Täze telekanal, "beýik işler" we Internet nesliniň talaby
Türkmenistanda döwlet eýeçiliginde ýene bir telekanal döredilýär. "Aşgabat" diýlip atlandyrylan täze telekanal san boýunça ýurduň altynjy telekanaly bolar. Ol şu ýylyň oktýabryndan işe başlar we gije-gündiziň dowamynda 15 sagat gepleşik berer.
TDH täze telekanalyň döredilmegini ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerini ösdürmäge tarap ädilen nobatdaky ädim hökmünde häsiýetlendirýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň fewralynda türkmen döwletiniň döredijilik işgärleri barada hemişe alada edýändigini, bu ugurda millionlap maliýe serişedesini goýberýändigini, emma bu çäreleriň häzirlikçe garaşylýan netijeleri bermeýändigini aýdypdy.
Mundanam başga ol döredijilik işgärlerini döwrüň talaplaryndan yza galmakda, ýüzleý işlemekde, öz borçlaryna jogapkärçiliksiz çemeleşmekde aýyplapdy.
Beýik işler we watançylyk
"Beýik işleri beýik adamlar amala aşyrýarlar. Siz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri hemme taraplaýyn goldamalysyňyz" diýip, prezident Berdimuhamedow döredijilik işgärlerine aýdypdy. Onuň pikirine görä, türkmen žurnalistikasy hem garaşylýan belentliklere çykyp bilmeýär.
Täze telekanal, resmi habarlara görä, halkyň amala aşyrýan beýik özgerişlerini, gazanýan üstünliklerini, garaşsyz, bitarap Türkmenistanda, şeýle-de paýtagt Aşgabatda alnyp barylýan işleriň gerimliligini ussatlarça açyp görkezýän we propaganda edýän ýokary hilli telegepleşikleri döretmeli. Bu gepleşikler bolsa, öz gezeginde, raýatlaryň öz döwletlerine buýsanjyny köpeltmeli.
Ýöne garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew ýerli žurnalistleriň öňünde goýulýan waspçylyk talabynyň türkmen okyjylaryny, diňleýjilerini we tomaşaçylaryny türkmen metbugatyndan daşlaşdyryp, daşary ýurt, hususan-da rus, türk, azeri, özbek telekanallaryny görmäge iterýändigini aýdýar.
Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew türkmen metbugatynda kän wagtdan bäri çykyş edýär. Ol täze telekanalyň ýurt üçinem, telegörüjiler üçinem nähili bähbitli tarapynyň bardygyny bilmeýändigini aýdýar we türkmen metbugatynda şol bir zatlaryň gaýtalanyp, lenç edilýändigine ünsi çekýär: "Diňe çykyş edýän adamlaryň daş keşbi ýa-da gepleşikleriň ady üýtgeşik diýmeseň, diýilýän zat bäş telekanalda-da şol bir zat".
Açylyşmy ýa ýapylyş?
Düýbi Londonda ýerleşýän "Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň" "Özgerdilýän" Türkmenistanda gorky we basyş" atly makalasynda türkmen raýatlaryna telefonda hem nägilelik gürrüňini etmegiň bolmaýandygy, bu ýurtda repressiw atmosferanyň öňküsi ýaly saklanyp galýandygy bellenilýär. Şeýle-de bu makala türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistany daşary ýurtlularyň gözüne reformirlenýän ýurt edip görkezmek isleýändiklerini aýdýar.
Emma ýazyjy A.Bugaýew, eger telegepleşikleriň mazmuny üýtgedilmese, telekanallaryň sanyny köpeltmek bilen syýasy utuş gazanyp boljagyna ynanmaýar.
Türkmenistanda häkimiýet çalşanda ýurduň açylmagyna, Internet elýeterliliginiň giňemegine umyt baglandy.
Türkmenistanda häkimiýet çalşanda ýurduň açylmagyna, Internet elýeterliliginiň giňemegine umyt baglandy. Dogrusy, prezident Berdimuhamedowyň bilim reformasy, Internet babatda beren wadalary, bu ugurda käbir äden ädimleri şol umydy güýçlendiripdi. Emma geçen ýyl Orsýetiň MTS telefon kampaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň soňlanmagy we netijede iki milliondan gowrak adam üçin telefon, Internet hyzmatynyň kynlaşdyrylmagy, ondan öň, 2009-njy ýylda Türkmenistanda işleýän iň soňky halkara jemgyýetçilik guramasy bolan "Serhetsiz lukmanlaryň" ýurtdan çykarylmagy synçylara resmi Aşgabadyň açylmakdan ýapylmaga dolanýandygyny aýtmaga esas berdi.
Daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, öz pikiriňi aýtmak hem Türkmenistanda halanmaýar. Annagurban Amangylyjow, Sapardurdy Hajyýew dagy Nyýazow döwründe fransuz telekanaly bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin, galplaşdyrylan jenaýat işi bilen türmä basyldy we henizem tussagda otyrlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän ýerli synçylaryň, graždan aktiwistleriniň hem bir toparynyň telefonlary ýapyklygyna galýar.
Internet nesliniň talaby
Şwesiýada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Halmyrat Söýünow ozal "Klasdaşlar" diýen Internet saýtynda"duşuşýan" ildeşleriniň hem 4-5 aý bäri "görünmeýändigini" aýdýar. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda häkimiýetler ýaşlaryň özara gatnaşygyndan, olaryň pikir-düşünjesinden, hususan-da, daşary ýurtlara gidip, ol ýerdäki erkin ýaşaýyşy gören ýaşlaryň ýurtdaky ýaşlaryň düşünjesine täsir ýetirmeginden alada edýär.
"Türkmenistan daşyna sim çekilmedik bir türme, ol döwlet däl, bu ýurtdan ozal daşary ýurda okuwa gitmek görgi bolsa, dolanyp geleňsoň, iş tapmak görgi" diýip, Söýünow aýdýar. Şol bir wagtda ol ýurtda ýöredilýän kadrlar syýasatynyň Nyýazow döwründäkiden beýle bir üýtgemeýändigini, henizem şahsy wepalylyk, ýaranjaňlyk, korrupsiýa ýolundan barylýandygyny aýdýar.
"Beýle ýagdaýda daşary ýurtlarda gowy bilim alan türkmen ýaşlary ýurtda öz gelejegini görmeýär, sebäbi olar ýaranjaňlyk edip, ýalan sözläp, para alyp ýa para berip, işlemek islmeýär" diýip, Söýünow häkimiýetleriň ýetişip gelýän Internet nesliniň etjek kanuny talaplaryndan alada galýan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär.
Söýünowyň pikiriçe, täze nesliň durmuş talaplaryny propaganda bilen däl-de, iş ýerleri, gowy durmuş, ýaşaýyş mümkinçilikleri, hakyky kanuny kepillik we doly açyklyk hem azatlyk bilen kanagatlandyryp bolar.
Azatlyk radiosynda efire berildi.
()