Açylýan diller açyljak ýoluň buşlukçysy bolup bilermi?

‘Telefon dostlarymyň’ biri golaýda türkmenleriň sosial mediadaky işjeňlikleriniň ýurtdaky özgerişligiň ‘özboluşly buşlukçysy’ bolmak ähtimallygyny öňe sürdi.

Onuň pikiriçe, soňky birnäçe ýylda türkmen dilinde çap edilýän sesli kitaplaryň, wideolaryň sany görnetin köpeldi, olaryň mazmunlary hem dürli-dürli. Ikinji tarapdan, bu wideolar, olardaky tendensiýalar, “halka ýakyn” bolmak meýilleri, professionallyga bolan ymtylyş, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň “birsydyrgynlygyndan”, “ýadadan propaganda köpsözlüliginden” tapawutlylykda, ýaş adamlarda has kän gyzyklanmaga döretjege meňzeýär.

Ýerli synçy bu işjeňligiň sosial mediany esasy platformasy hökmünde ulanyp, öz seslerini eşitdirjek bolýan aktiwistlerden, raýat jemgyýetiniň wekillerinden ýa hökümet tankytçylaryndan başga, türkmen režimine “garşy gitmän garşylyk görkezýän” adamlary hem öz içine alýandygyny aýtdy.
Türkmen dilinde iňlis dili sapaklaryny çap edýän türkmenistanlylardan başlap, daşary ýurtlara okuw, iş wizalaryny almak kömegini hödürleýän bloggerler, olaryň daşary ýurtly bloggerlerden alýan täsirleri we jemgyýetdäki isleglerden, talaplardan ugur alyp edýän ýa etjek bolýan işleri türkmen hökümetiniň “Watan” habarlar programmasyndaky ugurdan başga ugry, dünýä garylyp-gatylmak, hakyky bazara, deň mümkinçiliklere geçmek ugruny salgy berýär.

Mysal üçin, özüni Atçapar diýip atlandyran bir ýaşuly Tejende köpçülikleýin ýaşaýşyň başlanmagyna sebäp bolan waka, düme ekilen gawun, garpyz hasylyny ýygnamaga gelen adamlaryň biriniň gije telärden ýykylyp, syrtlanlara “aw bolşy” barada gürrüň berýär. Başga bir ýaşuly bolsa, “giýew” we “köreken” sözleriniň manysyny düşündirip, “köreken” sözüniň öz maşgalasyny ekläp bilmeýän erkegi aňladýandygyny öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, ol ýurtdaky işsizligi inkär edip, “gaňňa ýasasaň hem iş” diýen ýaly tutarygy, ös düşünjesiniň derejesindäki bir delili, belki-de, özüne gorag hökmünde ulanmaga çalyşýar.

Soňky döwürde sosial mediada peýda bolan wideosöhbetdeşliklerde, gysga filmlerde ýa sahnalarda ýurtdaky “bagtly durmuş” tassyklamaýan meseleler, mysal üçin, toý bagşylarynyň agyr neşekeşligi, soňky döwürde köpelen miras dawasy we beýlekiler hakynda gorkarak hem bolsa, gürrüň gozgalýar. Ýalançylygy, töhmet atmagy, paýyş sözleri ulanmagy halamaýandygyny aýdyp, jemgyýetdäki fiziki, ruhy sagdynlygyň gürrüňini edesi gelýän adamlar, ruhy göýdüklige garşy durmak meýillerini duýdurýan döredijilik wekilleri köpelýär diýip, synçylar aýdýar.

Ýöne türkmen bloggerleriniň arasynda sowet döwründen gelýän pursatparazlyk, ylalaşyjylyk pozisiýalaryna ýapyşyp ýatan adamlar hem az däl diýip, Ýewropada ýaşaýan bir türkmen bu ýerde entek “geçilmeli ýoluň uzakdygyny” belledi.

Onuň pikiriçe, birinjiden, türkmen-sowet şahyrlarynyň kommunistik partiýa ýaýaplap ýazan goşgularyny gaýtalap, bu günki režime hyzmat etmek gerek däl.

Aýdaly Kerim Gurbannepesowyň "Döwür beýle däldir” goşgusy, Berdinazar Hudaýnazarowyň hemme zadyň ýerbe-ýer boljakdygyny aýdyp, gyssanmazlyga çagyrýan goşgusy pikirlenmäge, gözlemäge däl-de, ýaşlary häzirki çäklendirmelere çydajak bolmaga, kaýyllyga itekleýär.

“Göz öňüne getiriň, siz köne sowet maşyny bilen uly ýola çykdyňyz, başga bir köne ýük maşyny öňüňizi kesip, öňe geçýär-de, size ne eýlesinden, ne beýlesinden ýol berýär. Mundan öňki iki türkmen hökümeti şol köne ýük maşyny bolup, türkmenleri ýoldan saklady. Indi olar maşynly, tigirli ýa-da pyýada, döwletiň döreden emeli päsgelçiliklerinden aýlanyp, öz ýollaryny dowam etdirjek bolýarlar, bu internet arkaly telekeçilik etjek bolýan, ol ýa-da beýleki ugurda pikirlerini aýtjak bolýan ýaşlaryň barha köpelmegine getirýär, olaryň derejeleri dürli-dürli, bu şeýle hem bolmaly” diýip, anonimlik şertinde pikirini aýdan aşgabatly ýazyjy sosial mediadaky türkmen özgerişligine umuman pozitiw garaýandygyny belledi.

Emma ýurtda edebi tankydyň, sungat tankydynyň, dürli ugurdaky çekişmeleriň uzak wagtlap ýatyp galmagy bilen, sosial mediadaky gözlegleriň mümkin bolan netijeleri barada töwerekleýin, esasly we anyk gürrüň edýän adamlaryň tasdan bolmazlygy ‘çäjiň harpykdan saýlanmagy meselesinde köp sorag döredýär.

Esasy oňynlyk YouTube kanalyndaky işjeňlikleriň güýçlenmeginde, ozal “baky beýik” ýa-da “şa şahyr” diýlip ýaňsylanan, soň has kän lakam bilen tanalan ilkinji we ikinji prezidentleriň dar sowet garaýyşlary astynda uzak wagt basylyp saklanan ýaş adamlar, hatda 40, 50 ýaşly adamlar hem diýdimzor, gözden düşen režime hyzmat edip ýa gorkup, özlerini “açman” oturmak islemeýär, bir zatlar etmäge synanyşýar diýip, Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmen aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu ýerde birnäçe faktor bolup, olaryň ählisi, beýleki halklaryň, hususan-da türki halklaryň wekilleriniň internetdäki işjeňligi, iňlis dilini bilýän we her hili “özkömek” kitaplarynyň mazmuny, podkast gepleşikleri, dürli bloggerleriň, aýdymçylaryň çykyşlary bilen tanyş bolan ýaşlaryň köpelmegi, galyberse, ýurtdaky agyr ýagdaý, garyplyk, çykalgasyzlyk basyşy gutulgysyz özgerişlige alyp gelýär.

Saparmyrt Nyýazow döwründäki neşekeşlik we neşe söwdasy, Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe köpelen arakhorlyk we korrupsiýa, dürli jenaýatlara ýüz urmak we öz düşen agyr ýagdaýyňy türme, tussaglyk ýa bergä batmak bilen has-da agraltmak, ýa bolmasa, düýpli bilim almaga derek diplom, wezipe satyn alyp, uly işgär bolup, soň, käbir ýolbaşçylar ýaly, hökümet mejlisiniň zalyndan kowulmak ähtimallygy köp adam, eger alsalar, uly sapak diýip, 35 ýaşlaryndaky türkmen ýigidi aýtdy.

Onuň pikiriçe, “häzir hökümet işine barman, iş öwrenip, haýsam bolsa bir ugurdan tapawutlanmak, görelde bolmak, il içinde gorkulýan däl, sylanýan adam bolmak isleýän ýaşlar köpelýär”.
Ol bu sözüni sosial ulgamlarda barha kän meşhurlyk gazanýan ýaşlaryň mysalynda delillendirdi, ýöne biz, zyýan ýetmezligi üçin, ol ýaşlaryň atlaryny agzamazlygy makul bildik.

“Bir zaman türkmen ýaşlarynyň köp girýän “Ertir.com’, “Talyplar.com’ web sahypalarynda ýaş nesilleriň admin bolmak islegi ýa meýli köp göze ilýärdi, indi hemmeler blogger bolmak isleýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan 45 ýaşly telekeçi hem türkmenlere ‘blogçy bolmak keseliniň ýokuşandygyny’ tassyklady.

Onuň pikiriçe, internet mümkinçilikleri ulaldygyça, sosial ulgamlaryň, halk arasynda giňden tanalmagyň, hakyky at-abraýly adam bolmagyň berip biljek mümkinçilikleri bilen gyzyklanýan, kän pikirlenýän we kän gözleýän ýaşlar köpelýär.

“Bagtym ýokdy welin, betbagtlygym kömek etdi” diýlişi ýaly, döwlet senzurasy, türkmen döwlet metbugatyndaky dar galyplar, gadaganlyklar we soňy gelmeýän çäklendirmeler adamlary başga ýurtlaryň durmuş tejribelerini öwrenmäge itekledi, hususan-da türk, azeri, özbek, rus telekanallaryna tomaşa edýän, özüne gerek maglumatlary daşardan gözleýän ýaşlar köpeldi. Olar beýleki ýurtlarda bolýan özgerişleri, ýönekeý adamlaryň edýän işlerini görüp, köp zat öwrenýärler, Türkmenistanyň şertlerinde, korrupsiýa çümen resmiler bilen çaknyşman edip boljak işleri gözleýärler” diýip, özüniň 30 ýaşly türkmenleriň wekili diýip atlandyrylmagyny soran aşgabatly ýigit, günbatar ýurtlarynyň birinde ilkinji aýlygyndan satyn alan telefonynda gürleşende aýtdy.

“Sowet ýyllarynda we biraz soň gowaça meýdanlarynda suw tutup ulalan ýetginjekleriň hemmesi bilýändir, suwuň gaçýan pes ýerlerine bajaw basyp, ol bajawa berk esewan bolsaň, suw çişip, kem-kemden beýik ýerlere hem çykýar. Ýöne suw güýçli bolsa ýa-da kesilmän, az-azdan gelse, ony ne bajaw, ne-de böwet saklaýar. Ol öňünde näme bolsa böwsüp, syzyp, syzan ýerini ulaldyp, opuryp, geçip gidýär, türkmen durmuşy hem şonuň ýaly” diýip, ýerli synçy, 70 ýaşly söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, sowet, kommunist döwrüniň dar galyplaryny saklajak bolmak manysyz, bu gaýtam öňi baglanan akymyň kem-kem güýçlenip, ahyrynda birden uly böwsüş etmegine alyp geler.

“Meniň pikirimçe, gelýän 5-6 ýyl içinde Türkmenistanda uly özgerişlikler bolar, bu özgerişligi hökümet etmez, halk, hususan-da ýaş nesiller eder” diýip, dynç alyşdaky söhbetdeşimiz ozal beýle umydynyň bolmandygyny, ýöne häzir, agtyklary bilen gürleşip, olaryň güýjüne, akylyna barha kän ynanasynyň gelýändigini gürrüň berdi.

Şu aralykda, problemasyz, sowet döwründen miras alnan “gül ýalag-a gül ýalak” metbugatynyň galyplaryna sygmaýan ýaşlaryň sosial ulgamlarda çap edýän söhbetdeşlikleri has janly, has baý we has halka ýakyn bolmakda ‘ýaryşýana’ meňzeýär.

Mysal üçin, bir aýdymçy bilen guralan söhbetdeşlikde “altyn asyr” diýilýän döwrüň agyr durmuşy, garyplyk boýun alynýar. Aýdymçy öz maşgalasynda çörek pulunyň hem uly mesele bolan wagtlarynyň bolandygyny, şol bir wagtda-da adamlardaky ikiýüzlüligi, ýalançylygy, töhmetçiligi halamaýandygyny gürrüň berýär.

Eger-de ‘ähli jenaýatyň enesi garyplyk’ diýen pähimi nazara alsak, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda adamlar mätäçlik, kanunlaryň işlemezligi, iň ýokary derejeli resmileriň ýüz uran jenaýatçylyklary, ýurduň ýapyklygy sebäpli, juda agyr maşgala betbagtçylyklaryna sezewar boldular. Eger-de sosial media işjeňlikleri güýçlense, çuňlaşsa, adamlar bolan zatlar barada, anyk adamlaryň ykballary barada wideo söhbetlerini, geljekki nesilleriň beýle ýagdaýlara düşmezligine kömek etjek çeper eserleri köpeldip, özlerine has uly kömek ederdiler diýip, beýleki bir söhbetdeşimiz aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, sowet döwründe terbiýe alan we soňky ýetişen döredijilik adamlarynyň arasynda, hökümete ýaranmak, şahsy bähbit üçin, “gara sanawdaky” adamlara garşy guralan metbugat, sosial media hüjümlerine gatnaşyp, hiç bir ýalançylykdan, töhmetden gaýtmadyk adamlar az bolmady.
Internetde türkmen durmuşyndaky dürli meseleler, döwlet telewideniýesinde agzalmaýan ahlak çökgünligi, ata-baba däplere ters gelýän we miras dawalaryna alyp gelýän ýagdaýlar barada hem söz açylýar, aýal-gyzlar we deňlik, adalat meseleleri gozgalýar.

Şol bir wagtda, türkmen aýdymçylarynyň arasynda “agy” aýdymlary bilen has kän meşhurlyk gazanan bagşylar hem göze ilýär. Bu agylar, elbetde, ýurduň düşen agyr ýagdaýy barada däl, ýöne aýratyn alnan adamyň durmuş hasraty bilen bagly bolup görünýär.

Bellemeli ýeri, Saparmyrat Nyýazow prezident bolan döwründe Magtymguly Pyragy terkidünýälikde aýyplanypdy, prezident köşgünde türkmenler salamlaşanda biri-birine 'Ruhuň belent bolsun!” diýip ýüzlenmeli diýen ýaly gürrüňler edilipdi.

Ýöne, ýurtdaky internet täsirleri we süýşüp gelýän pikir, düşünje özgerişligi babatynda beýle optimist pikirlenmeýän, pessimistligi ýa-da, öz sözleri bilen aýdylanda, realistligi saýlap alýan adamlar hem bar. Aýry-aýrylykda gürleşilen iki ýaşaýjy, biri ene dili we edebiýat mugallymy, beýlekisi ykdysatçy, ýurtda döredilen sowatsyzlygyň we syýasy passiwligiň häzirki ýagdaýlaryň saklanmagyna uzak wagt kömek etjekdigini çaklaýar.

"Internetde görýänsiňiz, soňky nesilleriň arasynda öz ene dilinde dogry sözlem ýazyp bilýäni gaty az. Men olara “etýär, gitýär” nesli diýýärin. Olar on ýyl mekdebe gatnap, ýapyk sesiň açyga öwrülmegi baradaky kadany hem öwrenip, özleşdirip bilmedik adamlar” diýip, ene dilinden mekdepde sapak beren mugallym aýtdy.

Onuň pikiriçe, şu hili sowatsyzlyk adamlaryň kanunlary öwrenmezligine, öz haklaryny bilmezligine, syýasy passiwligine esas bolup, parahorlugyň ösmegini, halk öňünde hiç hili jogapkärçilik çekmeýän liderleriň häkimiýete gelip, uzak wagt saklanmagyny üpjün edýär.

Anonimlik şertinde gürleşen türkmen ykdysatçysy türkmenistanlylaryň S.Nyýazowyň mugt gaz we elektrik duzagyna düşüp, hakyky bazar gatnaşyklaryna geçmekde sebitiň beýleki ýurtlaryndan kän yza galandygyny aýdýar.

“Ykdysady düşünjesi biraz giň we çuň bolan adamlar bolup geçýän zatlara gowy düşünýär we öz aladasyny etjek bolýar. Özgerişlik bolsa, ozaly öz durmuşynda ykdysady özgerişlik döretjek bolýan, döredýän adamlaryň arkasyndan bolar, döwlet işinde berilýän ölmez-ödi aýlyga göz dikip oturanlaryň arkasyndan hiç bir özgerişlik bolmaz. Ýöne häkimiýetler öz güýji, akyly, kanun ýoly bilen gurplanjak bolýan adamlara 80-nji ýyllaryň aýagyndan bäri gaty kän emeli päsgelçilik döredýärler we orta gatlagyň döremegini, ulalmagyny bökdäp gelýärler. Netijede, ýurtda pikir edip bilmeýän, özi we ýurt üçin gowy bilen erbediň tapawudyny bilmeýän ýa-da bu meselä parhsyz garaýan adam köpeldi. Meniň pikirimçe, ýurduň we halkyň öňünde duran kynçylyklar entek dowam eder” diýip, aşgabatly 65 ýaşly ykdysatçy aýtdy.

Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, her bir aýdylan sözüň, şol sanda aýdylmadyk sözleriň öz netijeleri bolýar. Türkmen halkynyň häkimiýetler tarapyndan ýapylan ýolunyň açylmagy üçin uzak wagt bäri jan edip gelýän başga pikirlileriň eden işleri, edip bilmedik işleri bu günki açylýan dillere diňe bir zady – açylmalydygyny, başga ýol-ýodanyň-da, çykalganyň-da ýokdugyny, bolup bilmejekdigini ýatladýar. Megerem, “iliň güýji – siliň güýji” diýilýän häzir aýdylmaly sözlere, eşidilmeli, diňlenilmeli, düşünilmeli we çekişilmeli gürrüňlere bagly bolup dur.


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024