Surat

'Aldawyňdan aýlanaýyn, Abdylla'

Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramçylygyna, bu gezek ýurt özbaşdaklygynyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmaga taýýarlanýar, ýöne bu çäräniň ýene-de, öňki ýyllarda bolşy aýly, gazanylan diýilýän 'uly üstünlikleri' götergilemekden, saklanyp galýan agyr meselelerden ünsi sowmaga çalyşmakdan başga zat bolmagy mümkin däl.

Synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda sowet döwründe adat bolan ýalançylyk barada edilmeli gürrüňleriň edilmän galandygyny, netijede ýalan 'medeniýetiniň' has çuňlaşandygyny, halky öz ýesir düşen ýalançylygynyň 'iýýändigini' aýdýarlar.

Şu ýylyň başynda daşary ýurtlaryň birine göçen ýaş türkmen 'men ýurdumdan däl, halkymdan däl, olaryň ikisini hem menden zor bilen alan ýalandan, ýalançylykdan gaçdym' diýdi. Ol indi adamlar öz geçmişine we şu gününe açyk, il bolup baha bermek, netije çykarmak mümkinçiliginiň dörejegine ynanmaz, 'bu kyn bolar' diýdi.

1980-nji ýyllaryň aýagynda, 90-njy ýyllaryň başynda, şu gönüň gözi bilen seredilende, dekolonizasiýa meýilleri, intelligentsiýa wekilleriniň bolup geçen zatlara täze göz bilen garamak we matlaply ýoýulmadyk, 'dogry' ýa-da mümkin boldugyça töwerekleýin öwrenilen taryha eýe bolmak islegi uludy. Bu köp işden, şol sanda ýazyjy Tirkiş Jumadgeldiýewiň 1990-njy ýylda türkmençilik barada ýazan makalasyndan hem görünýär. Ol bu makalada türkmen dogruçyllygyndan söz açyp, Tejen uýezdiniň naçalnigi Mihaýlowyň türkmen daýhanlarynyň aýdan sözlerine şübhelenmeli däldigi barada aýdan sözlerini ýatlaýar.

Onuň pikiriçe, "türkmen ýesir düşüp, bäş minutdan asyljagyny bilse-de, ýalan sözlemez" diýip, olaryň, ýagny türkmenleriň "mertligini boýun almaga mejbur bolanlar az bolmandyr". Ýöne ýazyjy soňky reallyklara gelip, arassa diýip, azotly garpyz satýan daýhandan, öýde, ýedi guluň astynda gorap saklap bolmaýan goşlardan söz açýar. Gynançly ýeri, türkmen jemgyýetindäki ýalançylyk, ogurlyk 'medeniýeti' häzir 1990-njy ýyllardakysyndan has çuňlaşdy we bu ýagdaýlara medeniýetdäki çüýrükliklerden üzňe seredip bolmaýar.

Şol wagt bu başlangyç, aýdyp bolýan zatlar köpeler, ýazyjylar gerimini giňelder öýdülýärdi. Emma bu beýle bolmady, taryhçy Myrat Annanepesow ýaly adamlaryň patyşa Russiýasynyň türkmen topraklaryndaky hereketleri barada ozal aýdyp bilmedik zatlaryny aýtjak bolmagy köpelmän, kem-kemden azaldy.

Jemgyýetiň dertlerini bejermek, Magtymgulynyň setirleri bilen aýdylanda, ozaly özüňi düzetmekden, her bir adamyň özüni seljermeginden başlanmalydy. Sokrat aýtmyşlaýyn, seljerilmedik ömür ýaşanyňa degmeýärdi.

Bu adamyň tebigaty, şahyrlar, ýazyjylar her döwürde hem öz ömürlerini, başgalaryň ömürlerini seljermäge çalyşýarlar, bu käte olaryň setirleriniň arasynda, çala aýdylan, şol bir wagtda-da köp adama belli bolmadyk syr bolup galýar.

Gurbannazar Ezizowň tankytçy Abdylla Myradowa bagşlan goşgusy, megerem, adam ömri we mejbury ýalançylyk, ýalan ýaşamak endigi, "Aldamaga oglan ýagşy“ diýip, başga biri hakynda felýeton ýazan, şol bir wagtda-da öz seljerilmedik durmuşynyň pidasy bolan talantly adamyň seýrek duşýan waspy bolup galandyr.

Aldawyňa aýlanaýyn, Abdylla,
Ýoluň garap, saýlanaýyn, Abdylla,
Şu gezegem aldan bolsaň ne ýagşy,
Aldawyňdan aýlanaýyn, Abdylla!

Köp okyjy bu goşgynyň liriki gahrymanyny tanamaýar, ýöne tanaýarlar bu ýerde üýtgeşik bir zat görmeýär. Bu, bir tarapdan, döwre, adamlara düşünmek bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, goşgudaky dogruçyllygyň açýan uly hakykaty, basylyp alnan milletiň iň bir öňdebaryjy wekilleriniň biriniň seljerilmedik durmuşy bilen bagly.

Aýtmaklaryna görä, Abdylla Myradow 40 ýaşyma ýetsem, toý berjek diýer eken. Munuň sebäbi içgä urmak, ýoň bolan içmek medeniýeti bilen düşündirilýär. Bu ýerde gürrüň ol ýa-da bir adamyň içmegi barada barmaýar, tutuş bir halkyň pikirlenişine täsir eden ýagdaýlar hakynda barýar. Bu diňe Abdylla Myradowyň ýa "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy“ diýen makalasy bilen birden bar zady aýtmaga çalşan, ýöne soň başgalara puluna ylmy iş ýazyp berip, 'alym bolçulygyny’ döreden edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýewiň şahsy meselesi däl.

Abdylla Myradow barada aýdylanda, ol 'öte kän içýän' eken, öte aýalbaz' eken. Döwürdeşleriniň aýtmagyna görä, ol örän bilimli, çalt işleýän, şonuň bir wagtda-da durup, durmuşa çynlakaý garamaga wagt tapmadyk adam bolupdyr. Içgi diýlende, türkmen edebiýatynda gowy tanalan adamlaryň birnäçesi, şol sanda Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew... dagy hem ýbada düşýär. Ýöne bu bir ýa iki adamyň şahsy durmuşy hakyndaky gürrüň bolman, tutuş bir halk, onuň intellegentsiýasy hakyndaky gürrüň, aýdylmaly, aýdylyp başlanan, ýöne şol bir wagtda-da häzir aýdylmaýan zatlar bilen bagly.

Gurbannazar Ezizowyň liriki gahrymany meniň geçmişim kimkä diýip, söz oýanadyp ýa-da diňe bilesigelijikden soramaýar.

Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan,
hem gorkusy üçin çyn söze duşman?

Belki adamlar özlerini, öz kimliklerini ýitirenlerinde, jemgyýetde jogapsyz sorag köpelende şeýle soraglary berip başalaýandyrlar.

Ezizowdan öň ýaşynyň soňunda "Taýmaz baba" badyhowalygyndan çykyp, aýdaly, ozal aýtmagyň pikirini hem edip bilmedik zatlaryny, ýazyjy Ata Gowşuwoyň ýer yrananda ýiten "Permenynda" gozgan meselelerini "Parahatlyk ilçisi" poemasynda täzeçe gozgamaga çalşan Kerim Gurbannepesow bardy, Eziz hany "könäniň galyndysy" edip görkezen, ozal basmaçylar diýilýän hereketiň agzasy bolan Berdi Kerbabaew bardy...

(Dowamy bar.)


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024