Surat

Biz özümizi sylamagy bes etdikmi?

Soň men öldürildim, ölüp ýaşadym... Annasoltan Kekilowa

Dissident şahyr Annasoltan Kekilowanyň /1942-1983/ 41 ýaşynyň içinde bendilikde, KGB-DHK süteminden 12 ýyl ejir çekip, armanly ýagdaýda, maşgalasyndan aýralykda, ruhy hassahananyň ölüm düşeginde jan berenine 43 ýyl boldy. Emma KGB-niň onuň öňünde galdyran gara diwary täze, sowet ideologiýasyndan halas diýilýän nesil ýetişip, döwlet başyna gelende-de ýykylmady, gaýta berk, täzeden gurlup saklanýana çalym etdi.

Bu Türkmenistanda gender deňligi, aýal-gyzlaryň hukuklary, umuman adam hukugy, syýasy, ykdysady, medeni azatlyk diýilýän gymmatlyklaryň, hukuk we dünýewi döwlet bolmak arzuwynyň erteki bolup galandygyny, diňe kagyz ýüzündäki boş sözler bolandygyny yşarat edýär.

Türkmen aýal-gyzlarynyň hak-hukuklarynyň goralmagyny talap edip, Kommunistik Partiýanyň XXIV gurultaýyna ýazan uly göwrümli hatyndan soň işini ýitiren, göreşini dowam etdirmek üçin daşary ýurda gitmekçi bolan şahyr öňli-soňly 12 ýyl Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşoguzdaky, Moskwadaky ruhy hassahanalarda saklandy. Döwürdeş şahyrlary, işdeş ýoldaşlary, tanyşlary, umuman, ony zalym KGB bilen göreşde ýeke goýdular.

1971-nji ýylyň awgustynda zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilen türkmen dissidenti baradaky habar şol ýylyň sentýabrynda “The New York Times” gazetinde dünýä jar boldy. Emma öz ýurdunda ol hakynda diňe 1980-nji ýyllaryň ortasynda, SSSR-iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýowyň başlan üýtgedip gurmak syýasaty döwründe açyk ýazyp, aýdyp başladylar.

Şahyr we edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň toplan we çapa taýýarlan goşgular ýygyndysy, bu kitaba ýazan sözbaşysy (1992), şahyr hakynda döredilen ilkinji dokumental film Köşi obasynda, Kekilowlar maşgalasynda doglan üçünji şahyryň döredijiligi we göreşi babatynda, gönüsinden, şu wagta çenli edilen iň görnükli işler boldy.

“...ol respublika ýolbaşçylyk edip bilmeýändikleri hakynda, Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna nädogry gatnaşyklary hakynda dürli ýerlere, şol sanda partiýanyň XXIV gurultaýyna arzalar ýazdy. Angliýada ýaşamaga rugsat sorady. Şonuň üçinem DHK-nyň gözegçiligine alyndy, psihiatr wraçlaryň konsultasiýasyna eltildi we olar Kekilowanyň şizofreniýeden azap çekýändigini anykladylar. Ol zor bilen keselhana ýerleşdirildi.” Bu Mämmetgurbanowyň eline düşen ‘gymmatly’, “gizlin” diýlip möhür basylan ýazgy şahyryň ‘kesel taryhynda’ saklanypdyr.

“Diňe wraçlaryň däl, asla medisinadan başy çykmaýan adamyň hem ýokarky sözler bilen şizofreniýany delillendirip bolmajakdygyna akyly çatýan bolsa gerek” diýip, edebiýatçy netije çykarýar.

Kekilowanyň KGB-DHK ýa-da Kompartiýa töhmeti bilen gynalyp, uzak wagt bendilikde saklanyp, dürli awuly dermanlar bilen öldürilmegine gatnaşan adamlar Kompartiýanyň adynyň Dempartiýa öwrülmegi, adam hukuklarynyň we söz azatlygynyň basgylanmagynyň saklanyp galmagy bilen, hiç bir jogapkärlige çekilmedi...

''Men Annasoltan bilen bir aýrak bile boldum. ...Bir gezek ukol edenlerinde iki ýana ylgady. Şu günki ýaly ýadymda. Keselhanada goşgy ýazardy. Onuň ýazan goşgularyny käte dogtorlar ýyrtyp goýbärdiler. Men 1973-nji ýylyň fewralynda keselhanadan çykdym. 1979-njy ýylda medinstitutda okaýan gyzymyň, öli adamyň jesedini görüp, akyly üýtgedi. Biz ony şol ýere ýerleşdirmeli bolduk. Şonda men tötänden Annasoltany gördüm. Onuň saçlary çalarypdyr, garrapdyr” diýip, Mämmetgurbanow şahyryň ''Ömrüzaýa ýyldyzym'' kitabyna ýazan sözbaşysynda näsaglap gutulan Şeker A.nyň ýatlamasyny getirýär.

1937-nji ýylda ''halk duşmany'' hökmünde türmä basylan, nemes faşistlerine garşy uruşda ýogalan şahyr Şaly Kekilowyň, şahyr we edebiýatçy alym Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi barada bilseler-de, türkmen mekdeplerini tamamlanlaryň köpüsi bu iki ägirdiň uýasy Annasoltan Kekilowa hakynda tas hiç zat bilmeýär.

Ol garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabatda heýkelleri dikilen, sowet döwründe esasan ‘partiýa şahyrlary’ bolan tanymal döredijilik wekilleriniň sanawyna hem girizilmedi. Ýogsa, 1990-njy ýyllaryň başynda hem DHK arhiwleriniň açyljagyna, türkmen halkynyň aňyna urlan zynjyrlaryň gyryljagyna umyt bardy.
Haýp, bu umydy edenler Lenin we Kompartiýa hakynda ýeke setir hem ýazmadyk şahyryň türkmen halkyna ‘azatlyk isleýändigini’ aýdan ýolbaşçylar tarapyndan hem bagyşlanmajakdygyna şaýat boldular. Olara Annasoltan ýaly hak-hukuk soraýan şahyrlar däl, ‘partiýa şahyrlary’ gerek eken.

''Annasoltan Kekilowanyň ömri we döredijiligi çuňňur öwreniler, ýiten ýazgylary, hassahanada rus dilinde çapa taýýarlap, garyndaşlarynyň üsti bilen Moskwa iberen goşgulary tapylar, ol hakynda diňe dokumental film däl, çeper film hem dörediler diýip pikir edýärdim. Onuň "Biz gyrnak'' goşgusy mekdep programmasyna giriziler öýdýärdim. Haýp, göreşiji şahyryň ýene döşünden itdiler'' diýip, aşgabatly pedagog aýdýar.

Hawa, ol ''Biz gyrnak, bilýäris gyrnaklygymyzy'' diýip ýazypdy. ''Soň men öldürildim, ölüp ýaşadym'' diýip ýazypdy.

“Näsag dälilikden saplandy... dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň, Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň, syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy” diýip, lukmanlar şahyrdan edilýän “saglyk” talabynyň hakykatda syýasy talap bolandygyny, onuň türkmen ýolbaşçylary hakynda öňki aýdan tankydy pikirlerinden dänmelidigini, kanun goraýjylaryň dili bilen aýdylanda, günäsini boýun alyp, ak ýürekden toba etmelidigini ýazmaça tassyklapdyrlar.

Anonimlik şertinde gürleşen pedagogyň tassyklamagyna görä, şahyryň Moskwa, sowet, partiýa ýolbaşçylaryna iberen 56 sahypalyk şikaýat hatynda aýal-gyzlaryň hukuklary barada gozgalan meseleler şu günler hem aktuallygyny ýitirmeýär.

Megerem şondan, ''Türkmen owazy'' teleýaýlymynyň Annasoltan Kekilowa bagyşlanan dokumental filminde onuň gozgan agyryly meselesi, sowetleriň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň ony näme üçin beýle ölüme sezewar edendigi anyklaşdyrylmaýar, muňa derek şahyryň garaşan döwrüniň gelip ýetendigi öňe sürülýär.

Bu türkmen döredijileriniň, döwlet senzurasy sebäpli, çaga-da belli hakykaty inkär etmek synanyşygy bolup görünýär.

Ýokary gatlak ýa-da häkimiýet wekilleri, gurply we täsirli adamlar tarapyndan basgylanýan hukuklar, hususan-da aýal-gyzlaryň, çagalaryň hukuklary meselesi soňky döwürde käbir demokratik, kanunyň hökmürowan ýerleri diýilýän ýurtlarda hem köp 'başagaýlyk' döredýär.

Eger-de häzir sosial ulgamlarda gürrüňi edilýän agyr jenaýatlar, şahyr diňlenen bolsa, Türkmenistanda baryp geçen asyryň 70-nji ýyllarynda açylyp, paş edilip bilinjek eken. Emma Kompartiýa, öz wekillerine degensoň, bu jenaýatlary bassyr-ýussur edipdir we olaryň dowam etdirilmegine ýol açypdyr.

Türkmen ýazyjylary 1991-nji bolan soňky gurultaýlarynda taryhy mümkinçiligi, 85-nji ýyda we soňra güýçlenen söz, metbugat azatlygy meýillerini inkär edip, geljekki diktatoryň tarapyna geçmedik bolsalar, taryhyň ters tarapyny saýlap almadyk bolsalar, belki, Kekilowanyň işi dowam etdirilerdi.

Eger-de olar Aman Kekilowyň däl, Annasoltan Kekilowanyň ýoluny goldan bolsalar, belki, bu günki günde türkmen aýal-gyzlary ýurt içinde-de, ýurt daşynda-da beýle agyr ýagdaýa düşmezdi. Muny olaryň öz ynsabyna goýalyň.

Soňky nesiller, 18-45 ýaş aralygyndakylar, türkmen aýal-gyzlary, erkekler Kekilowanyň goramak islän mertebesini goramak islemeýärmi?

Olar şahyryň peslik saýan gylyklaryny peslik saýmaýarmy? Goý, bu soraglara her kimiň özi jogap bersin. Sebäbi bu halkyň, her kimiň öz işi, adamlar isleýşi ýaly ýaşaýar, ýa basgylanyp, ýa mertebeli, başyny dik tutup...

Bize öz işimizi edip, olaryň saýlap alan ýollaryny hormatlamak, bagtly bolmaklaryny arzuw etmek galýar.


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026