Gorky kölegesiniň uzynlygy
Türkmenistanda ene-atalaryň köpüsiniň çagalaryna syýasatdan çeke durmagy tabşyrýandygy aýdylýar. Ýöne bu köpçülik çärelerine goşulmakdan, hökümetde degerli ýa “düşewüntli” wezipe eýelemekden çeke durmagy aňlatmaýar. Ýogsam bolmanda, Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri repressiýa sezewar bolan uly hökümet işgärleriniň sany režimi tankytlan adamlara garanda has kän görünýär.
Ene-atalar “syýasatdan çeke dur” diýenlerinde köplenç oppozision syýasaty, şol sanda režime tankydy garaýşy we şeýle garaýyşly adamlar, žurnalistler bilen ol ýa-da beýleki derejedäki gatnaşygy nazarda tutýarlar. Ýerli synçylar bu ýagdaýy häkmiýetleriň başgaça pikire çydamsyzlygy bilen düşündirýärler.
Ýewropa ýurtlarynyň birinde okaýan Maksat (ady üýtgedilip alyndy) ene-atasynyň syýasatdan ýedi menzil uzakda durmagy her telefon gepleşiginde tekrarlap tabşyrýandygyny aýdýar.
Birleşen Ştatlardan Azatlyk Radiosyna telefon eden bir türkmen raýaty bolsa, öz ýaşaýan şäherinde okaýan we okuwyny gutaran türmenistanlylaryň 80 çemesidigini aýtdy. Ol özara gürrüňçilikde hem tankydy pikirden çeke durýandyklaryny, bir çäre geçirseler, ilki törden prezidentiň suratyny asýandyklaryny, ýogsa köpüsiniň ýurtdaky işsizlik we korrupsiýa sebäpli yzyna gaýtman, nälaç bosgunlykda ýaşaýandygyny gürrüň berýär.
“Erkekler aýallaryň arkasyna bukulýar”
Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt hökmünde tankyt edilýär. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistan dünýäde tussaglaryň iň köp günäsi geçilýän ýurt bolup görünýär. Mysal uçin, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy 2005-nji ýylda 13 ýyl içinde 140 müň tussagyň günäsiniň geçilendigini aýtdy.
Režimiň tankytçylarynyň käbiri hökümetiň mümkin boldugyça kän adamy türmeden geçirip, halky gorkuda saklamaga, syýasy işjeňligi kemeltmäge çalyşýan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Natalýa Şabuns halk içinde ornan gorkynyň erkekleri aýallaryň arkasyna bukulmaga mejbur edýändigini gürrüň berdi.
“Mysal üçin, haýsam bir problema bolsa, öz ýaşaýan jaýymdaky ýagdaýdan bilşime görä, mesele çözmek üçin aýallary öňe sürýärler, erkekler bolsa olaryň arkasyna bukulýar” diýip, Şabuns Azatlyk Radosyna aýtdy. Ol munuň sebäbini erkekleri tussag etmegiň has aňsatlygy bilen düşündirýär.
Aşgabatda ýaşaýan syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmädow Nyýazow döwründe syýasy sebäpler esasynda türmä basyldy. Onuň pikiriçe, häzir ilatyň syýasy işjeňligii sowet döwründäkiden hem has aşakda.
“Üýtgedip gurmak dowründe halkyň syýasy galkynyşy netijesinde “Agzybirlik”, Demokratik partiýa, Sosial demokratik partiýa, studentleriň formal däl “Maksat” syýasy birleşmesi hem-de Telekeçileriň we himiýa senagatynda işleýänleriň profsoýuz guramalary döräpdi” diýip, Nurmämmedow ýatlaýar.
Ol “häzir şeýle galkynyşyň döremegine goltgy berjek pozitiw syýasy hem ykdysady şert ýok, negatiw şertler welin bar” diýýär.
Hökümet we halk
Türkmenistan sebitde ýeke partiýaly we metbugatyň doly döwlet kontrollugynda saklanýan ýeke-täk ýurdy bolup durýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň fewralynda ýylyň dowamynda syýasy partiýalaryň hasaba alnyp bilinjegini aýtmagy bu ýagdaýyň üýtgemegine umyt döretdi. Emma N. Nurmämmedow bu beýanatyň hem halkyň syýasy aktiwligini ýokarlandyryp bilmändigini, sebäbi “halkda hiç zada, şonuň bilen birlikde hökümete hem ynamyň galmandygyny” aýdýar.
G. Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň iýul aýynda “ýurtda demokratiýany, adam hukuklaryny, söz we pikir azatlyklaryny berjaý etmegi, olary mundan beýläk hem ösdürmegi” wada beripdi, “bu ugurlarda yzygiderli ösüşi üpjün ederis” diýipdi.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda demokratiýa, söz we pikir azatlygyna agzalalyga getirjek, ýurdy bulajak zat hökmünde howatyrly garamak saklanyp galýana çalym edýär. Döwlet eýeçiligindäki metbugatda Türkmenistanyň sebitde durnuklaşdyryjy faktor bolup çykyş edýändiginiň yzygider nygtalmagy hem şu pozisiýadan gelip çykýana meňzeýär. Emma synçylaryň arasynda bu durnuklylyga ynanmaýanlar hem bar.
“Ýalan durnuklylyk”
Germaniýadaky “Eurasia Transition” toparynyň başlygy Maýkl Laubş Aşgabatda 2008-nji ýylyň sentýabrynda bolan atyşyk bilen bagly pikiri soralanda Türkmenistanyň sebitde durnuklaşdyryjy faktor hökmünde suratlandyrylmasynyň ozal hem ýalan bolandygyny, şindi hem ýalandygyny aýtdy.
Golaýda Türkmenistandan Ýewropa gelen we adynyň aýdylmazlyk şerti bilen pikirini paýlaşan türkmen telekeçisi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde häzir dünýä derejesinde ezilen halklar zalym hökümdarlara garşy aýaga galýar, emma türkmen halky bu rewolýusiýadan gaty uzakda diýdi. Onuň pikiriçe, bu uzaklygyň sebäbi hususyýetçilige ýol berilmezligi, umumy medeni derejäniň, syýasy aň-düşünjäniň pesligi bilen bagly.
Ol: “Häzir biz çagalarymyzyň iýjek çipsisine çenli daşardan getirýäris, bu gidişde diňe Hytaýyň däl, Owganystanyň çig mal bazasyna hem öwrülip bileris” diýýär.
Aşgabatly aktiwist N. Nurmämmedowyň pikiriçe, garaşamakdan sabyr käsesi dolan halk ahyry arap ýurtlaryndaky ýaly ýagdaýa baryp ýetýär. Ýöne ol türkmen halkynyň gorkýandygyny hem sözüniň üstüne goşýar.
“Häzir ilatyň jaýy zeruryýetsiz ýykylyp duransoň, profsoýuzlar ýok edilensoň, adama arz edip barmaga ýer galmansoň, halkyň kalbyny gorky gaplap aldy diýsegem ýalňyşmarys öýdýän – diýip, Nurmämmedow aýdýar. – Adam indi hak-hukugy üçin göreşmekden-ä geçen, aglamakdanam gorkýar. Sebäbi aglan adamam gara sanawa düşýär” diýip, N. Nurmämmedow aýdýar.
N. Nurmämmedowyň pikiriçe, häkimiýetler “hiçden giç ýagşy” diýip, düzüw reformalara başlamaly.
Adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen telekeçisi gorkudan çykmagyň ýoluny rewolýusiýada däl-de, synpy bähbitleri goraýan bileleşikleri döredip başlamakda görýär.
Makala Azatlyk radiosynda efire berildi.
()