Berdimuhamedow türkmen Nikitasy bolarmy?
Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary Nikita Hruşýewiň Kompartiýanyň 20-nji gurultaýynda sowet diktatory Iosif Staliniň şahsyet kultuny paş edenine şu gün, 25-nji fewralda 55 ýyl dolýar.
Bu waka 1956-njy ýylda, Staliniň ölüminden üç ýyl soň boldy we, 50 ýyl soň, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň «ömürlik prezidenti» Saparmyrat Nyýazow ýogalanda türkmen Nikitasynyň döremegine umyt döretdi. Ýöne ondan bäri dört ýyl gesçse-de türkmenbaşçylyk resmi ýazgarylmaýar. Eýsem Staliniň resmi ýazgarylmagy bilen türkmen reallyklarynyň arasynda nähili baglanyşyk bar?
Nikita Hruşýew Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň 20-nji gurultaýynyň münberinden «Stalin gödek, ýoldaşlaryna ünssüz, ynjyk we häkimiýeti hyýanatçylykly ulanýar» diýip, W.I.Leniniň syýasy wesýetnamasyna esaslanyp aýdypdy we ony was-waslykda, gowy adamlary ýok etmekde hem köpçülikleýin terrory gurnamakda aýyplapdy.
Staliniň şahsyýet kulty
«Partiýanyň Merkezi Komitetiniň agzalarynyň we agzalyga kandidatlaryň 70 prosenti, ýagny 17-nji gurultaýyň delegatlarynyň 139-syndan 98 sanysy Staliniň buýrugy bilen tussag edildi we atyldy. Gurultaýyň 1966 delegatyndan 1108-si kontrrewolýusiýa etmişlerinde aýyplanyp tussag edildi. 1937-nji ýylda kontrrewolýusiýa etmişlerinde aýyplananlaryň we tussag edilenleriň sany öňki ýyla garanda 10 esse köpeldi» diýip, Hruşýew stalinçiligiň pidalarynyň ýalana çykaryp bolmajak sanlaryny getiripdi.
Ýöne bu paş edişlik ýapyk gapylaryň aňyrsynda boldy we Hruşýewiň doklady sowet halklary diýilýäne diňe 1989-njy ýylda, Gorbaçýowyň üýtgedip gurmasy mahalynda giňden elýeterli edildi. Şondan soň Orsýetde, şol sanda öňki sowet respublikalarynyň hem bir toparynda stalinçilik hakynda has töwerekleýin, has çuňňur analiz etmäge, pikir öwürmäge, netije çykarmaga mümkinçilik döredi.
Türkmen şahyry Saparmyrat Öwezberdiýew 2003-nji ýylda öz çagalygynyň stalinçilik propagandasyna gabat gelşini ýatlap, şeýle diýipdi: «1949-njy ýylda biz Bäherdende çagalar bolup aýdym aýdýardyk. Şonda şeýle setirler bardy:
Stalin kaka,
Satylýar köke,
Aljakdym welin,
Ýykyldym gorpa…
Emma stalinçiligiň aňly-başly adamlar üçin gorp bolanlygyna hemmeler düşündi ýa ony zalym diktator, eli ganly jellat hökmünde ýazgardy diýip aýdyp bolmaz.
«Nyýazow «Men Stalini okaýan» diýdi…»
Staliniň tarapdarlary, şol sanda onuň agrar ýurtdan ýadro ýaragly güýçli döwlet döredendigini aýdýanlar şu günki gün hem az däl. Şol sanda Nyýazowyň döwründe «Ruhnama» esasynda okadylan oglan-gyzlaryň hem türkmenbaşyçylygy goldaýanlary, uly adamlaryň arasynda hem Nyýazowyň uly syýasatçydygyny tassyklaýanlar bar.
«Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hakykatdanam ýöne bir şahsyet, ýöne bir ynsan däl-de, Allatagala tarapyndan berlen, welilik bilen, halatlylyk bilen, Arşdan arkalylyk bilen tapawutlanýan ynsan» diýip, türkmen telewideniýesinde çykyş eden raýatlaryň biri aýdypdy.
Ýakyndan tanaýan adamlar S.Nyýazowyň stalinçiligiň ýazgarylmagyna garşy bolandygyny, hatda onuň dolandyryş usullaryndan nusga alandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow S.Nyýazowyň bir ýygnakda Stalin barada diýen sözlerini şu günki gün hem ýadynda saklaýar: «Nyýazow men Stalini okaýan, Stalini öwrenýän diýdi. Ol muny höwes bilen aýtdy» diýip, Hanamow şol wagt «Bu 1937-nji ýyly başymyza getirmese ýagşy» diýip, alada edendigini ýatlaýar.
Stalin barada ýazylan işlerde getirilýän taryhy dokumentler, arhiw maglumatlary leninçi bolşewikleriň baştutanlygynda 1917-nji bolan döwlet agdarlyşygyndan soň ozalky Patyşa Russiýasynyň agalyk edýän giňişliginde ýaşaýan halklaryň sowatly, bilimli, düşünjeli gatlagynyň gyrgyna berlendigini, bu döwürde alnyp barlan ýowuz syýasat netijesinde millionlap adamyň, garrylaryň, aýallaryň we çagalaryň açlyk-horluga sezewar bolandygyny tassyklaýar.
Nyýazowyň tankytçylary onuň sowet döwründe ýetişen we özüne bäsdeş bolup biljek bilimli adamlary çoçgara çolaşdyrmazdan öň emeli işsizlik döretmek arkaly halky bilkastdan barha kän jenaýatçylyga, türmä itekländigini aýdýarlar.
Häzir türkmen türmesinde oturan dissident Gulgeldi Annanyýazow Norwegiýada bosgunlykda ýaşaýan wagty stalinçilik bilen türkmenbaşyçylygyň arasynda kän meňzeşligiň bardygyny, Nyýazowyň halkyň gözüni gorkuzmak üçin neşe, türme duzaklaryny «ussatlarça» ulanandygyny aýdyp, şeýle diýipdi: «Türmede oturmadyk az-az galdy, özem (Nyýazow) ilkiler bir gepinde aýdar ýörerdi «aý, biziň halkymyz Stalinden gözi gorkan, bular kän kellesini galdyrmaz» diýip…»
S.Nyýazow telewideniýede berlen çykyşlarynyň birinde Stalin baradaky hakykatyň aýdylmagyna garşylygyny, onuň tankytlanmagyny halamaýanyny tassyklap, «düýn Staline «beýik, genialnyý, generalissimus» diýip ýörenler bu gün Stalini «jenaýatçy» diýip ýörenem bar, adamyň akylyny üýtgetmek ýeňil zat» diýipdi.
Türkmenistanyň hakyky açylyşy nämä bagly?
Nyýazow bu günki gün Türkmenistanda gitdigiçe az ýatlanylýar. Ýöne ýerli synçylar Türkmenistanyň hakyky açylyşynyyň we reforma ýoluna düşmeginiň türkmenbaşçylygyň resmi ýazgarylmagyna baglydygyny aýdýarlar. Mysal üçin, Nyýazow ýogalandan soň türkmen režimi barada ýazylan makalalaryň käbirinde G.Berdimuhamedowyň türkmen Nikitasy bolmak ähtimallygy barada umytly pikirler aýdyldy.
Paýtagt Aşgabatdaky Nyýazowyň iň beýik heýkeli aýryldy, 2010-njy ýylyň awgust aýy.
Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bilermeni, professor Leonid Fridman Hruşýewiň taryhy paş edişliginiň Staliniň ölüminden üç ýyl soň edilendigini we Türkmenistanyň SSSR däldigini, ilatynyň sany boýunça-da, beýleki görkezijiler boýunça-da has pes derejeli ýurtdugyny aýdýar. Onuň pikiriçe, hut şu sebäpden hem aýgytly öwrülişigiň bolmazlygy geň däl.
«Emma ondan bäri dört ýyl geçdi. Men şu sebäpden aýgytly döwür gelýär diýip oýlanýaryn» diýip, professor Fridman Azatlyk Radiosyna aýtdy. «Häzirki türkmen ýolbaşçylary, şol sanda Arap Gündogaryndaky wakalaryň täsiri astynda we diňe bu hem däl, gapdalda Owganystanyň bardygyny hem unutmazlyk gerek, hökman ikiden birini seçmeli bolar» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Professor Fridmanyň pikiriçe, Türkmenistan sosial, syýasy, ykdysady liberallaşma ýolundan gitse gaty peýdaly bolar.
«Eger Türkmenistan, wagtlaýyn hem bolsa, syýasy kursy berkitmek ýolundan gitse, ýa-da ahyry bir ýerden çykarar-da diýip, akymyň ugruna ýüzse, bu ýolbaşçylar üçinem, şol sanda ýurt üçinem örän howply» diýip, professor Fridman Azatlyk Radiosyna Moskwada beren gürrüňinde aýtdy.
Azatlyk radiosynda efire berildi.
()