Tähranda surat alan türkmene 21 ýyl berildi
Eýran häkimiýetleri ýaşrynlykda sud edilen türkmen raýatyny 26 aý bäri türmede saklaýarlar. Eýran oppozisiýasynyň Kaleme.com internet saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň raýaty Çarymuhammet Myradow 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Oňa ýüklenen esasy günäleriň biri 2009-njy ýylyň prezident saýlawlaryndan soň Tähranda bolan protestleri surata düşürmek we wideo ýazgy etmek bilen bagly.
Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasy hem türkmen raýatynyň Tähranda hökümete garşy guralan protestleri surata düşüreni üçin tussag edilendigini tassyk edýär. Bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir 26 aý bäri Ewin türmesinde oturan Myradow barada bir hepde gowrak mundan öň maglumat alandyklaryny we soň bu habary Eýrandaky başga çeşmeler arkaly barlandyklaryny gürrüň berdi. Ýohan Biriň öz çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, Çarymuhammet Myradow 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, öz düşen ýagdaýy barada ýakyn garyndaşlary bilen hem habarlaşyp bilmän otyr.
Kaleme.com Myradowyň sud diňlenişiginiň bikanun, ýaşrynlykda geçirilendigini habar berýär we eýran metbugatynyň daşary ýurtly tussaglar meselesinde esasy ünsüni içalyçylykda aýyplanan amerikan tussaglaryna gönükdirendigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, yrak-eýran serhetinde tutulyp, 8 ýyl tussaglyga höküm edilen iki amerikan golaýda azat edilipdi.
Eýranyň oppozisiýa saýtynyň ýazmagyna görä, Çarymuhammet Myradow awtobusda öz halaşýan gyzy bilen barýarka Tähranyň köçelerinde bolan protestleriň birine şaýat bolýar we, beýleki adamlaryň hem köpüsiniň edişi ýaly, protestçileriň birnäçe suratyny alýar we wideo düşürýär. Eýranyň Aňtaw ministrliginiň agentleri soň bu suratlary we wideoýazgylary Myradowy “içalyçylykda” hem režime garşy “propagandada” aýyplamak üçin bahana edinipdirler. Ol şu iki aýyplama esasynda 10 ýyl tussaglyga höküm edilipdir. Mundan başga, Myradowa “bir türkmen biznesmeni bilen hemşerilik” etdi diýibem 10 ýyl berlipdir. Ol şol diýilýän türkmen biznesmenine birnäçe gün terjimeçilik edipdir. Ahyrynda Myradowyň türme tussaglygy jemi 21 ýyla ýetirilipdir.
Diplomatik tagallalar şowsuz
Azatlyk Radiosynyň Eýranyň Daşary işler ministrligine telefon edip, Çarymuhammet Myradow barada Eýran metbugatynda çykan habar bilen bagly düşündiriş almak üçin synanyşygy netije bermedi.
“Kaleme” saýtynyň ýazmagyna görä, Myradow Tährandaky Ewin türmesiniň 350-nji umumy böleginde saklanýar. Onuň sud diňlenişigini gaýtadan getirtjek bolup eden tagallalary, Tährandaky türkmen ilçisiniň aladalary hiç bir netije bermändir. Tährandaky türkmen ilçihanasy bu habar barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine düşündiriş bermekden saklandy.
Türkmenistanda geçirilýän günä geçişliklerde, beýleki daşary ýurt raýatlary bilen bilelikde, eýranly tussaglaryň hem azatlyga çykarylýany habar berilýär. Emma Türkmenistanda Eýran ýaly daşary ýurtlarda tussag edilýän türkmen raýatlary barada statistika çap edilmeýär. Ýöne 2003-nji ýylyň sentýabrynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň Eýranda tussaglykda saklanýan aýallar barada aýdan sözleri Eýranda türmä düşýän türkmenleriň az däldiginiň resmi tassyknamasy bolupdy. Ol şonda aýallaryň neşe söwdasy üçin tutulýandygyny aýdyp, şeýle diýipdi: “O taýda, iň erbet ýeri, köp aýallar bar. Näme getirýärler? Oňňun ana, 5 kilo tirýek, 600 gram geroin.”
Emma Myradow Eýranda syýasy sebäpler esasynda tussag edilen ilkinji bilinýän türkmen raýaty bolup görünýär. 1976-njy ýylda doglan Çarymuhammet Myradow Tähran uniwersitetinde syýasat ylmy ugrundan ýokary bilim alypdyr. Ol Eýranda terjimeçi bolup işlemek bilen, Türkmenistanyň we Eýranyň bilim ministrlikleriniň beren stipendiýasy esasynda, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary kollejinde diplomatiýa we halkara guramalary ugrundan magistr derejesini almak üçin okaýan eken.
Praga, Azatlyk Radiosy.
()