Betbagtlyga uçranlar nirä ýüz tutmaly?
Akmyrat Şiriň ruhuna bagyşlaýaryn
Akmyradyň Watana dolanan günleri, soň görüp otursak, SSSR diýen imperiýa soňky günlerini başdan geçirýän eken. Türkmen kommunistleri bolsa, Moskwada bolup geçýän zatlara akyl ýetirip bilmän, Aşgabatda oturan ýerlerinden oda-köze düşýärdiler. Bir ýazyjynyň şol günler, ''Wah, beýle boljagyny akylyma getirien bolsam, çagalaryma ene dillerini öwrederdim'' diýeni ýadymda galypdyr.
Türkmen intelligensiýasy, ýazyjylar, hudožnikler akyl-huşuna gelip, bir kärdeşimiň sözleri bilen aýtsam, ýuwaşjadan janlanyp başlapdy. Gazetdir žurnallarda syýasy äheňli, öňkülerine garanda has ýiti pikirleri öňe sürýän, halkyň öz ýoluny özüniň saýlap almalydygyny ýaňzydýan makalalar, nebit-gazyň hakyny almak, Watany çig mal çeşmesi ýagdaýyndan çykaryp, öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşmak barada mesele gozgalyp edilýän çykyşlar peýda bolýardy.
Aşgabadyň “Azatlyk” prospektiniň ugrunda ýerleşýän “Köpetdag” restoranynda döredijilik adamlarynyň “Azat türkmen” jemgyýetini döretmek niýeti bilen guran ýygnanyşygynda Akmyrat janygyp gürläpdi. Şonda biziň köpümiz Leningraddan gelen we şol ýerde SSSR Ýazyjylar guramasynyň agzalygyna kabul edilen, rusça neşir edilen birnäçe kitabyň awtory bolan ildeşimizi ilkinji gezek diňleýärdik.
Şol wagt biz onuň “Toýun oglanjyk” kitabyndan başga zadyny okamandyk, ol barada tas hiç zat bilemizokdyk. Ýöne nurana, inçemik at ýüzi, boýdan-başa ak geýnişi, selçeňräk owadan sakgaly, parahat hem sadalyk bilen garaýan gözleri, meniň göwnüme bolmasa, onuň aýdýan sözleriniň ýürekden çykýandygyna goşmaça bir delil ýalydy.
Ol sesini gataltman, bir sydyrgyn sesde gürleýärdi, dilewarlyk etjek bolmaýardy, köpbilmişsiremeýärdi. Onuň äheňinden, gepinden-sözünden kalbynyň düýp-teýkaryndan gaýdýan akyl ýetiriş ukyby, edil günüň nury ýaly, mese-mälim duýlup durdy. Bu hili intelligentlik biziň akyla we analize derek gykylyga we demagogiýa köp duşýan jemgyýetimize ýetmeýän zatdy. Biz derrew gaharlanýardyk, sesimizi gataldýardyk, ýa-da ýüzümizi kürşerdip, ähli sabyrsyzlygymyzy, dargursaklygymyzy daşymyza çykarýardyk.
Dogry, o mahal biz birden diýen ýaly peýda bolan erkin şemala, başymyz aýlanan ýaly, göterilýärdik hem bu ajaýyp döwrüň uzak dowam etmejegini aňýan ýaly, gaty howlugýardyk. Emma bu ýerde howlugyp aljak galaň ýokdugyna welin be ýeterlik üns berýärdik, ne-de düşünýärdik.
Akmyrat bolsa, öz rahat durmuşyndan, Newa derýasynyň ýakasyndaky ajaýyp şäherden hut şeýle howlukmaçlyk bilen gelenem bolsa, özi dymyp, bizi diňleýärdi, diňe şondan soň öz pikirlerini aýdýardy.
Şol “Köpetdag” ýygnanyşygyndan soň, aramja damjalaýan ýagşyň astynda Akmyrat bilen ýöräp gelşimize, men onuň halk üçin, onuň gelejegi üçin biziň hemmämizden kän alada edýändigine, alňasaýandygyna düşünen ýaly boldum. Şondanam biziň kän bir bildirgisiz, ýöne gaty gysga bolan dostlugymyz başlandy.
Ol käte meniň iş ýerime gelip, öz ýüregini çişirýän zatlar, bile-göre ýalňyş edilýän işler, ownuklyk, göriplik, gep-gybat barada ýanyp gürrüň ederdi. Ýöne ol hiç zeýrenmezdi, aýdýan zadyny gysga, ýöne ömür ýadyňda galar ýaly edip aýdardy. Bu bolsa asla zeýrenç bolmaýardy-da, ýüregiň sesi, paýhasyň duýduryşy ýaly bir zat bolup eşidilýärdi.
“Köpetdag” restoranyndaky ýygnanyşyga gatnaşanlaryň ýadyndadyr, şondan soň KGB erkin pikirliligiň garşysyna bir topar çäre gördi. Bu çäreler soňy bilen erkin pikirli ýaşlaryň, ýazyjylardyr hudožnikleriň kem-kemden gyra çekilmegine, ýolbaşçy kürsülerde oturan adamlaryň bolsa, uçdantutma diýen ýaly ogurlyga ýatmagyna getirdi.
Akmyrat Şir türkmen jemgyýetçiliginiň arasynda birden peýda bolşy ýaly, birden hem gaýyp boldy. Ony öz dogduk obasyna, ata-babalarynyň ýatan Işanrabat gonamçylygyna alyp gitdiler. Biz bolsak, Akmyradyň Aşgabat şäherindäki öý-ojak tutunan ýerinde, mikroraýon jaýynyň öňündäki meýdançajykda, bir topar kärdeşimiziň arasynda, ýöne ýalňyz galdyk...
Men Akmyrat baradaky şu ýazgylary kän wagtlap ýazyp bilmän geldim, birden bir bijaý söz ýazyp, onuň ruhuny ynjydaýmaýyn diýip gorkdum. Asla onuň aramyzda ýokdugyny, onuň ýoklugynda ýatlama ýazmaly bolýandygymy boýun alasym gelmedi. Ýöne wagt bar zady boýnuňa goýýan eken.
Akmyradyň oýulyp galan ýeri, edebiýatda etmeli işleri bolsa, onuň ýokdugyny her gün, her sagat duýdurdy durdy. Biz, ýaş ýazyjylar Akmyratda öz edebi liderimiziň we egindeşimiziň keşbini görüpdik, emma bu liderligiň we egindeşligiň geljekde özümiz üçin şeýle zerur boljagy, emma onuň hiç tapylmajagy barada pikir etmändik.
Şahyr Gurbannazar Ezizow öz wagtynda edebi liderligi gaýtalap bolmaz derejede döredip gidipdi. Gurbannazardan soňky şahyrlar onuň mesaňa yzy bildirip duran edebi medeniýetine maýyllyk bilen ýaşaýardylar, ondan güýç-gurbat alýardylar.
Ezizowyň döredijiligi türkmen edebiýatynda uly bir basgançagy, täze galkynyşy, derejäni, ösüşi alamatlandyrypdy. Ýöne Gurbannazaryň döwri başga döwürdi, onuň döredijiliginde Lenin temasy hem, Stalin bilen Hitleriň syýasy däliliginiň we adamhorlugynyň netijesi bolan II Jahan urşy hem esasy temalardy. Wagt bolsa, eýýäm leninçiligiň hem, sowet watançylygynyň hem näderejede galplyk bilen gurşalandygynyň üstüni açyp ýöpdi.
Ine, şu döwürde-de Akmyrat Şiriň kyssasy biziň nazarymyzy egläpdi, onuň özi peýda bolupdy. Indi edebiýat diňe bir edebiýat däldi, eýsem, syýasatdy hem. Indi biz edebiýatda diňe bir döwlet ideologiýasynyň çäginde pikir ýöretmäge kaýyl däldik, erkinligi, azatlygy, milli ideýalary, demokratiýany dabaralandyrmak meýlimiz bardy.
Akmyrat Şiriň döredijiliginde biziň erkinlik meýlimize gabat gelýän ruh bardy. Ol türkmen obalary, olardaky ýaşaýyş, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyk barada türkmen ýazyjylaryna gaty bir mahsus bolmadyk täzeçillik, açyklyk bilen ýazýardy; gyz-oglanyň arasyndaky gatnaşyklary, maşgalada bolup geçýän zatlary sosialistik realizmiň ýa-da şol realizmi wagyz edýän edebi tankydyň nazarýetine, bize görkezilen galyplara beýle bir gabat gelmeýän hörpde beýan edýärdi.
Bu eýýäm edebiýatda dowam edýän ýasamalygyň, galplygyň, göwnüňdäkini, bar zady däl-de, talap edilýän zady ýazmagyň soňunyň gelýänligini aňladýan bir alamatdy.
Akmyrat Şiriň döredijiligindäki täzelik ruhy, biziň şol wagtky düşünjämize görä, rus hem ýewropa edebiýatyndaky öňdebaryjy äheňleriň, tendenciýalaryň milli formada şöhlelenmesi ýaly bir zatdy. Onuň terbiýesi, okuwy biziňkä garanda has ýokarydy, edebi medeniýeti, tejribesi uludy.
Akmyrat Şir türkmen okyjysyna düýpden tanyş däldi diýsek ýalňyş bolar. Heniz Akmyrat Watana dolanmanka hem biz ol barada eşidýärdik, Moskwa, Leningrada gidip gelen ýazyjylar rus edebi jemgyýetçiliginde Akmyrat Şirowyň adynyň uly hormat bilen tutulýandygyny, onuň gelejegine uly umyt bildirilýändigini buýsanç bilen gürrüň berýärdiler.
Soň biz, başda hem aýdyşym ýaly, Akmyradyň özi bilen ýakyndan tanyş bolduk, onuň eserlerini ilki rus dilinde, soň bolsa türkmen dilinde hem okap başladyk. Sebäbi şol döwürde “Ýaşlyk” žurnaly Akmyradyň eserleriniň terjimesini çap edip başlapdy. Ol bir gezek maňa türkmençe ýazasynyň gelýändigini, öz zatlaryny özüniň terjime edesiniň gelýändigini, emma indi muňa wagtynyň azdygyny aýdypdy; ýazasy gelýän zatlaryna şeýle-de ýetişip bilmeýändigini, rusçadan türkmençä geçmegiň bolsa, ilki bilen-ä kyn boljagyny, soňam esli wagt aljagyny boýun alypdy.
“Türkmenistan” neşirýaty Akmyradyň eserlerini rus dilinde çapdan çykaranda, dogrusy, biziň begenjimiziň çägi bolmandy. Biz türkmen kyssasynyň täze hem gujurly, rus dilinde ruslaryň özünden asla kem ýazmaýan wekiliniň peýda bolanyna buýsanýardyk.
Akmyradyň gahrymanlaryny, türkmen obalaryndaky päkligi, Baky we Merýem obrazyny bolsa, türkmen kyssaçylygyndaky täze bir dereje hökmünde, türkmeni nädip açmalydygynyň mysaly hökmünde ýüregimizde göterýärdik.
Soň, 1992-nji ýylda täze dörän “Ruh” neşirýaty Akmyrat Şiriň “Älem ruhy” powestini türkmen dilinde neşir etdi. Bu eserde gürrüň rus durmuşy, rus adamlary barada gidýärdi. Powestiň baş gahrymany Tanýa atly rus gyzydy. Wakalar bolsa, türkmene o diýen tanyş bolmadyk ylmy institutyň içinde we daşynda, sowet ýyllarynda üstüne kän gum sürlen jadygöýlik ylmynyň töwereginde bolup geçýärdi. Akmyradyň bu eseri rus okyjylarynyň, edebi tankytçylarynyň arasynda-da uly jedel döredipdi, powest gysga wagtyň içinde iki gezek neşir edilipdi.
“Älem ruhy” powesti birbada çuňňur ylmy powest ýaly bolup görünýän-de bolsa, onuň gahrymanlarynyň biri Spartak Mahmudowiç Ipatow okyja o diýen düşnükli bolmadyk zatlar hakynda gürrüň edýän-de bolsa, ahyrynda eser çylşyrymlylykdan ýönekeýlige gelýär we pikiri, ideýany şeýle bir sadalyk bilen açýar welin, esli wagtlap bu eseriň täsirinden çykyp bilmän gezýärsiň.
Ilki bilen aýtmaly zat, ýazyjynyň juda çynlakaý hem çuň pikir edýänligidir. Bu powest Akmyrat neressäniň özüne, öz ruhy dünýäsine şeýle ýakyn eser, birbada çylşyrymly, çuň, ýöne şonuň bilen birlikde örän sada hem ýönekeý diýsem ýalňyşmaryn.
Powestiň baş gahrymany Tanýa praktikant gyz, ol ýaňy durmuşyň çetinden girýär. Onuň arassalygy, sadalygy, asla durmuşa taýyn däldigi başky hereketlerinden hem görnüp dur. Ýazyjy şu sadalygyň hem arassalygyň garşysyna eýýäm uly durmuş tejribelerini toplan hem şeýtana sapak beren diýen derejä ýeten Ipatowy, ylmy-barlag institutynyň orta ýaşan işgärini goýýar.
Ipatowyň edýän gürrüňleri, geçirýän tejribeleri Tanýa hem onuň jorasy Maşa juda gyzykly bolup görünýär. Ýöne Ipatowyň ahlak hakyndaky ilki biraz üsti örtülen, soň bolsa has açyk hem bihaýalyk bilen beýan edilýän pikirleri dura-bara Tatýananyň gözüni açýar. Tanýa özüniň aldananyny bilýär. Emma Ipatow şeýle aldawdan hem aldan her bir adamyň geçmelidigini, bu durmuşda arassa ýaşamagyň mümkin däldigini, arassa ýaşamagyň kyndygyny ynandyrjak bolmasyny dowam edýär. Ine, biziň pikirimizçe, ýazyjynyň ruhy, ýagny ähli pikir-ündewi, kalp maýasy hem şu ýerde!
Gep ol ýa-da beýleki milletde, milli çygyrlarda, häsiýetde ýa ganda hem däl, gep bütin adamzat ýaşaýşynyň özenlerini kesgitlemekde. Bu özende adam, göräýmäge, bir kemsiz ýaşap gelýär, ýöne ony her döwür bir hili ýagdaýa salýar. Adam özüne, öz kalbynyň çuňundan gaýdýan arassalyga, päklige ynanmalymy ýa-da töwereginde bolup geçýän hapaçylyklara uýgunlaşmaly? Ýazyjy şeýle soragy keserdip goýýar.
Akmyradyň durmuşdaky hapaçylyklara öwrenişmeli, adamyň her bir edýän hereketi, eger ol şoňa mejbur bolýan bolsa ahlaklylykdyr diýýän gahrymany Ipatow öz gürrüňdeşlerinden: “Sen düýşüňde uçýaňmy?” diýip soraýar.
Görnüşinden, bu mesele ylmyň öňräkden öwrenýän obýekti bolup durýar. Ýöne şeýle ylmy derňewlerden daş adam bu soraga birbada tisginýär. Sebäbi, aýdyp ýörmese-de, adam ýaşlykda, esasan hem çagalyk ýyllarynda düýşde asmana göterilmek, uçmak diýen zady kän görýär diýen ynanç bar.
Islendik adam eneden ap-akja bolup dogulýar, ýüregi ýarylan ýaly aglap gelýär. Sebäbi gelinýän ýer oňa nätanyş, gorkuly. Ol ozal ene garnynda, bu ýagty dünýeden üzňe bir ýerde daşy gabalgy ýatyr. Ýöne ol özüniň ýaşaýyşa gelýändigine, gelmelidigine, umuman, o diýen düşünmeýär. Bir günem şol düşünmeýän dünýäsine gaýyp düşýär. Şondan soň çaganyň, ynsanyň kalbynda kän-kän özgerişler bolup geçýär. Ýöne bu özgerişleriň arasynda ol, ňzi bilmezden, öz çaga päkligi bilen asmana – asmana göterilip gidýär.
Soň durmuş ýowuzluklary ony ýowuzlyga itekleýär. Adamyň çaga ýüregi gataýar, rehimsizleşýär. Hatda käte daşa-da dönýär. Ýöne bu durmuşda daşa dönen ýürek bilen ýaşamak mümkin däl. Daşa dönen ýürek, şeýle ýürekleriň ýeke däldigine garamazdan, ýeke ýürekdir, ýalňyzdyr. Ýalňyzlyk bolsa, Akmyradyň Ipatowynyň başyndan inişi ýaly, her kimiň başyndan inip biler. Şonda ony daş ýürek bilen, töwerekdäki hapaçylyklara uýgunlaşan hem şol hapaçylyklaryň ýörelgesi bilen ýaşan ýürek bilen çekmek mümkin däldir.
Elbetde, meniň gürrüňlerim Akmyrat Şiriň döredijiligi bilen tanyş bolmadyk adamlar üçin o diýen düşnükli däldir. Şonuň ýaly-da, türkmen edebiýatynyň şu günki ýagdaýy bilen tanyş bolmadyk adamlar hem bu gürrüňe gereginçe ähmiýet bermezler. Ýöne başga bir hakykatam bar, edebiýat käte bütin bir halkyň ruhuny, islegini, hatda gelejegini hem kesgitläp bilýär.
Sergeý Ýeseniniň inçe lirizme ýugrulan goşgulary, rus dostlarymyzyň tassyklamagyna görä, rus halkynyň kalp aýdymydy. Wladimir Wysockiniň aýdymlary bolsa, biraz başga döwürde, şol aýdymyň belli bir derejedäki dowamy bolup ýaňlandy.
Sowet kolonoýasynyň beýleki wekillerinde, şol sanda ruslarda hem bolşy ýaly, türkmenlerde hem edebiýat işi, söz senedi ýowuz synaglara uçrady. Ýigriminji, otuzynjy ýyllardan başlanan demir gysaç edebiýaty ne eýläk, ne-de beýläk butnatdy.
Ine, ýaňam täze bir eýýam başlanypdy. Gurbannazar Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň, Nury Halmämmedowyň döwri gelipdi. Ýöne bu döwür edebiýatymyz hem sungatymyz öz galmaly belentligine doly galyp bilmedi. Annasoltan Kekilowa ýaly uly zehin öçüp galdy.
Garaşsyzlygyň öň ýanlarynda, ondan soň dörän az salymlyk erkin döwürde, meniň pikirimçe, juda köp zatlara umyt döreden ýalkymlar göründi. Bapba Gökleňiň şygyrlary, Akmyrat Şiriň kyssasy ýaňy okyjylara ýetip başlapdy. Türkmen edebiýatynda ideologiýa ugry, ýöntemlik yza süýşmelidi. Konýunktura, çemeçillik, döwrüň talap edýän položitel gahrymanynyň obrazyny döretmek, liriki gahrymanyň gaýduwsyz obrazy we beýlekiler baradaky talaplar taşlanmalydy. Ýöntem dialoglarda gahrymanyň berk pozisiýasyny beýan eden bolmak ýaly, wakalaryň çuň sosial köküni açmazdan akyl satmak ýaly ýarymçyklyklar ret edilmelidi…
Akmyrat Şiriň ýazyjy hökmündäki ruhy hut şu nogsanlyklara garşy döräýen ýalydy. Onuň gahrymanlarynyň dialogy çuňdy, pikir etdirýärdi. Hatda onuň gahrymanlarynyň tobasy, boýun almalary hem üýtgeşikdi, ýürege ýakyndy. Onuň gahrymany “YHLAS BILEN ÜSTI ÖRTÜLEN, GÖZE GÖRÜNMEÝÄN URUŞ BARÝAR” diýende örän we örän mamlady.
Adam şol urşa girip, ýeňilmejek bolup ýeňilýärdi. Şol urşuň adalatsyzlyklarynyň içinde adalatsyzlyga uýgunlaşýardy we öz kalbyndaky arassalyklary, hakyky ynsançylyk duýgularyny harap edýärdi hem-de durmuşyň adamlar tarapyndan döredilen kynçylyklarynyň öňünde ýeke-ýalňyz galýardy.
Ýazyjynyň ruhy “betbagtlyga uçranlar nirä, haýsy ýana ýüz tutmaly? diýip soraýar. “Aňyrsyna ýetdirenler näme etmeli? Olara kim ýardam eder? Adamlaryň şahsy betbagtlygy bilen haýsy edara meşgullanýar?” “Adamlar öz durmuşlaryny özleri dowzaha öwürýän ejizje mahluklarmy ýa-da olar bu ýagdaýdan bir netije çykarmaga ukyplymy? Müňlerçe we müňlerçe adamyň öz janyna kast etmegine kim günäkär? Bir sebäpkär bolmalydyr ahyryn? Bu gülläp ösmeklig-ä däldir, heläkçilige, betbagtçylyga jogap ýokmy?”
Akmyrat Şiriň ýazyjy ruhy öz gahrymanynyň içki dünýäsi bilen birleşýär. Onda ne bir otrisatel, ýagny ýigrenji “gahryman”, ne-de položitel, päk ýürekli gahryman bar, olaryň hemmesi onuň üçin deň hem ýalňyşýan adamlar. Ýöne ýalňyşlyk adamy gutulgysyz bir ýagdaýa salmaly däl ahyryn. Ine, Tanýa etekde ýatan zibilhananyň üstünden barýar, üstüni gar basan zibiliň içinde ýemşik-ýumşuk bolan maşynyň kabinasy çalaryp görünýär. Ol şeýle bir ýenjilipdir welin, barmak basar ýalam abat ýeri galmandyr. Tatýananyň göwnüni şol maşyna meňzedip, ýazyjy öz ruhy ýagdaýyny beýan edýär.
Çisňäp ýagyş ýagýar, ýazyjynyň ruhy bolsa, gahrymany bilen entäp ýörşüne, piwo satylýan dükanjygyň üstünden barýar. Adamlar hapaçylykda oturan ýerlerinden piwo içýärler, serhoş bolup yranjyraşýarlar. Tatýananyň hem piwo içesi gelýär, özüni unudasy gelýär, emma hapaçylyga, serhoşlaryň porsy ysyna çydaman yza dönýär.
Eseriň pikir kulminasiýasy ýa-da düýp manysy hem şu ýerdemikä diýýärin. Adam hapaçylykdan, özüni harlamakdan yza dönmeli. Onuň üçin iň ýokary hakykat şundan ybarat.
“Öz töwereginden daş durmaly däl ekeni. Goldaw-ýardamdan aýrylyşasyň gelmese, öz topragyňdan – gögeren ýeriňden daş düşmeli däl ekeni. Ruhy iýmitinden kesilmejek bolsaň, hudaýyňdan daş düşmeli däl ekeni. Men ýokary hakykata barýandyryn öýdüpdim, emma özümi ýok etmäge barýan ekenim . . .”
Bu gara jadygöý Ipatowyň tobasy, ýöne ýazyjy muny bütin bir jemgyýetiň nazary hökmünde öňe sürýär, onuň şeýle nazaryýet hökmünde kabul edilmegini isläp ýanjaýar. Ýogsa, bir ýa iki adamyň ýalňyşany we özüni ýeriň göbegi hasaplany bilen jemgyýete hiç bir howp abanmaýar, gep şeýle ýowuz keseliň her bir adama, her bir jemgyýete ýokuşmaga ukyplylygynda.
Piwo dükanjygynyň hapaçylygynda oturyp piwo içýän adamlar şol hapaçylygy özleri döreden adamlar. Olar öz yzlaryny süpürip biljek adamlar däl, arassaçylyga gadyr goýup biljek adamlar däl. Şonuň üçinem olar hapanyň içinde oturmagy, belki, ýatyp galmagy, ýaşamagy hem hiç zatça görmeýärler. Ýöne durmuşdaky hapaçylyklar diňe piwohananyň içindäki ýa töweregindäki hapaçylyklar bilen çäklenmeýär. Ol seniň hapaçylyga kaýyllygyňa görä artyp hem harman ýasap gidip otyr.
Hapaçylygyň içinden geçip, ýene hapaçylyga gaýdyp gelmek hem bar. Oňa öwrenişýänlerem ýeterlik. Ýöne ýazyjynyň düýp-teýkary bilen hapaçylyga, ejizlige, nalajedeýinlige garşy ruhy beýle öwrenişmäni ret edýär.
“Sen üýtgäpsiň, sen indi başga” diýip, Tatýana ýol ugrunda gabat gelen ýaş ýigit aýdýar. Tatýana bolsa oňa: “Gepem şonda” diýip jogap berýär.
Hawa, gepem şunda. Adam üýtgemeli, ol hapaçylyga, aldaw- hilelere, öz-özüňi ahlaksyzlyga öwrenişdirmäge kaýyl bolmaly däl. Ol hapaçylykdan soňam ýene öňki päkligine, arassalygyna gaýdyp gelip biler. Birneme ýowuzlaşar, gatar, endamyny hem berkider, häsiýetini hem. Emma munuň asla zyýany ýokdur, gep asyl päkligiňe, zandy arassalygyňa, hakyky ynsan bolup ýaşamaga gaýdyp gelmekdedir. Sebäbi diýseň, gep seniň haýsydyr bir ylmy institutda ýa-da mekdep çagalarynyň gykylygynyň içinde işläniňde däl, gep adama mahsus arassa duýgularyňa wepalylykda. Ata-babalaryň päkligine wepalylykda.
Akmyradyň ýazyjy ruhy mende şeýle pikirleri oýarýar we mydama belent duýgulara, gowy, dürs adam bolup galjak bolmaga, adamkärçiligimi saklamaga itergi berýär.
(Bu makalany arhiwimden tapyp, bir adam okasa-da peýda diýdim. Men ony anyk haçan ýazanymy, näme üçin soňa goýanymy bilemok, belki, entek üstünde işlemeli diýendirin. Ýöne ony ýazan wagtym edebiýat baradaky pikir alyşmalar, çeper tankyt beýle boglup taşlanar, öldüriler öýtmeýärdim, şuny bilýärin – Ý.A.).