GKÇP hem Türkmenistanda diktaturanyň başlangyjy
Ozalky SSSR-de totalitar režimi saklap galmak üçin edilen we GKÇP ady bilen taryha giren döwlet agdarylyşygy synanyşygyna 19-njy awgustda 20 ýyl doldy. Bu synanyşyga Türkmenistanda şol wagtam döwlet derejesinde baha berilmedi, şu günem baha berlenok. Ýöne GKÇP-niň – Adatdan daşary ýagdaý baradaky döwlet komitetiniň SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçýowyň reforma, açyklyk ideýalaryny bogmak synanyşygy, diňe SSSR-iň ýykylmagyny çaltlaşdyrman, eýsem ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen döwletiniň gelejegine hem öz täsirini ýetirdi.
Bary-ýogy birnäçe güne çeken döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň birinji çykaran kararynyň 4-nji maddasynda “ýagdaýy kadalaşdyrmaga päsgel berýän syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we halk-köpçülik hereketleriniň işiniň togtadylmalydygy” aýdylýardy. SSSR-iň ilkinji we iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýow deňiz boýundaky willasynda izolýasiýa salnypdy we, aýdylmagyna görä, onuň ýurduň ýadro arsenalyna ygtyýary hem elinden alnypdy. Gennadiý Ýanaýewiň baştutanlygyndaky dildüwşijileriň buýrugy esasynda Moskwa goşun we tanklar girizilipdi.
Ýöne onlarça müň moskwalynyň garaşylmadyk ýerden proteste çykmagy, galyberse, GKÇP-çileriň açyk iş-hereket planlarynyň bolmazlygy, olaryň buýruklarynyň hatda generallar tarapyndan hem sorag astyna alynmagy sowet totalitarizminiň gaýtadan doly dikeldilmeginiň öňüni aldy. Ekspertleriň köpüsiniň pikirine görä, GKÇP reforma ýoluna düşmäge synanan SSSR-iň ýykylmagyny çaltlaşdyrdy, emma onuň agzalarynyň öz eden işlerine ökünmeýändigi aýdylýar.
Şol günler Türkmenistanda nämeler bolupdy?
Azatlyk Radiosy bu barada gürrüňi edilýän taryhy waka ol ýa beýleki derejede şaýat bolan türkmenistanlylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.
Häzir Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally 1991-nji ýylda Kommunistik partiýanyň hataryndan çykandygyny, 19-njy awgustda özüni raýon partiýa komitetine çagyrandyklaryny ýatlaýar.
“Şol wagt Proletar raýon partiýa komitetiniň birinji sekretary Meretgül Alyýewady. Ol birsellem ýaýdanyp oturdy-da, garaşmadyk sözümi aýtdy: “Seniň partiýa bilediň mende dur. Men ony kadrlar bölümine tabşyrmadym. Bilip bolmaz, bir bulaşyklyk bolaýsa, gelip menden partiýa bilediňi al” diýdi.
Hudaýberdi Hally ol wagt GKÇP-den habarsyz eken we şu sebäpden arkaýyn gürläpdir. Ol: “Men ony almak üçin tabşyrmadym” diýip, sekretaryň ýanynda çykyp gaýdypdyr. Soň ol öýe gelip, GKÇP habaryny eşidýär we partiýa guramasynyň sekretarynyň täze tutha-tutluklaryň bolmagyndan ätiýaç eden bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýar.
Şol wagt türkmen parlamentiniň deputaty we Gyzylarbat şäher geňeşiniň başlygy bolan Halmyrat Söýünow 19-njy awgustda türkmen metbugatynyň GKÇP-niň kararlaryny ile ýetirendigini ýatlap, 22-sine gije eýýäm bu kararlaryň ýatandygyny, emma şol döwürde birnäçe gün türkmen döwletiniň ýolbaşçylarynyň öz wezipesini ýerine ýetirmändigini aýdýar.
“23-i, 24-i, 25-i, 26-sy Türkmenistanda hiç bir hökümet ýa döwlet edarasy işlemedi, diýmek döwleti dolandyran adam bolmady” diýip, Söýünow aýdýar. Ol şol wagt prezident Saparmyrat Nyýazowyň nirede ýatanyny, nirede gizlenenini adam bilenokdy diýýär we onuň 18-nji awgustdan awgustdan başlap, 27-nji awgusta çenli, 9 günläp öz borjuny ýerine ýetirmändigini belleýär.
Halmyrat Söýünow öz aýdýan zatlaryna şaýadyň kändigini, şol günler Gyzylarbatdan Prezident köşgüne, Ýokary sowete, Ministrler sowetine näçe gezek jaň edendigini, emma trubkany alan adamyň tapylmandygyny aýdýar. Söýünow ahyry 21-ne ýa 22-sine Waleriý Georigiýewiç Otçersow bilen gepleşendigini, onuň şol wagt Ýokary sowetiň başlygynyň orunbasary bolandygyny ýatlaýar. Otçersow Söýünowyň GKÇP-ä jogap bermek barada beren soragyna “birki gün garaş” diýip jogap berýär, “Hany, Nyýazow nirede?” diýen soragyna bolsa,“bilemok” diýýär.
Söýünow özüne Aşgabatdan 26-njy awgusta çenli hiç kimiň jaň etmändigini, onsoň intellegensiýa wekilleriniň Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde miting gurajagyny eşidip, paýtagta gelendigini we owgan urşunda bile söweşen ýoldaşlary, deputat kärdeşi bilen mitinge gatnaşyşyny gürrüň berýär.
“Owgan urşuna gatnaşan esgerler birleşiginiň prezidium agzalary gatnaşdy, men geldim, Ýokary sowetden kärdeş ýoldaşym, ýaşy kiçi hem bolsa, kanunçylyk boýunça halypam Geldimämmet Igdirow gelip, meniň bilen çykyş etdi” diýip, Söýünow aýdýar.
Söýünow mitingde çykyş eden intelligensiýa wekilleriniň köpüsiniň, şol sanda özüniň GKÇP-ni ýazgarandygyny, Nyýazowyň hökümetiniň bolsa, GKÇP-äni goldany üçin işden çekilmegini talap edendiklerini, şu talap ýerine ýetýänçä diýip hem, Igdirow bilen bile açlyk yglan edendiklerini aýdýar.
Gepiň gerdişine aýdylsa, Nyýazowyň ýakyn egindeşleriniň biri bolan we soň türmä basylan Batyr Sarjaýew şol mitingde hökümetiň tarapyny tutup çykyş edipdi.
Mitingden soň açlyk yglan eden iki deputat, intelligensiýa wekilleriniň ugratmagynda, berk ýaraglanan howpsuzlyk işgärleriniň halkasyny böwsüp, Magtymgulynyň heýkeliniň ýanyndan parlament binasynyň, Ýokary sowetiň jaýynyň öňüne çenli ýöriş etdi. Söýünow bilen Igdirow şol ýerde, “Agzybirlik” hereketiniň lideri Nurberdi Nurmämmedowyň getiren keçesidir halyçasynyň üstünde oturyp, açlyga başlady.
Açlyk nähili tamamlandy?
Söýünow bu soraga şeýle jogap berdi: “Ilki bilen Geldimämmedi äkitdiler, kakasy gelip, “meni sylamasaňam ejeňi syla, öýde ýüreginden tutup ýatyr” diýdi”. Ol deputat ýoldaşyna özüniň rugsat berenini, protest hemişe tapylar, eje tapylmaz, birden bir bolmasy zat bolsa ömür ökünip geçmeli bolar diýenini ýatlaýar. Şol gije intelligensiýa wekilleri ol ýerde gezegine nobatçylyk çekýärler. şaýatlaryň aýtmagyna görä, gije sagat ikilerde Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Daňatar Köpekow gelip, H. Söýünowa töwella edýär.
Halmyrat Söýünow ertesi irden ýanyna Ministrler sowetiniň başlygy Han Ahmedow bilen Waleriý Otçersowyň gelip, “Seni Nyýazow çagyrýar” diýip, özüni prezidentiň ýanyna alyp gidendiklerini ýatlaýar.
“Bärden baramyzda Nyýazow aglap aýtdy, şumjurap, maňlaýy gara der, “Men edemok şu işleri Halmyrat jan, Sähet Nepesowiç etdi” diýdi. Söýünowyň aýtmagyna görä, Nyýazow oňa Ýokary sowetiň başlygy Sähet Nepesowy indiki sessiýada işinden aýyrmagy wada berýär, özüniň hassa bolup, derman içýändigini aýdýar. Söýünowyň Nyýazowy soňky görşi şol bolýar.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şol günler Nyýazowyň öz wezipesini ýerine ýetirip bilmändigi baradaky pikirler bilen ylalaşmaýar. Ol GKÇP-niň bolanyny 20-nji awgustda Saparmyrat Nyýazowdan eşidipdir. Bugaýew şol gün irden, sagat 8-den işlände, döwlet ýolbaşçysynyň çakylygy bilen baryp, prezident bilen iki sagat çemesi gürrüňleşendigini, onuň “bizde intellegensiýanyň ýagdaýy nähili, bizde şu zatlaryň dowamy bolup bilermi?” diýip, özi bilen pikir alşandygyny aýdýar.
Bugaýew “Nyýazow gaçdy, bukuldy, Nyýazowyň nirdedigini hiç kim bilenok” diýýänler bolmadyk zady bolan edip görkezmäge ýykgyn edýär diýip düşünýär. Onuň pikiriçe, GKÇP döwründe özlerini “demokrat saýýan” türkmenistanlylar juda passiw hereket edipdirler .
Ýöne ol Nyýazowyň şol wagt SSSR-iň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji bolan G. Ýanaýewiň özünden öç almagyndan alada edendigini, ýagny öz şahsy howpsuzlygy barada pikir edendigini sözüniň üstüne goşdy. Nyýazowyň şol duşuşykda Bugaýewe aýtmagyna görä, ol TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna bellenen wagtyndan kän wagt geçmänkä Türkmenistan profsoýuzynyň başlygy Işangulyýewany işden aýyrmak meselesini gozgapdyr.
Şol wagt Ýanaýew SSSR profsoýuzlarynyň bütinsoýuz guramasynyň sekretary bolup, türkmen profsoýuzlarynyň Aşgabatdaky plenumyna gelende Nyýazowdan Işangulyýewany işinden aýyrmazlygy sorapdyr. Emma Nyýazow Işangulyýewa başga iş berýändiklerini, eger talaby ödeýän bolsa, ony Moskwa, profsoýuzlaryň bütinsoýuz guramasyna işe alyp biljekdiklerini aýdypdyr. Nyýazowyň Bugaýewe gürrüň bermegine görä, Ýanaýew onuň bu sözlerini gaty görüpdir. Nyýazow “men onuň şondan bäri içinde kitüw saklaýandygyny bilýärin” diýipdir.
Bugaýew Nyýazowyň iş otagyndan çykanda kabulhanada şol wagtky prezident geňeşiniň agzalaryny, daşary işler ministri Abdy Kulyýewi, içeri işler ministri Serdar Çaryýarowy, şol döwürde ideologiýa ýolbaşçysy bolan Geldimyrat Nurmuhammedowy we beýlekileri görendigini, olaryň özi çykandan soň Nyýazowyň kabinetine girendigini, emma ol ýerde bolan gürrüňden özüniň bihabardygyny aýdýar.
Şol wagt Türkmenistanyň Döwlet üpjünçilik komitetiniň başlygy bolup işlän, häzir bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň tassyklamagyna görä, Nyýazow GKÇP günleri Moskwadan gelýän buýruklara doly tabyn bolupdyr.
“Bir gezek Nyýazowyň kabinetinde otyrkam telefon jyrlady, ol trubkany alyp: “Hä jenap Ýanaýew” diýip, oturan ýerinden lokga galdy” diýip, Hanamow ýatlaýar. “Biz ýagdaýy eşitdik, diňleýäs, bärden arkaýyn bolaýyň, hemme zat gülala-güllük bolar, goldarys sizi” diýip, Nyýazow gürrüňini gutaranynydan soň ýerinde oturyp, uludan demini aldy-da: “Bular ýaly ýagdaýda nähili özüňi alyp barjagyňam biler ýaly däl-aý” diýdi”.
Amanmyrat Bugaýew prezidentiň özi bilen gysga wagta ikinji gezek, 21-nji awgustda hem ikiçäk duşuşandygyny aýdýar. Nyýazow bir gün öňki gürrüňini dowam edip, ondan “Biziňkiler ýöne şeýder dymar otyrlarmy, sen şuňa nähili seredýäň?” diýip sorapdyr. Bugaýew bu soraga “biziňkiler uruş gutarandan soň batyr bolar” diýen manyda jogap berendigini, diýşi ýaly, türkmen intellegensiýasynyň diňe 27-nji awgustda miting edendigini we özüniň ol ýere hiç tarapa goşulman, diňleýji bolup barandygyny aýtdy.
Diktaturanyň döreýşi
Bugaýewiň pikiriçe, şonda mitingde demokrat hökmünde öňe çykanlar bir ýyl geçip-geçmän Nyýazowyň diktaturasynyň döremeginiň awtorlary boldular.
Halmyrat Söýünowyň pikiriçe, şol mitingde çykyş eden adamlar soň döwlet maşyny tarapyndan berk gysaja salyndy, olaryň häkimiýetler tarapyndan soraga, söhbetdeşlige çagyrylanlary-da, uly basyş astynda pikirinden-pozisiýasyndan dänenleri-de, syýasatdan çekilenleri-de, şol bir wagtda öz pozisiýasynda berk duranlary-da boldy.
“Bärde iki ýagdaý boldy: öz demokratik prinsipinde duran adamlaryň iýeni taýak boldy şol hökümetden, käsi ýurdy terk edip çykmaly boldy. Käsi ýurtda galdy, olaryň ne ady çykdy, ne kitaby, ol adamlar diriligine çüýredildi” diýip, Söýünow aýdýar. Ol heýkeltaraşlardan başlap, Nyýazowa ýaranjaňlyk edip, onuň heýkelini dikenleriň hem, goşgy goşanlaryň hem bolandygyny, birnäçesiniň bolsa “Ruhnamany” ýazyp berendigini öňe sürýär.
Bugaýew Nyýazowyň 20-nji, 21-nji, 23-nji awgustda iş ýerinde bolandygyny tassyklamak bilen, Ýanaýewiň oňa jaň edeninden habarlydygyny aýdýar. Onuň maglumatyna görä, Nyýazow Ýanaýewe SSKP MK-nyň Moskwada geçirmekçi bolan adatdan daşary plenumyna Mary obkomynyň birinji sekretary Gurban Orazowyň baştutanlygynda delegasiýa ibermek barada umumy wada beripdir, emma beýle delegasiýa ugradylmandyr.
Bugaýewiň hasabyna görä, Nyýazowyň şol günler oňa Garaşsyzlyk jarnamasy barada telewideniýede halka gutlag bilen çykyş etmegi tabşyrmagy hem türkmen hökümetiniň garaşsyzlyk, özbaşdaklyk syýasatyna ygraraly galandygyny tassyklaýar. “22-nji awgust Türkmenistanyň Garaşsyzlyk jarnamasynyň kabul edilen günüdi, Nyýazow 21-inde bolan duşuşykda menden bu jarnamanyň bir ýyllygy mynasybetli telewideniýede çykyş etmegi sorady” diýip, ol aýtdy.
Bugaýew şonda, Garaşsyzlyk jarnamasynyň bir ýyllygy mynasybetli, Ýazyjylar soýuzynyň uprawlenisiniň sekretary hökmünde halka gutlag bilen çykyş edipdir. Onuň pikiriçe, bu Türkmenistanyň Moskwadan ösen şemalyň ugruna gidip, öň kabul eden Garaşsyzlyk jarnamasy hakynda dymmandygyny aňladýar. “Dogry, Nyýazow köçä çykyp, miting geçirip, “Ýaşasyn Sowet Soýuzam” diýmedi, ýa “Ýaşasyn demokratiýa-da” diýmedi, ol ýurdy iş kabinetinde oturyp dolandyrmagyny dowam etdi” diýip, Bugaýew nygtaýar.
Bugaýewiň pikiriçe, ýurtda demokratiýany bogmak soň başlandy, ýagny “demokratsyraýanlar, Magtymgulynyň heýkeliniň gapdalynda “Ýok bolsun Nyýazow” diýip gygyranlar bir ýyl geçip-geçmän ýurtda diktutarany kemala getirdiler, olaryň syýasy şowakörlügi Nyýazow üçin, diktutura üçin uly ýarag boldy.”
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Nyýazow Gorbaçýowyň aç-açanlyk reformalaryna, halk hereketleriniň, dürli syýasy partiýalaryň döremegine, garaşsyz metbugata turuwbaşdan, dürli ýollar bilen garşy durupdy we bu işde döwlet maşynyny, öz ygtyýarlyklaryny bikanun ulanmagy kada edinipdi.
Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Nyýazow öz kultuna päsgel berjek adamlary ýanamak, işden aýyrmak, olara her tarapdan basyş etmek, has çekinenlerini daşary ýurtlara ilçi edip ibermek ýaly usullardan başlap, elinde bolan ähli güýji demokratiýa, azatlyk meýillerine, pikir dürlüligine garşy ulandy.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Nyýazowyň “Ýaş kommunist”, “Edebiýat we sungat” gazetlerini, “Sowet edebiýaty” žurnalyny jylawlamak, täze döreýän garaşsyz neşirleriň öňüni almak ugrunda eden tagallalary, intelligensiýanyň aglaba böleginiň dymmagy netijesinde, diktaturanyň peýdasyna gutardy. Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsaparyň pikiriçe, 1991-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň soňky gurultaýynda türkmen ýazyjylarynyň gaýtadan dikeldilýän senzura hakynda dymmagy hem Nyýazow režiminiň we abanyp gelýän diktaturanyň uly utuşy boldy.
“Şol gurultaýda ýazyjylar köplenç öz şahsy durmuşlary hakynda, öz bähbitlerini arap gürrüň etdiler hem-de töwerekleýin, bolup geçýän wakalara göz ýetirip, halkyň aladasyny etjek kanunlary kabul edip bilmediler” diýip, Welsapar Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Şol zalda oturyp, içgin synlasaň, onda şol ýygnagy alyp baran adamlar hem-de bütin ýazyjylar guramasynyň ýolbaşçylygy eýýäm biziň arkamyzdan hem Nyýazow bilen, hem hökümet bilen, geljekde halkyň boýnundan towky bolup injek režim bilen şol wagt separat ylalaşyklary baglaşan ekeni” diýip, ol aýdýar.
Magtymgulynyň heýkeliniň gapdalynda GKÇP-ni ýazgarmak mitingine gatnaşan intelligensiýa wekilleriniň biri bolan Hudaýberdi Hallyýew GKÇP-niň türkmenler üçin 20 ýyl soňam sowulmandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, Nyýazow aýratyn alnan bir respublikada GKÇP-niň maksatlaryny doly amala aşyrdy we onuň bu işi häzirki ýolbaşçylar tarapyndan hem dowam etdirilýär.
Praga, "Azatlyk" radiosy.
()