Surat

Tuhbatulliniň täze kitaby bize nämeleri ýatladýar?

Günbatardaky türkmenleriň biri, Şweýsariýada çap edilen ilkinji kitabyny nazarda tutup, ykbal Farid Tuhbatullini ekologiýa goragçylygyndan ilki adam hukuklarynyň goragçylygyna, soňra, sowet dilinde aýtsak, adam ruhunyň inženerlerligine getirdi, Aşgabatdaky ýüzlerçe ýazyjy bolsa, adam ruhunyň inženeri bolmaklaryny bes edip, Türkmenistanda döredilen birinji we ikinji şahsyýet kultlarynyň passiw ýa aktiw synçysy bolmak kysmatyny saýlap aldy diýdi.

Golaýda Aşgabatdaky galamdaşlarymyň birinden täzelikde tanalyp başlan türkmen ýazyjysynyň Ýewropada çykan kitabyna berilýän bahalardan habaryňyz barmy diýip soramda, ol güldi-de, ''Hawa, habarymyz bar, muňa gaty begenýäris, sebäbi bizde beýle gowy täzelik uzak wagt bolmandy'' diýdi.

Tuhbatulliniň türkmen reallyklaryna kolonial geçmiş bilen baglylykda seretmegi, kitabyň adyndan hem görnüşi ýaly, örän ýerine düşüpdir. Türkmenistan 1991-nji ýyldan soňam, döwlet ýolbaşçylary we tanymal ýazyjylar sebäpli, rus koloniýasy bolup galdy. Rus goşunlarynyň hatarynda Ukrainadaky basybalyjylykly urşa gatnaşýan türkmen köpeldigiçe, bu barada kän gürrüň edilýär'' diýip, kärdeşim aýtdy.

Ozal Türkmenistan Russiýa meýletin birikdi diýip kitap ýazan akademik Myrat Annanepesowyň 1980-nji ýyllarda Gökde urşy barada ýazan sensasion makalasy, ýazyjy Ata Gowşudowyň ýiten diýilýän ''Perman'' romanynyň bölekleýin tapylmagy we çap edilmegi, türkmen harbysy Seýitbaý Owezbaýewiň 1920-nji ýyllarda ''Türkmenewedeniýe'' žurnalynda birinji we ikinji Gökdepe urşy barada çap etdiren seýrek işi, 1873-nji ýylda bolan Gazawat urşy baradaky hakykatyň aýdylyp başlanmagy, tanymal ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň rus arhiwlerini öwrenip ýazan taryhy oçerkleri we beýleki işler türkmenistanlylary öz kolonial geçmişlerine düşünmäge, baha bermäge iteklän bolsa, soň, Moskwanyň edýän gizlin basyşlarynyň güýçlenmegi netijesinde, rus patyşasynyň basybalyjy goşunlaryna garşy söweşen türkmenleri metbugatda ýatlamak hem mümkin bolmady.

''Tuhbatulliniň kitabynyň rus dilinde we Ýewropada çap edilmegi gowy boldy /belki, biz ony basym türkmen diline terjime edip, samizdan görnüşinde ýaýratmalydyrys/. Bu kitap häzir Türkmenistanda çap edilip biljek däldi, ýöne bu kitap ýurda getirilse-de, ol hakynda öz pikirini açyk aýdyp biljek adam bolmaz. Sebäbi gorkarlar. Soňky 35 ýylda edebiýatda edilen gowy işi, ýurtdaky iň täsirli adamlara dahylly bolmasa, inkär etmek, görmezlige salmak medeniýeti döredildi we, meniň pikirimçe, bu türkmenleriň aň-düşünje ösüşine agyr zarba urýar'' diýip, aşgabatly ýazyjy aýtdy.

''Ýadyňdadyr, biziň edebi tankydymyz 1970-80-nji ýyllarda örän janlydy, Moskwadan ýazyjylar, tankytçylar gelip, rusça terjime edilen edebi synlary okap, Ýazyjylar birleşiginde plenum geçirýärdiler. Ýaşuly ýazyjylar, metbugatdan we neşirýatlardan gowy galam haky alýan adamlar soň Nyýazowdan tankytçylary ýuwaşatmagy haýyş etdiler. Ol muňa begendi. Sebäbi edebi tankyt beýleki ugurlaryň adamlaryny hem başgaça pikirlenmäge, öz pikir edýän zadyňy aýtmaga höweslendirýärdi. Şeýdip, Nyýazow 1991-nji ýylda senzurany güýçlendirdi, ''Sowet edebiýaty'', ''Edebiýat we sungat'' ýaly neşirlerde güýçlenen pikir erkinligini bogdy, soňky bilen Ýazyjylar birleşigini we täze döredilen 90-a golaý hususy neşirýaty ýapdy...

Bulary saňa aýtmak gerek däl, ýöne seýle detallaryň ýatladylmagy ýaşlaryň hakykatda bu ýagdaýa nädip gelendigimizi bilmegi üçin gerek. Soňky 35 ýylda, türkmenleriň käbiriniň tassyklamagyna görä, biz 'şul-a gowy' diýer ýaly, bir goşgy, bir aýdym hem döredip bilmedik, biz diňe boş gykylyga ökde. Meniňçe, biz Tuhbatullin ýeke çykandyr, başgasy ýokdur diýmeli däl, belki, bardyr, biz bilýän däldiris'' diýip, aşgabatly ýazyjy meniň bilen hoşlaşanda aýtdy.

Bu gürrüň maňa golaýda, sowet ruhy hassahanasynda ýogalan türkmen şahyry Annasoltan Kekilowa barada taýýarlan wideo söhbetdeşligimiň aşagynda galdyrylan uzyn teswiri ýatlatdy.

''Şunuň ýaly intellektual gepleşikleriň sany köpelmeli, köp bolmaly'' diýip, özüni Montesquieu diýip atlandyran internet ulanyjy ýazýardy.

''Türkmen dili diňe diktatorlara öwgi üçin ulanylandan soň, halkyň türkmen dilini biliş derejesi ýönekeý we köçe derejesinde galdy. ...Adamlar ýa 3 sözlem düzüp bilenok, ýa-da 90 sözlemi 10 söz bilen düzýärler.''
Men bu pikiri öň aşgabatly edebiýatçylardan hem eşidipdim. Ýöne Montesquieu soňky 10-15 ýylyň döredijilerine has 'agyr höküm çykarýardy'.

''35 ýyl bäri halk ejir çekip gelýär, esasan hem soňky 10-15 ýyl birnäçe aýylganç hadysalara şaýat bolduk, ýöne ýazylan ýeke goşgy, poema, poeziýa, proza, aýdym, ýa-da kitap, roman, ýada teatr oýny, ýada çekilen surat, ýasalan heýkel bolmady...''

Geň ýeri, bu hili nägileligi iň ýokary derejeli resmiler hem aýdýar. Mysal üçin, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleninden soň, gazet-žurnallarda gowy makalalaryň çap edilmeýändigini, teatrlarda gowy oýunlaryň sahnalaşdyrylmaýandygyny, gowy kinolaryň döredilmeýednigini aýdyp, 1990-njy ýyllardan 2007-nji ýyla çenli şahsyýet kultuny wasp eden döredijileriň, şol sanda 'şa şahyr' adyny alan Nyýazowyň 'eserleriniň' üstünden atanak çekdi.

Golaýda bolsa, prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş aýdymçylara iberen gutlagynda sowet döwründe hakyky halk söýgüsini gazanan ondan gowrak aýdymçyny we olaryň iň gowy görlen aýdymlaryny ýatlap, synçylaryň aýtmaklaryna görä, gytaklaýyn, soňky 'meşhur' aýdymçylaryň, şol sanda öz kakasynyň we ogly Kerimiň 'ajaýyp' eserlerini 'kemsitdi'.

Farid Tuhbatulliniň täze kitaby, belki-de, bize "türkmenler gutardy" diýmäge howlugmaly däldigimizi duýdurýar.


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026