Gökdepe sapaklary
Orazmämmet han: "Kasam, ant, soňam lebziňden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär"
“Eger geljek üçin sapak alynmajak bolsa, onda taryhyň hiç kime derkary ýokdur” diýip, öňem bir akyldar aýdyp geçipdir. Biziň almaly sapagymyz, ozaly bilen, ahmal galmazlyk sapagydyr. 124 ýyl mundan ozal biz hemme babatda ahmal galypdyk. Ne bir gurlan döwletimiz bardy, ne-de bir tertip-düzgünli goşunymyz. Ne-de bir döwrebap ýaragymyz bardy. Ýogsa biz özümizi taryhda kän söweşleri başdan geçiren, başy gowgaly bir halk hasaplaýardyk. Emma hakykatda biz top-tüpeňiň, put-put däriniň öňünde gylyç hem gara öýüň ugyna saralan synny, gyrkylyk bilen galypdyk. Halk hökmünde jebisligimizem, agzybirligimizem ýokdy. Dagynykdyk. Bu biziň ýetmezimizdi, aýbymyzdy, nadanlygymyzdy. Biz bir bozulan ildik. Ne bir başymyz bardy, ne-de aýagymyz. Ýöne biziň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän sähralarymyz, ajaýyp ýurdumyz bardy. Ýokarky nalajedeýin ýagdaý bilen beýle ajaýyp ýurtly bolmak asla bir ýere sygyşmaýardy. Bize bu ýagdaýymyzda bu ýurdy rowa görjek däldiler. Rowa görmelem däldiler. Sebäbi dünýä döräli bäri paýlaşykdady, bölünişikdedi. (Gün güýçliňki, gowurga dişliňkidi.) Biz öňem şeýle bölünişikler zerarly ysgyndan düşüpdik, dargapdyk, deregimizi ýitiripdik. Bizi şu dagynyklyk ýagdaýynda saklamagam hemmeler üçin amatlydy. Ozaly bilenem biziň ýakyn goňşularymyz üçin amatlydy. Şonuň üçinem biziň çar tarapymyzdan çapýardylar, talaýardylar. Bizem bu talaňlara talaň, çapgy bilen garşylyk görkezýärdik. Ýöne biz halk hökmünde öz döwletimizi, ýurdumyzy gurmak pikirini iş ýüzünde bitirip bilmeýärdik. Şu ýagdaý hem biziň gapyl galmagymyzyň baş sebäbidir. Bir bitewi döwletlilik, bir bitewi döwlet syýasaty bolmadyk ýerinde bisereşgenligiň, bigeleňligiň, dagynyklygyň boljaklygy öz-özünden düşnüklidir.
Biziň üstümize goşun çeken rus patyşasy bu ýagdaýy birinden sorap bilmeli däldi. Üstesine, bu gyrgynçylykly plan-nietde oňa biziň ýakyn goňşymyz Eýran hem goldaw berýärdi. Türkmenleriň hiç bir ýüz tutara ýeri, direnere diregi ýokdy.
Taryhda köp-köp genosidler boldy. Käbir halklar, käbir milletler ýeriň ýüzünden gyrlyp ýok bolup gitdi. Bu aýylganç gyrgynçylyklaryň bir toparynyň aňyrsynda ýörite işlenip düzlen syýasat, aňly-başly genosid ýatyrdy. Türkmen halkynyň hem şeýle ýowuz syýasatyň gurbany bolan gezekleri az däldi. Aýdaly, Gazawat gyrgynçylygy hem genosiddi. Gökdepe gyrgynçylygy hem genosiddi.
Ol ýa-da beýleki halky, milleti, taýpany, onuň ýerini, ýurduny basyp almak üçin gyrmak ähli genosidleriň aňyrsynda ýatan sebäpdir. Bu ýerde dürli bahanalaryň öňe tutulmagy mümkin. Emma ahyrky sebäp ýer-ýurt, dünýä-döwlet, mal-mülk dawasydyr. Ak patyşa tarapyndan uly goşun bilen sähra ýöriş geçirmek üçin bellenen general Lazerewiň türkmenlere uruşdan öň ýazan hatynda aýdylýan zatlar bolsa, sebäp däl-de bahanadyr. “Siziň tiredeşleriňiz mundan birnäçe ýyl ozal biziň Mihaýlow aýlagynda ýerleşýän otrýadymyzyň üstüne çozupdyrlar, geçen ýyl bolsa Hojagala çozupdyrlar” -- diýip ýazmak bilen, ol özüniň galtamanlary mugyra getirmäge, asudalygy berkarar etmäge borçludygyny bahana edinýär. Ýöne, ozal hem aýdyşymyz ýaly, türkmenleriň dony eýýäm biçilipdi. Olary islendik ýagdaýda boýun egdirmek we ýurtlaryna ee bolmak barada plan çekilipdi. Şol planam ýerine ýetiriläýmelidi. Bu ýerde patyşa Russiýasynyň bähbitleri ýatyrdy. Dünýäniň paýlaşylýan zamanynda bu bähbitlere göz ýummak boljak däldi. Kakabaş türkmenler bolsa, şol bähbitleriň ýolundaky sähelçe bökdençlikdi.
General Lazerewiň türkmenlere iberen hatynda şeýle jümleler hem bardy: “Siziň üstüňize aç-açan barýandygymy mälim edýärin we eger siz uruşmakçy bolsaňyz, men muňa örän şatdyryn.” Şonuň ýaly-da ol türkmenlere “gurhanda” eger seniň duşmanyň özüňden güýçli bolsa, gara güýç hökmünde, ygtykadyna garaman oňa boýun syn” diýlendigini ýatladýar.
Ine, hut şu ýerdenem türkmenleriň öňündäki taryhy sorag keserip çykýar: uruşmalymy, uruşmaly däl. Eger uruşmaly bolsa, nähili uruşmaly?
Birinjiden, türkmenler uruşmaly diýip karar edýärler. Uruşmaly däl dien teklibi öňe sürenleri bolsa “dönük” diýip atlandyrýarlar.
Elbetde, üstüne goşun çekilip gelnen halkyň uruşmak kararyna gelmegine düşünip bolar. Ýöne bütin bir halkyň ykbaly barada gürrüň edilýärkä, başga pikiri öňe sürene “dönük” diýilmegine we gylyçly haýbat atylmagyna düşünip bolmaz. Bu eýýäm taryhy pursatda sowuk akyla, uly diplomatiýa, hemme taraplaýyn ölçerip-dökmä, paýhas-tejribjä däl-de, eýsem gyssanmaçlyga, kelte akyla, soňuny saýmazlyga, gyzmalyga, men-menlige, gedemlige ýol berlendigini aňladýar.
Ikinjiden, eger urşulan ýagdaýynda nähili uruşmaly dien mesele hem ýiti akyl, serkerdelik tejribesi bilen çözülmeýär.
Netijede, türkmenleri maşgalalary bilen Gökdepe galasyna ýygnamak, şol galany penalap hem uruş alyp barmak kararyna gelinýär. Uruşmak meselesinde başga pikirde bolan adamlar bu meselede-de öz pikirlerini aýdýarlar, guma çekilip, gaça uruş alyp barmagy, ýerli ýagdaýdan peýdalanmagy, ýarag taýdan ejizliklerini ýatdan çykarmazlygy ündeýärler. Bu pikirler hem ýer almaýar...
Biz bu iki ýagdaýy aýratyn nygtamak bilen, öň-ä ýüz ýyl çemesi tutuşlygyna inkär edilen, indi bolsa durşuna gahrymançylyk hökmünde görkezilýän Gökdepe urşuna şu günüň nazaryny aýtmak isleýäris. Eýsem-de bolsa, öz ýurdy üçin urşan we baş goýan islendik adam gahrymandyr. Şonuň ýaly-da, islendik uruş gahrymançylyk hem däldir.
Häzir sowet syýasaty ýüzüni doly geçmişe öwürdi diýip aýdyp bolmaz. Sowet döwrüniň syýasaty häzir diňe keşbini, sypatyny üýtgedýär. Ozal Gökdepe urşy inkär edilen bolsa, indi şol uruş ideallaşdyrylmaga synanşyk edilýär. Bu ideallaşdyrma taryhy şahsyetleriň roluna baha berlende has gözçykgynç häsiete ee bolýar. Emma biziň Gökdepe urşy bilen baglanyşykly wakalary diňe öz bolşunda görmegimiz we görkezmegimiz zerurdyr. Bu diňe Gökdepe urşuna degişli talap hem däldir, ähli geçmiş taryhymyza degişli talapdyr. Taryh diňe dogry özleşdirilen ýagdaýynda, diňe şonda dogry sapak bolup biler.
Elbetde, biziň türkmen taryhyny öwrenmegimiz we hakyky manysynda özleşdirmegimiz indi başlanmaly. Bu barada bizde öwnere zat ýok. Sebäbi biziň taryhçylarymyz sowet döwründe ösüp ýetişen we sowet syýasatynyň terbiesini alan adamlar. Olar ne iňlis dilini, ne-de pars, arap dillerini bilýärler. Käte bolsa, öz ene dillerini hem bilmän, rus dilindäki çeşmelerden ol ýa-da beýleki faktlary göçürmek bilen ylym ýasaýarlar. Ýöne biziň ýakyn taryhymyzy öwrenmäge mümkinçilik näçe diýseň bar. Gökdepe hem biziň ýakyn taryhymyza degişli. Bu döwür barada taryhçy alym Myrat Annanepesowyň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiewň we beýlekileriň eden oňyn işlerini kanagatlanmak bilen belläsim gelýär. Galyberse, bu döwür barada il içindäki gürrüňleri, rus çeşmelerindäki maglumatlary ýygnap hem belli bir netijelere gelmek mümkin. Şonuň ýaly-da, bu taryhy döwür barada Seýitmyrat Öwezbaewiň "Gönübek" makalasy uly taryhy gymmatlyga degişlidir. "Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi’’ diýlip “Turkmenowedenie” jurnalynda çap edilen bu makalanyň aýratyn kitapça edilip çykarylmagy hem gutlanmaga mynasypdyr.
Rus patyşasynyň türkmen sährasyna basybalyjylykly ýörişiniň öň ýanyndaky ýagdaýy, umuman, göz öňüne getirmek kyn däl. Bu döwürdäki türkmen jemgyetçiliginiň pikirini, meýlini hem belli bir derejede aňlap bolýar. Bu barada Seýitmyrat Öwezbaewiň agzalan makalasynda örän jaýdar hem degerli maglumatlar berilýär. "Uruş başlanmazynyň öň ýanynda geçirilen ullakan maslahatda Hanmämmet Atalyk /syçmaz/ bilen Orazmämmet han /beg/ uruşmaga garşy gürlediler -- diýip, Gökdepe söweşine gatnaşan türkmen gürrüň berýär. Urşa garşy gürlänler öz gürrüňlerini güýçleriň deň däldigi, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugy, güýçleriň hem serişdeleriň gatnaşygy şeýlekä hökman agyr netijeleriň üstünden baryljakdygy bilen esaslandyrýarlar. Olar özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini soraýarlar, ilata bolsa, maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriň netijesine garaşmagy maslahat berýärler. Gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýýärler.
Elbetde, indi şunça wagtdan soň bu döwre baha bermek aňsat ýaly. Hanmämmet atalyk bilen Orazmammet hanyň pikiriniň iň dogry, ýeke-täk çykalga bolandygyny kesgitlemek hem aňsat ýaly. Ýöne bu beýle bir aňsadam däl. Sebäbi häli-häzire çenli hem ikinji pikiri -- uruşmagy we onda-da gala ýygnanyp iň soňky adama çenli uruşmagy ündänler dabaralandyrylyp gelinýär.
Elbetde, bu pikiriň hiç bir esasy hem, düýp-deregi hem ýok. Aýdaly, şol döwrüň özünde-de bu pikir degerli deliller bilen esaslandyrylmandyr. Maslahata ýygnananlaryň aglaba köpüsi ruslar yslamyň müdimilik duşmany, olar bilen ýaşaşmak mümkin däl dien ýaly gürrüňler edýärler. Ýöne gep ruslaryň yslamyň dostulygynda ýa duşmanylygynda hem, olar bilen ýaşaşmagyň mümkin däldiginde hem däldi. Ýa-da bolmasa, uruşmagy ündänler dünýäde Russiýadan başga Angliýa, Türkie, Fransiýa, Hytaý ýaly döwletleriň hem bardygy, olaryň ruslara edenini edip ýörmäge ýol bermejekdigi hakynda gürrüň edýärler. Emma bularyň hemmesi howaýy gürrüňdi. Ruslar real güýçdi we şol gara güýç hem türkmenleriň üstüne abanypdy. Bu güýje men saňa azar beremok, üstüňe baramok, senem meň üstüme gelme, azar berme diýmek akylly adamyň etjek gürrüňi däldi. Sebäbäbi ol güýç saňa azar bermäge, seniň ýurduňy basyp almaga goşun çekip gelýärdi. Onuň maksady saňa azar bermekdi. Ýa-da bolmasa, ol saňa azar bermän, öz nietine ýetip biljek däldi. Bu ýagdaýda diňe öz düşen günüňe akyl ýetirmek gerekdi, ondan soň şol akyla eermek gerekdi. Emma maslahatda "Biz galanyň içinde öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalamyzy gorap, tä iň soňkymyza çenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl" diýilýär.
Eýsem, iň soňkyňa çenli ölmek, gyrylmak, özüňe agyzdyryk saldyrmak dälmi? Ýa-da bolmasa, ölmek meseläniň çözgüdimi? Bu eýýäm aljyramak, çaşmak, özüňi ýitirmek ahyryn. Şeýle ýagdaýda ölmek barada däl-de, eýsem diri galmak, halky halas etmek barada gürrüň barmaly dälmi?
Maslahatda badyhowa gürrüňlere kän bat berilýär: "Biziň topragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähli gorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy çykýanlar halka, ýurda hem musulmançylyk işine dönüklik edýän adamlardyr.”
Bu, birinjiden, urşa garşy gürlänleriň ikinji bir pikirini, ýagny gepleşikler başa barmasa, gyra, guma çekilip, kiçi toparlar bolup uruşmak pikirini asla alga almandyklaryny ýa-da bu pikirden uruşmaga döwtalaplaryň gorkandygyny aňladýar. Kähalatda olar gykylyk, galmagal bilen öz gorkaklygyny ýaşyrjak bolýana-da çalym etmän duranoklar. Ýogsa uruşmaga garşy bolanlar diňe uruşmaga garşy adamlar däl, olar ýerlikli pikiri, urşuň planyny orta atýan adamlar. Olarda asla uruşdan gorky-howatyr etmek ýok, gaýta boljak zatlary öňünden aýtmak, kesgitlemek, halkyň düşjek gününi gaýgy etmek, uly jogapkärçiligi duýmak bar.
Uruşmagy, onda-da gala ýygnanyp, çagalary, maşgalalary hem galaň içine gabap uruşmagy ündänler käbir gürrüňlerinde öz gorkularyny daşlaryna-da çykarýarlar. Hamala, aýdylyşyna, görkezilişine görä, maslahatda köplük uruşmaga döwtalap ýaly. Emma uruşmagy ündeýänler "eger ähli maşgalasyny bir ýere ýygnamasak, türkmenler uruşmazlar" diýip gorkupdyrlar. Bu eýýääm olaryň köplük bolmandygyny, özlerine ynamlarynyň hem ýokdugyny, halkdan doly goldaw tapjaklaryna-da ynanmaýandyklaryny görkezýär.
Eýsem-de bolsa, öz ýurdy üçin deň bolmadyk söweşe girmäge gaýrat tapýan halk gahrymandyr! Muňa şek ýok. Biz gökdepe gahrymanlarynyň ruhunyň öňünde hemişe bergili. Ýöne şol döwürde halkyň öňüne düşen, onuň geljekki ykbalyny çözmäge belli bir derejede dahylly bolan adamlaryň şol halka doly ynanmazlygy, onuň öz ýurduny gorajagyna gümanly garamagy şol gahryman halky hem, bizi hem kemsidýär. Şu ýerden hem biziň uruşmagyň tarapdary bolanlara we maslahatda diňe şol pikiri goldanlara, gepleşikleri we guma çekilmegi ret edenlere garaýşymyz başlanýar. Belki, olar halkyň hemmesiniň uruşmagyň tarapynda däldigini, eger maşgalalaryny gala gabamasalar, öz dienlerini etmejegini dogry kesgitländirler. Ýöne bu eýýäm halkyň meýliniň tersine gitmek, ony heläkçilige zor bilen iteklemek bolýar ahyryn. Onsoňam gala ýygnanmagyň duşmanyň işini aňsatlaşdyrjakdygyny Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han aýdyp dur ahyryn.
Sowet döwründe ideologiýa geçmişi ideallaşdyryp görkezmäge berk garşy durýardy. Sebäbi geçmişdäki gowy zatlaryň aýdylmagy, görkezilmegi sowet döwrüniň kemisleriniň üstüni açjakdy. onsoň, geçmişi ideallaşdyryp görkezmezlik barada belli kararlar hem kabul edilipdi. Netijede, bu hili kararlar geçmişe diňe gara reňkde baha bermäge tutaryk boldy. Galyberse, sowet döwrüni hemme döwürden ajaýyp diýip aýtmak isleýän ideologiýa hem hut şuny isleýärdi. Emma hakykatda sowet döwründe-de idililik ýokdy. Şonuň üçinem ol geçmişdäki paýhasly, nazarkerde şahsyetleriň akyl-paýhasyny ret edýärdi, olardan gorkýardy.
Garaşsyzlyk döwründe sowet döwrüniň şu ýalňyşlygy gaýtalanmaz, geçmiş taryhymyza, ata-babalarymyzyň hereketlerine dogry baha berler diýip pikir etdik. Emma öň olar diňe gara reňkde görkezilen bolsa, indi durşuna ak reňkde görkezmek äheňi bar. Eýsem, bu-da ýalňyşlyk ahyryn. ýewropalylarda "Platon meniň dostum, ýöne hakykat ondan gowy" dien pähim bar. Biziň hemmämiz türkmen, meniň ata-babalarym hem Gökdepede urşupdyrlar, jan beripdirler. Şonuň bilen birlikde, meniň hem ata-babalarymyň ýurdy başyna ýumrulypdyr, ar-namysy depelenipdir. Muny aýtmagam, boýun almagam kyn. Ýöne muny aýtmanyň, boýun almanyň bilen üýtgeýän zat ýok. Bolan zat boldy, geçen geçdi. Biziň borjumyz şol bolan zatlary bolşy ýaly görmek, olara bolşy ýaly baha bermek, taryhy dersleri akyl eleginden geçirmek, sapak almak. Çagalarymyza, yzdan gelýän nesle dogry ýol görkezmek.
Eger biz Gökdepe söweşinde az sanly adamyň dogry sözüniň, uruşmagyň ýeke-t”k mümkin bolan ýoluny aýdan adamlaryň diňlenmändigini şu gün boýun almasak, bu biziň iň uly sapagy, taryhyň sapagyny ret etdigimiz bolar. Çagalarymyzy, nesillerimizi beýik sapakdan mahrum etdigimiz bolar.
Ene bir aýtmaly zat bolsa, maslahata gatnaşanlaryň "biz türkmenler duşmandan gaçyp gidiberer ýaly, Buharanyň, Hywanyň gorkak nökerleri däl" diýip, şol wagtky real ýagdaýy asla göz öňüne getirmänlikleridir. Türkmenlere şol döwürde hökman agyzdyryk salynmalydy, olar hökman kimdir birlerine ýapja bolaýmalydy. Hökman türkmen topragy basylyp alynmalydy. Sebäbi türkmenler taryhyň özlerine beren mümkinçiliklerinden wagtynda peýdalanyp bilmändiler. Öz berk düzgün-nyzamly goşunlaryny hem, berkarar döwletlerini hem döretmändiler. Asla biri-birleri bilen hem düşünişip bilmeýärdiler. Olary ne ýeňliş, ne gyrgyn, ne-de ýas-matam, hiç zat birleşdirmändi. Gaýta olar biri-birinden öýkelidi, arlydy. Üstesine, Buharanyň, Hywanyň, Eýranyň nökerlerine-de, serbazlaryna-da göwünleri ýetenokdy. Asla hiç kime göwünleri ýetenokdy. Şonuň üçinem olar tükeniksiz gyrgynçylyklara sezewar bolupdylar. Gökdepe-de şol gyrgynçylyklaryň dowamydy, hiç hili tötänlik däldi.
"Meniň watana-da, dini ygtykada-da garşylygym ýok. Meniň öz ykbalymyza, maşgalamyzyň ykbalyna nebsim agyrýar. Men başga zat aýtjak däl, eger gerek bolsa siz bilen bile ölerin" diýip, şol taryhy maslahatda Hanmämmet atalyk iň soňky sözüni aýdýar. Emma oňa gürlemäge maý bermeýärler. Batyrsyraýanlar, dyzmaçsyraýanlar öňe çykýar. Soň bu agyr ýagdaýdan çykalga Orazmämmet han synanyşyk edýär, ol ýurtlaryň hem halklaryň kasam bilen däl-de, top, tüpeň bilen goralýandygyny aýdýar.
"Kasam, ant, soňam lebzinden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär. Men özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzy şeýle aýylganç ejire sezewar etmäge hiç hili zerurlyk ýokmuka diýýärin. Ruslar biziň öňki sanyna bakman gyran parslarymyzam däl, tatlarymyzam däl. Eger siz bu gün öz guran toprak galaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýer, ýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar - diýip, Orazmämmet han hakyky han paýhasy bilen gürleýär. Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldyran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis."
Emma, ozalam aýdşymyz ýaly, Orazmämmet hanyň bu gürrüňi, gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini soramagy nadaraçylykly gykylyklar bilen basylýar. Biz bu fakty ýöne ýere nygtamzok. Sebäbi taryhda şunuň ýaly ykbal çözgütli meseleler çözülende, hakyky gahrymanlaryň, il üçin baş goýjak merdanlaryň däl-de, batyrsyraýanlaryň, soň lebzinden dänmäni hiç zatça bilmeýänleriň gepi rüstem gelýär. Bu bolsa heläkçiligiň ilkinji basgançagy bolýar.
Elbetde, biz taryhy faktlary, ozaldan belli bolan zatlary gaýtalamakçy däl. Ýöne biz şu faktlara ýüzlenmek bilen, türkmenleriň öz geljegi üçin geçmişe dogry baha bermegini isleýäris. Eger biz geçmişden hakykatdanam gahrymanlar gözleýän bolsak, öz gahrymanlarymyzy hakykatdanam beýgeltmek isleýän bolsak, onda ilki bilen olary aýyl-saýyl etmeli. Olar kimler, nähili hyzmatlary bar, nähili ýalňyşlar goýberipdirler, bulary belli etmän, geçmişi ýene öňki ýaly biraýakdan sürsek, biz öz taryhymyzy nähili göz öňüne getirip bileris. Taryh öli bilim däl, ol janly bir göwre. Onuňam öz dem alýan howasy, öz hakykaty, öz iýmiti bar. Şol hakykatam faktlardan, şahsyetlerden, olaryň hereketlerinden, pikirlerinden durýar. Eger ol pikirleri ýoýsak ýa-da asla alga almasak, biz taryhy öli bir zada öwreris. Onsoň ondan bize ne şu gün nep bolar, ne-de geljekde.
Biziň Gökdepede baş goýan gahrymanlarymyz bir ýa iki däl, olar kän. Ýöne şol gahrymançylyk Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet hanyň aýdany edilse, has uly boljak eken. Diýmek, biziň gahrymanlarymyz ozaly bilen Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han ýaly adamlardyr. Hakykatda metjitdir gala diwarlaryna däl-de, şeýle merdana adamlaryň ruhuna sejde edilmegi gerekdir. Belki, biz öz taryhymyzy şeýle ruhda öwrenmelidiris, şeýle ruhda nesilleriň aňyna ýetirmelidiris. Bu biziň öz pikirimiz. Ýöne biz munuň geljekde şeýle ediljekdigine berk ynanýarys. Sebäbi hakykat hiç wagt ýerde ýatmaýar, oňa iru-giç hökman gaýdyp gelmeli bolar.
Biz bu gün öz taryhymyz barada açyk ýazyp bilýäris. Öň ýazmaga, aýtmaga, dil ýaramaga het etmedik zatlarymyz barada hem ýez pikirimizi aýtmaga, ýazmaga synanýarys. Bu eýýäm bize garaşsyzlygyň beren zatlary. Bu gün hatyra günlerini bellemegem, şehitleriň ruhuna aýat-töwir etmegem garaşsyzlygyň beren zatlary. Muny hiç bir jähtden inkär etmek bolmaz. Ýöne men Gökdepe galasynyň ýykylan diwarlary galdyrylanda-da, galanyň içinden ullakan metjit salnanda-da, özüme ýer tapmadym. Sebäbi diýseň galanyň diwarlarynyň düýbi şehitleriň jaýlanan, köpçülikleýin topraga düýnelen ýeridi. Onsoň metjidiň fundamentiniň çukuryndan köp sanly adam süňkleri çykdy. Hatda eli çagaly jaýlanan gelniň süňkleriniň çykandygyny hem aýdýarlar. Ol gelniň goşarynda bilezigi bar eken. Şol bilezigi şu wagt hem barana görkezýärler ...
Bu waka meni kän oýlandyrdy. Eýsem-de bolsa, galanyň mazara öwrülen diwarlaryny gaýtadan dikeltmek gerekmidi? Onuň içinden metjit salmak hökmanmydy? Metjidi başga ýerden, galanyň daşyndan bir ýerden salanynda näme bolardy? Meniň pikirimçe, metjide ýygnanýan ýaşulularyň galanyň içini, ýagny ýitip giden mazarlary basalap ýörmesi hem bolanok. Bu meniň öz pikirim, elbetde. Ýöne bu uruş barada, bu gyrgynçylyk barada biz türkmeniň bütin taryhyna nazar salmak bilen oýlanmaly.
Biz öz serdarlarymyz, olaryň akyl-paýhasy barada badyhowa gürrüňler edemizde ýa-da halkymyzyň söweşjeň ruhy barada aýdamyzda ýerden aýagymyzy üzmejek bolmaly. Sebäbi diýseň, öwünmegiň hem, hakykaty ýoýmagyň hem diňe zyýany bar, peýdasy ýok. Gökdepe urşunda özüňe aşa ýokary baha bermegiň halkyň garşysyna ulanylan genoside gaty peýdaly bolandygyny ýatdan çykarmak bolmaz. Eger biz öz ýagdaýymyzy bilip, şoňa görä hereket eden bolsak, ganhorlar beýle aňsat ýeňiş gazanmazdylar. Biziň körlügimiz olaryň kyn işinde gaty kän ýeňillik döretdi.
1879-njy ýyldaky gala urşunda türkmenleriň duşmanyň üstüne çozuşyny suratlandyran gürrüňçi aýylganç bir sahnanyň keşbini çekýär. Onuň aýtmagyna görä, “daş-töwerek ýykylýan esgerden doly. Kimiň nädip ýykylýanyny, ýaralananyny ýa-da ölüp galanyny biler ýaly däl. Aman galanlar ýene öňe ylgaýarlar. Yzdan gelýänler ölenleriň jesedine, ýaralylara büdräp ýykylýarlar we ýerlerinden turup, ýene öňe ylgaýarlar. Ýolda ýykylýan gaty köp. ýekeje ok hem boş geçenok dien ýaly. Sebäbi gaty üýşmek bolup çozulypdy, märeke hem inine ýaýrandy, hem öňi-ardy ýokdy...”
Bu ganly sahna, bir tarapdan halkyň gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny görkezse, ikinji bir tarapdan, şol gaýduwsyz halkyň öňüne düşýän adamlaryň harby senetden gaty daşdygyny aýan edýär. Eýsem, eliň ýaragsyz, gylyç hem gyrkylyk bilen topuň hem tüpeňiň üstüne dökülmek ölümden başga näme berip biler? Ýa-da şeýdip ölmek halka näme berip biler? Bu soraglar şol wagtam jogapsyz galypdy, häzirem jogapsyz ýatyr. Biziň muny aýratyn nygtaýanymyzyň sebäbi bolsa, watançylyk hiç wagt watan üçin ölmegi aňlatmaýar, watançylyk watany goramagy başarmagy aňladýar, watany beýgeltmegiň hötdesinden gelmegi aňladýar.
Gökdepe pajygasynda, kyn-gyssaga düşen aýallaryň, çagalaryň, gojalaryň, “Yslama kuwwat ber!" diýip hudaýa ýalbarmaklary bolsa ikinji bir körlükden habar berýär. Okuň, oduň üstüne çozanlaryň, gözi ýok ýaly bolup ölüme gidenleriň “Alla” diýip gygyryp bu soňsuz heläkçilikde nähilidir gudratdan delalat gözlemekleri hem körlük.
Häzir dünýäde kän gürrüňi edilýän yslam fundamentalizimi türkmenlere şol wagt etjegini edipdir, olaryň gözüni gapyp, öz öýüni başyna ýumurmaga gatnaşmagyna getiripdir. Bu barada aýdýandygymyzyň sebäbi, häzir şol döwrüň din hadymlaryny nähak ýerden mahabatlandyrjak bolmak äheňiniň barlygydyr. Bu eýýäm öňki ýalňyşlygy gaýtalamak, şahsyetleriň halkyň öňündäki jogapkärçiligine kembaha garamak bolýar diýip pikir edýärin.
“Alla” dien gykylyklardan “Ura” dien gykylyklar güýçli çykyp ugranda, heläk boljaklaryna kemsiz düşünen türkmenlerem sagdyn pikiriň tarapyna geçip bilmändirler. Türkmenleriň maslygy depe bolanda-da, galadan gözüne urlan ýaly bolup çozuşa gidenler yzlaryna uly ýitgiler bilen gaçyp gelenlerinde-de, serdarlyk edip, hakykaty boýun alyp bilenler bolmandyr.
Şol pajygaly pursatda, gala gaçyp gelen öňki dyzmaç türkmenlere aýallaryň diýýän sözleri şu wagtam depe saçyňy syh-syh edýär. Olar pajygaly pursatda: “Siz näme üçin bizi bu ýere ýygnadyňyz?” “Näme üçin başyňyza telpek geýip, sakgal ösdürip ýörsüňiz?” “Namartlar! diýip gygyryşýarlar. Käbirleri bolsa, başlaryndan sypyryp alan gyňaçlaryny galgadyp, “Biziň arkamyzda gizleniň” diýip gygyrýar.
Ine, şu ýerde Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet hana dönük diýýän adamlaryň hakyky ýüzi açylýar. Ine, şu hili pursatlarda kör bilen gönliniň tapawudy bilinýär. Emma biz bu pursatlary, taryhyň beýik sapaklaryny, bize juda gymmat düşen sapaklary örän tiz unudýarys.
("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
()