriniñ arasyndan syýasy ýañsy hem görnüp gidýär (Muña wagtynda düşünilmänligi bir gowy zat!). Eýsem “başizm” zamanynda, “şa şahyryñ” galamyny ykbaly saýan adamlary “gedaý şahyrlara” öwren wagtynda kellesine altyn taññyr geýdirilen eşek kim ýa nähili kişiler bolup bilerdi?
"Öten gyşyň sowugy ýok" diýilýär, emma köpleriň ý adyndadyr, özüni iñ belent sözler bilen öwdürýän adam telewideniýede egindeşlerine azgyrylyp, herrelip, olary hemme zatda günäkärläp, “edermenligini” tutuş dünýä göz edýärdi. Muña köpler gülki, tomaşa hökmünde garardy, ýöne ol düşünen üçin aglamaly zatdy. Şol kemsidilýän halka, söz aýtmaga, gaýtargy bermäge ygtyýarsyz adamlara dahylly bolsañ has-da beter aglamalydy:
“Eşegiñ kellesine tylladan taññyr,
Düñder” – diýip, biri aýdypdyr öñ bir,
Eýder-beýder bildir eşekligini,
Ýa gulagyn çykar, ýa elhenç aññyr.”
Meniñ pikirimçe, bu setirler “altyn asyr” döwründe geçirilen hökümet maslahatlaryndan we “ömürlik prezidentiñ” öz korrupsiýa batyran egindeşlerini ile göz edip basgylamasyndan soñ dörändir. Magtymguly “Kişini kemsiden özi näkesdir” diýipdir. Bu “näkesligi”, meger, diñe Aman Annadurdy ýaly ussat rubagyçy şeýle suratlandyryp biljekdi.
Oskar Waýldyñ (Wild) sözleri bilen aýtsak, “beýik şahyr hemişe görgürdir, ol beden gözi bilen pikirinde görýänlerinden az görer”. Şahyryñ akyl gözi bilen gören şol masgarçylygyny şu günki gün hem döwlet gurmagyñ “özboluşly ýoly” hökmünde aklaýan türkmenler duşýar. Emma, şükür, onuñ döwlet gurmagyñ däl, ýykmagyñ ýoly bolandygyna we türkmeni dünýä gülki edendigine düşünýänler hem kän.
Aman Annadurdy az, ýöne uz ýazýan şahyr. Ulaltma bolmasa, biziñ edebi neslimiz onuñ rubagylaryny gaty gowy garşylapdy. O wagt sowet döwrüdi, ýöne howada erkinlik şemaly duýulýardy. Biraz soñ Aman Annadurdy rubagylary bilen il içine – şygyrýet babatdaky “ýöntemlik bilen başa-baş söweşe” çykdy (Türkmenistanda şygyr kitaplary, asla kitap az geçýärdi!).
Ol sözüñ, şygryñ we öz-özüniñ wagyzçysydy. Emma “ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler” diýleni bolmady. Muña derek “şa şahyr” diýilýän musallat döredi. Bu musallat men diýen şahyrlary öz edebi menini, öz göreşiji gahrymanyny öz elleri bilen bogmaga, belki-de “öldürmäge” mejbur etdi. Iñ ýamany bolsa, “şa şahyr” edebi pikirlenişi, edebiýatdaky tankydy nazarýeti hem öz derejesine çenli aşak düşürdi. Bu ýagdaýda Aman Annadurdy ýaly ýiti şahyrlaryñ eserleri hakda gürrüñ etjek, olary ile açyp berjek edebiýatçylaryñ tapylmagy añsat däldi. Bu döwrüñ iñ aýylganç sypaty, Konfusiniñ sözleri bilen aýdylsa, “egriniñ dogrynyñ üstüne çykarylmagy” bolupdy. Şahyr bu döwri şeýle suratlandyrýar:
“Ýüregim bir erbet bulandy bu gün,
Göwnüm gaýga batdy, elendi bu gün,
Ak bazarda esräp duran ak iner
Eşek bahasyna dilendi bu gün.”
Bu döwri ýönekeý halk, ol ýa-da beýleki derejede edara ketdesi bolup sowet korrupsiýasyna ulaşan resmiler bilen bir hatarda bir topar añ, akyl esgeri-de dymmak, tabynlyk bilen garşy aldy. Elbetde, muny bolşewik we stalinçilik “arassalaýyşlarynyñ” gana geçen gorkusy bilen düşündirýänler hem bar. Emma gorky hemişe jan saklamaýar.
Aman Annadurdynyñ tüýs ýazjak, döretjek döwri, kämil döwri türkmen halkynda jan gorkusynyñ iñ bir ýokary derejä çykarylan döwrüne gabat geldi. Bu döwürde adamlar bir-birine esasan geplemezligi, gyra çekilmegi, busmagy maslahat berýärdiler (Netijede, Türkmeinstanda iñ çeýe, iñ akylly adam dymmagy başarýan kişi saýylyp başlandy. Adamlar toýda-ýasda hem gürlemän, başaryp boldugyça dymmaga çalyşýarlar diýip, aşgabatly kärdeşlerimiñ biri aýdýar.).
Olar şeýdip öz ýakynlaryny gorajak bolýardylar, aman galmak isleýärdiler. Belki, bu bir topar adama kömek hem edendir, ýöne ol başga tarapdan has köp adamyñ heläkçiligine-de getirdimikä diýýärin. Megerem şu sebäpden, käbirleri “Nyýazow döwründe Türkmenistanda graždanlyk urşy bolan Täjigistandakydan has kän adam heläk bolandyr” diýen pikiri öñe sürýär. Aman Amandurdy bu howply günlerde geplemezligi maslahat berenlere şeýle jogap beripdir:
“Gepleme” diýýärsiñ, men name malmy?
Öñräkden gelýändir hakykat ylmy,
Atlananlar atasyny tananok,
Atasam tananok: oglumy, dälmi…”
Şahyr Halyl Kuly özüne hem galamdaşlaryna “zamananyñ hakykatyny götermegi” sargyt edipdir. Elbetde, taryha ýüzlenip hem zamananyñ hakykatyny göterip bolýar. Ýöne rubagyçy gapydan tapsa, töre geçmeýär. Ol: “...Her öýde bir maşyn bolar öýderdik, Her öýde bir eşegaraba-da ýok” diýip, gönüsini, görýän zadyny açyk aýdýar we has añryk geçýär:
“Durmuş pelsepesi irizdi halys,
Indi ýakyn bolup görnenok alys,
Gapymyzda iki maşyn saklanýar,
Birisi tiz kömek, birisi polis.”
Sowet döwründe-de, “şa şahyr” döwründe-de türkmen protest aýdymlarynyñ ýeri oýulyp galdy. Türkmen edebiýatynda hem protest eserleriniñ ýeri gädik. Ýöne Aman Annadurdynyñ “Käbä gidip ant içip dur kezzaplar, Mekge-Medine-de oýunjak boldy”, “Telpek baryn tikdi telpek ussamyz, Indi geýer ýaly kelle tapylsa” diýýän rubagylary türkmen añynyñ protest boşlugyndaky sagdyn hem gögerjek däneler bolup görünýär. Şahyr käte gaty kesgin, onuñ guran edebi dünýäsi bolsa örän ýowuz, sebäbi ol ýerde körler höküm sürýär:
“Ýapyldy gapylar, unduldy törler,
Ýol-ýodalar ýitdi, sümsünşip ýörler,
Batyllar şährinde ýeke göz şady,
Onuñam gözüni çykardy körler.”
Elbetde, bu netije ýowuz, ýöne ol toslama däl, eýsem durmuşdan alnan. Emma, hakykatyñ hatyrasyna, Aman Annadurdynyñ öz okyjylaryny diñe ajy hakykat bilen “ýençmekden” lezzet almaýandygyny, arasynda onuñ başyny mylaýym ýumor bilen sypaýandygyny hem aýtmak gerek. Mysalmy, ine mysal:
“...Nämüçin aýallar uzak ýaşaýar?
Sebäbi olaryñ… aýallary ýok!”
Herhal, şahyram adam diýilýäni dogry. Platon “Şahyrlar özlerininň düşünmeýän beýik hem akylly zatlaryny aýdarlar” diýipdir. Rubagyçy şahyryñ käte şeýle ýiti satiradan hem ýumşak ýumordan soñ, çaga ýaly, durmuşda hemişe bolan we boljak zady özi üçin bir “açyşa” aýlandyryşyna geñ galýarsyñ:
“...Başyñ dikkä pişik bolup süýkenen
It bolup topulýar, işiñ gaýytsa.”
Rubagyçy Aman Annadurdynyñ maýmynlar hakynda ýazan dört setiri, bir tarapdan ýiti kinaýa bolsa, ikinji tarapdan onuñ biraz ýadajak bolýandygyny duýdurýar:
“Tüm deý tokaýlarda atyñ siz hallan,
Size bereketi berilen Allañ,
Goý, diýsinler geldi amatly pursat,
Eý, eziz maýmynlar, adam bir bolmañ!”
Ýöne şahyryñ Türkmenistanda, onuñ edebi dünýäsiniñ dili bilen aýtsak, “batyllar şäherinde”, Käbä gidip gelen hajynyñ heroin satýan, ata müneniñ bolsa atasyny tanamaýan ýurdunda, ne syýasy-ykdysady, ne-de medeni erkinligiñ bar ýerinde, ýalan propagandadan gerk-gäbe bolup ýaşaýandygyny unutmalyñ.
Çarlz Darwin maýmynyñ kem-kemden, zähmet prosesinde adama öwrülendigini öñe sürüpdir. Ýöne “şa şahyryñ” döwri bu meselede biraz yza gaýdyş bolana meñzeýär. Sebäbi ol özüne syýasy-ykdysady taýdan garaşly adamlary öz öñünde maýmyn ýaly bökejeklemäge mejbur etdi (Hakyky zähmet prosesi, adamy adam eden halal iş yza itilip, döwlet derejesinde wagyz edilýän aldawçylyk, “hiç bir dona bürenmeýän” ýalan öñe çyksa, bu şeýle-de bolmaly!). Ondan ötri, şahyryñ eklenç, güzeran ýa at-dereje üçin her hili peslikden gaýtmaýan adamlary görüp, maýmynlaryñ adama öwrülmezligini, şol durşuna galmagyny islemegi gaty mümkin...
(Bu makala üç-dört ýyllykda ýazylyp, käbir bölekleri "Aztlyk" radiosynda efire berlipdi. Men ony ýitirendirin öýdüp gynanyp ýördüm, golaýda kompýuterimi "ýeňledip" otyrkam, tötänden üstünden bardym we, belki, okajak bolar diýip, çap edýärin.)