Türkmen perzidentiniň söýgi aýdymy
29-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 54 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanyp guralan konsertde yglan edilmegine görä, “Saňa meniň ak güllerim” atly täze aýdymyň sözüni-de, sazyny-da prezidentiň özi ýazypdyr.
Internetde türkmen lideriniň öz doglan gününde aýdan söýgi aýdymy barada iňlis dilinde çap edilen ýazgylardan çen tutulsa, bu täzelik gysga wagtda bir-birege iň köp iberilen habarlaryň biri bolupdyr.
Angliýanyň The Telegraph gazetiniň Almatydaky habarçysy Riçard Oranj (Richard Orange) prezident Berdimuhamedowyň söýgi aýdymynyň 3500 tomaşaçyly zalda şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanandygyny ýazýar.
“Türkmenistanyň köp kösenen halky jenap Berdimuhamedowyň köp sanly we dürli talantlaryny görkezmelerine endik bolýar” diýip, Riçard Oranj sözüni dowam etdirýär. “Prezident aprelde paýtagt aýlawynda baýrak alan ahal-teke bedewine atlanyp, öz halkyny at çapmak ussatlygy bilen haýran edipdi.”
The Telegraph gazeti türkmen prezidentiniň häkimiýet başyna geçenden soň kän wagt geçmänkä diş doktory bolup işlän döwründe öwrenen saglyk hünärlerini mazamlamak üçin kiçiräk bir operasiýa edendigini, ýöne indi aýdym aýtmak göçüminiň Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kulty ýaly geň-taň bir ýagdaýa ösüp ýetmek alamatyndan habar berýändigini belleýär.
Şeýle-de gazet Saparmyrat Nyýazowyň özüne Türkmenbaşy, ähli türkmeniň serdary adyny alşyny, soňra bu ady ýanwara, ejesi Gurbansoltanyň adyny bolsa aprele dakyşyny, öz ýazan kitabyny mekdep okuwçylary üçin hökmany sapaga öwrüşini ýatlaýar.
Fransiýanyň AFP habar gullugynyň habarçysy Daniýel Mihailescu “Izolýasiýa salnan Türkmenistanyň prezidenti öz doglan gününi milli telewideniýede öz döreden aýdymyny aýdyp belledi” diýip ýazýar. Ol Berdimuhamedowyň özüniň adaty eşikde, gitara çalyp, aýdym aýdan konsertine barmandygyny belläp, döwlet telewideniýesiniň prezidentiň gitarasydyr akkordeony muzeýde “milli baýlyga we uly hazyna” öwrüldi diýip habar berendigini aýdýar.
AFP habar gullugy Berdimuhamedowyň ýurdy 2006-njy ýylda ýogalan Saparmyrat Nyýazowyň izolýasiýasyndan örän seresaplylyk bilen çykarmaga çalyşýandygyna hem ünsi çekýär. “Ol Türkmenbaşy diýip bilinýän Nyýazowyň käbir öte geçmelerini gowşatdy we geçen ýyl öz mirasdarynyň Aşgabatda Günüň ugruna aýlanýan altyn heýkelini göçürdi” diýip, habaryň dowamynda bellenýär.
“Ýöne synçylar Berdimuhamedowyň döwlet binalaryndan asylyp goýlan äpet suratlaryna salgylanyp, onuň özüniň hem şahsyýet kultunyň ösýändigini belleseler, tankytçylar bu ýagdaýyň gözboýagçylykdan gaty bir aňry geçmeýän reformalara zarba urmasyndan zeýrenýärler” diýip, Fransiýanyň Frans Pres agentligi ýazýar.
Azatlyk Radiosynyň Azathabar.com internet saýdyna komment, teswir ýazan diňleýjiler hem prezident Berdimuhamedowyň söýgi aýdymy hakynda öz pikirlerini orta atýarlar.
Adyny “Atsyz” diýip görkezen diňleýji prezidentiň döreden aýdymynyň “sözleriniň gowudygyny” belläpdir. Emma Taýlanddan “Zamar” diýen at bilen pikirini aýdan diňleýji “aýdymyň sazynyň gowudygyny, özüne ýarandygyny” belläp, ol sazyň “özbek sazyndan alnandygyny, arasynda üýtgedilen ýerleriniň bardygyny” ýaňzydýar.
“Bagyrly” diýen at bilen pikirini aýdan diňleýji bolsa, “ikinji aýdan kim, bir adam-a däl” diýip, gysgadan anyk sorag beripdir. Bu soraga “Kerim” diýen at bilen hat ýazan diňleýji özüçe jogap bermäge synanypdyr. Ol bu tehnikany professional aýdym bilen meşgullanýanlaryň bilýändigini, aýdymda Berdimuhamedowyň sesiniň bardygyny, emma onuň ikinji derejeli “fon” sesi görnüşinde gidýändigini, birinji derejeli sesiň bolsa başga bir professional aýdymçynyň sesidigini ýazýar.
Kerimiň pikiriçe, bu tersine bolmaly. Ol hakyky estrada sungatynda aýdymçynyň sesiniň birinji derejeli bolýandygyny, ikinji derejeli “fon” sesleriniň bolsa oňa effekt bermek üçin ulanylýandygyny aýdýar.
AFP habar gullugynyň “Türkmenistanyň prezidenti öz doglan gün aýdymyny aýdýar” atly makalasynyň aşagyna ýazylan kommentlerde aýdylmagyna görä, bu habar çap edilen wagtyndan soň geçen az wagtda bir-birege iň kän iberilen täzelikleriň biri bolupdyr.
Teýlor Swift diýen biri bosa onuň aşagyna “Meniň ilkinji oglumyň adyna Gurbanguly dakylar” diýip ýazypdyr.
Azatlyk radiosy üçin ýazyldy we efire berildi.
()