“Biz köşki-eýwanyň haýranlary däl...”
21 ýaşyndaky student Aýat al-Gormezi Bahreýniň paýtagty Manamanyň Göwher meýdançasyna ýygnanan demokratiýa tarapdar protestçileriň öňünde okan goşgulary üçin 30-njy martda tussag edildi. Bahreýniň ýörtite howpsuzlyk tribunaly ony 2-13-nji iýun aralygynda sud edip, döwlete garşy jenaýatda, şol sanda patyşa maşgalasynyň agzalaryny masgaralamakda we rejime ýigrenç döretmekde günäli tapdy. Suduň karary esasynda şahyra bir ýyl türme tussaglygy berildi.
Halkara Pen kluby al-Gormeziniň sud seljerişliginiň halkara adalatlylyk standartlaryna laýyk geçirilmändigini aýdýar. Adam hukuklaryny goraýan Halkara Günä geçiş guramasy bolsa bu suddan soň Bahreýniň söz azatlygyny inkär etmesini tankytlady. Aýdylmagyna görä, tussaghanada ýowuz daraşylanlygy üçin, şahyr tutulanyna kän wagt geçmänkä hassahana ýerleşdirilipdir. Aýat al-Gormezi bir goşgusynda şeýle diýýär:
“Biz köşki-eýwanyň haýranlary däl,
Ýa-da ölüp-öçen häkimýet diýip.
Biz adamlar kemsitmäni ýok etjjek,
Bes diýjek ýaşama hunaba iýip...”
Halkara Pen kluby Aýat Al-Gormeziniň bir ýyl türme tussaglygyny ýazgarýar we onuň, şeýle-de Bahreýnde häzir öz pikir-garaýşyny parahatçylykly usulda aýtmaga synanyşany üçin tussagda saklanýan ähli adamlaryň derhal, hiç bir şertsiz azat edilmegine çagyrýar.
Aýat al-Gormeziniň “Halifa” (“Premýer ministr”) diýen goşgusy türkmen okyjylarynyň hem göwnünden turar öýdýäris.
Aýat al-Gormezi, bahreýn şahyry
Halifa
Eý ýaşuly,
Diňle meni,
“gowy adam”, “adalaty goraýan”,
(özüň şeýle diýip aýdardyň muny)...
Eger men seň üçin bahana tapsam,
Ýuwmarlasam seniň eden zatlaryň,
Görnerin daşymdan samsyk mysaly;
A sen öz ýoluňy dowam edersiň,
Öldürersiň bizi “dönükler” ýaly.
Diňle meni:
Diňle biziň ählimiz,
Sebäbi birmeňzeş hemmäniň dady,
Mezhepleriň bary, bar Bahreýin,
Senden bidat edip, çekýär perýady.
Sen gitmeli.
Onuň Aly Hezretin
Al ýanyňa, özüň bilen galdyrma,
Galdyr yzda diňe edilen zady.
Sen, zalym,
Nireden alýarsyň kuwwat,
Öz halkyňy gysyp-gabap saklara;
Ähli halky,
Aýal-oglan-uşagy,
Hatda erkekleri, çekjek deý dara?
Sen ýene-de “dialoga” çagyrýaň,
Zulum-sütemiňe hiç bermän ara?
Ýok!.. Ýok!..
Ýeke söz: Ýok!
Ýeke talap, besdir indi:
Ber sen biziň Bahreýnimiz yzyna.
Gaýtar ýurdy halkyň özüne ýene,
Bize, şu watanyň ogul-gyzyna.
Biziň Bahreýnimiz bolsun biziňki.
Goşgyny iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.
()