“Medeniýet” şäherçesi gadaganlygy açarmy?
Aşgabadyň “10 ýyl abadançylyk” we Atatürk köçeleriniň çatrygynda gurlan täze “Medeniýet” şäherçesine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň binalary, umumy ýaşaýyş jaýlary, çagalar bagy, orta mekdebiň jaýy, köp gatly, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaý kompleksi, sport zaly we durmuş hyzmaty obýektleri girýär. Täze şaherçe, döwlet telewideniýesinde prezidente alkyşy eşitdirilen döredijilik işgäriniň sözlerinden çen tutulsa, çeper döredijilige bir itergi bolmaly.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri döredijilik işgärlerinden nägile, ol ilhalar eserleriň, söýlüp okalýan kitaplaryň, garaşylýan tele-readio gepleşikleriniň, gazet-žurnallaryň bolmagyny talap edýär. Bu talap, bir tarapdan, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň, habar serişdeleriniň garaşsyzlyk ýyllarynda çuň krizise düşmegi bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, ýurtda amala aşyrylýar diýilýän beýik özgerişleriň döwlet baştutanynyň isleýşi ýaly beýan edilmezligi bilen bagly görünýär.
Prezident özüniň döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşyklarynda öz diýýän döwrebap eserleriniň döredilmegi üçin ähli şertiň bardygyny nygtaýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanda ilatyň ýurtdaky habar gahatçylygyndan çykalga edinen çanak antennalaryny aýyrmak meselesi gün tertibinden aýrylman dur. Bu antennalar ilatyň ýerli habar serişdelerinden mazaly daşlaşandygynyň anyk subutnamasy hasaplanýar.
Türkmen režiminiň tankytçylary soňky 20 ýylyň ýalançylar üçin garaşsyzlyk, hakykatçylar üçin gadaganlyk ýyllary bolandygyny aýdýarlar. 70 ýaşy dolanda Azatlyk Radiosyna interwiýuw beren ýazyjy Tirkiş Jumageldi öz eserleriniň Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri çap edilmeýändigini aýtdy. Golaýda onuň bir romany Orsýetde çykýan “Družba narodow” žurnalynda okyjylara ýetirildi. Türkmen diliniň düşündişli sözlügi bolsa, 20 ýyl mundan ozal taýýarlanandygyna garamazdan, henizem okyjylara ýetenok. Bu ýagdaý öz ene dillerini öwrenmek isleýän türkmen ýaşlaryny baryp 1960-njy ýyllarda çap edilen düşündirişli sözlügi Internetde goýmaga mejbur edipdir.
Atlarynyň aýdylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna pikirlerini aýdýan ýerli synçylar Türkmenistanda dogruçyl, ilhalar eserleriň döremezligi ýa ile ýetirilmezligi maddy mesele, ykdysady kynçylyklar bilen bagly däl-de, syýasy çäklilik bilen bagly diýýärler. Olaryň pikiriçe, bu ýagdaý ýurduň medeni ösüşine, ruhy abadançylygyna agyr zarba urmak bilen, türkmen halkyny sebitdäki goňşularynyň arasynda pikir-düşünje taýdan yzagalak bir hala salýar.
Sowet ýyllarynda Türkmenistanyň neşirýat bazasy beýle güýçli däldi, gazet-žurnallar bir reňkde, käte gijigip çap edilerdi. Kitap neşir etmek meselesinde bolsa, Türkmenistanyň öz çaphanalary ejiz bolansoň, sowet soýuzynyň beýleki şäherlerindäki neşirýatlar bilen hyzmatdaşlyk edilerdi. Graşsyzlygyň başky ýyllarynda çap edilip başlan köp reňkli “Diýar” žurnalynyň köp sahypalary ilki Özbegistandaky, soň Türkiýedäki kuwwatly çaphanalarda taýýarlanypdy. Indi türkmen gazet-žurnallaryny we kitaplaryny ýurt içinde köp reňkli, gowy kagyzda çap etmek mümkinçiligi bar.
Indi üýtgärmi?
Emma muňa garamazdan, döwlet ýolbaşçysynyň hem gaýta-gaýta tassyklaýşy ýaly, ne gözlenip, garaşylyp okalýan original makala ýa kitap, ne-de tomaşaçylaryň göwnünden turýan gowy gepleşikler bar. Indi bu ýagdaý täze “Medeniýet” şäherçesiniň açylmagy bilen üýtgärmi?
Has anygy, türkmen döredijilik işgärleri indi sowet döwrüniň “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Gelin” filmleri ýaly kinolary, “Jan” ýaly spektakllary, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ýaly goşgulary, Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy ýaly hekaýalary döredip bilerlermi?
Bişkekli edebiýat tankytçysy Abubulla Pazylow Aşgabatda döredijilik işgärleriniň iş, durmuş şertlerini gowulaşdyrýan jaýlaryň gurulmagyny gowy täzelik hasaplaýar. Ýöne ol gowy şertleriň döredilmeginiň döredijilige hemişe itergi bermeýändigini aýdýar.
Pazylowyň pikiriçe, beýik eseri döredýän adamyň öz ykbaly, onda-da ýeňil boldmadyk ykbaly bolmaly. Ol adam jemgyýetde bolýan zatlary, halka, aýratyn alnan ýurda ýa millete degişli wakalary özüne kabul edip bilmeli, öz ýüreginden geçirmeli. Gyrgyz tankytçysy döredijilik adamynyň öz döwrüniň wakalaryny, bütin dartgynlylygy, gerimi bilen üstünden geçirip, geljek zamana galdyryp bilmegi gerek diýýär.
“Magtymgulynyň, garagalpak Berdagyň, biziň Togtagulymyzyň, beýleki meşhur klassyklarymyzyň nähili şertlerde döredenini siziň özüňizem bilýärsiňiz” diýip, Pazylow Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň pikiriçe, çäkli syýasy matlaplar, dar pikir esasynda döredilýän şertler garaşylýan netijäni bermeýär.
Daşkent döwlet uniwersitetiniň öňki professory Bahtiýar Isabekow hem gyrgyz edebiýatçysynyň pikiri bilen ylalaşýar.
“Beýik eserleriň döredilmegi hemişe maddy şertlere bagly bolmaýar, beýik eserler kynçylykda hem döredilýär” diýip, Isabekow Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol Özbegistanda döwletiň alyp barýan syýasatyna dogry gelmeýän eserleriň çykarylmaýandygyny aýdýar we, sowet döwründe senzuradan geçmedik eserler ýaly, olaryň soň çap ediljekdigini, häzir awtoritar syýasat ýöredýän ýurtlarda hem şeýle eserleriň bar bolmagynyň ahmaldygyny ýaňzydýar.
Adynyň aýdylmazlygyny soran 64 ýaşly türkmen ýazyjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda häzir beýik eserleri döretmek barada gürrüň barmaýandygyny, eýsem ynandyryjy propaganda önümlerini öndürmek şertiniň dörediljek bolunýandygyny aýtdy.
Prezident Berdimuhamedowyň ilhalar, okalýan eserler baradaky talaby Aşgabatda “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň döredilmegine sebäp boldy. Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, bu žurnalda halka hödürlenýän terjimeler il içinde höwes bilen okalýar.
Praga, Azatlyk Radiosy.
()