Il-gün hem haramlyk

Türkmende il-gün hakda gowy-gowy sözler bar. “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýilýär. Ýalňyşmasam, “Il bir akar suwdur, akar suwa bolsa haram ýokmazmyş” diýip, galamdaşlarymyň biri ýazypdy.

“Süri agsagyny bildirmez” diýen sözem il barda, bu “il egsigini hem süýrär, sana goşar” diýen manyda aýdylan söze meňzeýär. Gysgaça aýdylanda, “Il beýik” diýilýär. Adatça, il barada kemsidiji, ýaňsyly ýa oýlanyşyksyz, birtaraply gürrüň etmek edepsizlik, peslik saýylýar. Şu hili ýagdaýlarda “Mert özünden görer, namart ýoldaşyndan” diýen sözem aýdylýar. Ýagny biri başgany, ili günäläp, özüni aklajak bolsa, onuň bu hereketi namartlyk hasaplanýar. Magtymgulynyň “Namart aýyp gözlär dogan ilinden” diýen setirleri hem şeýleräk manyda düşündirilýär. Elbetde, bu setire başgaça düşündiriş berýänler hem bar.

Eger biri bir ýa birnäçe adam barada gürrüň edip, tutuş il barada tersiräk netije çykarjak bolsa, “Her tiräniň öz tentegi bar”, “Süri agsaksyz bolmaz” diýen ýaly sözler bilen onuň howuny basmaga çalyşýarlar. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, garaşsyzlyk ýyllarynyň ortalarynda türkmeniň il barada diňe gowy zatlary aýtmak ýa aýtjak bolmak, bolmasa-da dymmak häsiýetine bir zatlar bolýan ýaly göründi. Men muny toýda-ýasda, awtobus duralgalarynda we bazarlarda, dükanlarda eşiden gürrüňlerim esasynda aýdýaryn.

Dogrusy, türkmen iliniň (sowet halklary diýilýänler bilen bilellik-de, elbetde!) ahlagyndaky gaýtgynlyklar uruş ýyllaryndan, biraz soň bolsa 1960-njy ýyllardan soň adata öwrülen gyrp-çyrp ýaşaýyş ýöreleglerinden gaýdýar diýýänler-de bar.

Men 1970-nji ýyllaryň ahyrynda, student gurluşyk otrýadynyň hatarynda Orsýetiň Smolensk oblastynda işlemäge gitdim. Şonda biziň ýaşan obamyzda şähere gatnap awtobus sürýän bir adam bardy we oba ýaşlary oňa kolhoz başlygyna garanda hem has sylagly garaýardylar. Nämemiş, ol şäherde, arassa işde işleýärdi. Emma kolhoz başlygy obalylar bilen bile mal ýataklarynda-beýlekide çöp-çalama bulaşyp ýördi. Şol wagt biziň obalarymyzda başlykdan beter sylag-hormatly biri bolan bolsa, zawmag, magazin müdiri bolan bolmaly. Sebäbi oňa köp adamyň işi düşýärdi. Emma şäherde, paýtagtda başgarak howa bardy. Gurply ýa wezipeli, ýokarda degerli tanşy bar adamlaryň çagalary hukuk ugrundan, halk hojalygy ugrundan ýa saglygy saklaýyş ugrundan bilim, has dogrusy diplom almaga çalyşýardylar. Nämemiş, bu ugurlardan diplomyň bolsa, diňe gaty aýlyk bilen oňmaýarmyşyň, daşyndan düşewündiň köp bolýarmyş.

Bilnişi ýaly, sowet sistemasy baýlary, orta daýhanlary ýok edip, ýoksullary öňe çykarypdy we hemmeleri gyradeň hala salypdy. Bu sistemada hiç kim işläp baýap bilmeýärdi. Sebäbi onuň özeninde “sen işlän bol, biz tölän bolaly”, “sen başlyk, -- men samsyk, men başly -- sen samsyk” diýen ýaly ýazylmadyk ýörelgeler ýatyrdy. Bu ýörelgeler ruslar ýurdy basyp alanda “duşmanyna hem ýalan sözlemäýän halk” hökmünde häsiýetlendirilen türkmen halkynyň ahlak keşbinde aýylganç bir özgerşligiň bolup geçendigini görkezýärdi. Emma bu barada gürrüň etmek, başda-da aýdyşym ýaly, edeplilikden saýylmaýardy. Ýöne, seredip otursam, bu garaýyş hem üýtgeýän ýaly.

Men bu netijä bir seresap adamdan eşiden gürrüňim esasynda gelýärin. Ol dogrudanam gaty seresap adamdy we özüni “gorkak” atlandyrýardy. Emma ol şol gezek gorkusyz gürledi, “il-gün haramyny halaldan gowy görýän ýaly” diýdi. Ýogsa ol hemişe “il-gün beýik, ilime döneýin” diýen ýaly sözleri köp gaýtalardy. Men onuň bu pikiriniň sebäbini soradym.

“Daýym öldi, ol il-güni talap ýaşan adamdy – diýip, tanşym aýtdy. – Men onsoň, “bu bütin ömrüne kerpiç sawodynda işläp, ili talady, “ýüz kerpiç” diýip, segsen kerpiç satdy, il-gün muny jaýlamaga gelmez, men bir baraýyn” diýip, ýol aşyp, jaýlamaga gitdim. Barsam, daýymyň öýüniň daşynda maşyndan, adamdan ýaňa ýer-jaý ýok. Mollalar dagy, jynaza durjak bolup, bir-birini basalaýar... Men onsoň “il-gün halaly däl-de, haramy gowy görýän eken-ow” diýen netijä geldim”
diýip, tanşym ýüzüni aşak sallady. Men, dogrusy, oňa aýdara söz tapmadym.

()


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024