Ýer bolçulygynda mellek gytçylygy
Ýurduň iň gür ilatly Mary welaýatyndan gelip gowşan habarlara görä, Türkmenistanda ilaty mellek ýerleri bilen üpjün etmek meselesi häkimiýet çalşandan soň hem ýitiligine galýar.
Bu problemanyň mellek ýerleriniň, jaýlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, täze gurluşyk proýektleri ýa dürli bahanlar esasynda jaýlaryň ýykylmagy bilen has-da çynlakaý häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar. Ýogsam bolmasa, prezident G.Berdimuhamedow prezidentlige kandidatlyk wadalarynda ilata ýer bermek, maşgalalary jaý bilen üpjün etmek meselelerini hem gozgapdy.
Bäherdenli graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda hojalyklara mellek ýerlerini bermegiň on ýyldan gowrak gadagan bolandygyny aýdýar. Ol öz ýanyna gelýän raýatlaryň gürrüňlerine salgylanyp, on ýyldan gowrak mellek berilmezliginiň käte goňşy-golam arasynda oňşuksyzlyk döremegine hem getirýändigine ünsi çekýär: «Meniň ýanyma Gumdagdan bir maşgala gelýär. Onuň aýtmagyna görä, Gumadagda mellek ýeri berilmän, köçeleriň üstünde dawalar gidýär.»
Graždan aktiwistiniň pikirine görä, Türkmenistanda ilatyň sany az, ýer bolsa kän, şu sebäpden meseläniň gijikdirilmän çözülmegi gerek.
Bolşewikeleriň hem tapylmadyk wadasy
Patyşa Russiýasynyň ozalky koloniýasy bolan Türkmenistanda ilat bolşewikleriň ýerleri millileşdirmegi, ýagny döwletiň hasabyna geçirmegi netijesinde ýere bolan ata-baba hukugyny ýitiripdi. Gepiň gerdişine aýdylsa, bolşewikler ýeri daýhanlara, zawodlary işçilere bermegi wada edipdiler. Emma bu wadalar sowet režimi dargaýança ýerine ýetirilmedi. Ýöne sowet döwründe adamlara mellek ýerleri berildi. Bu ýeriň ölçegi ilki her maşgala üçin 32 sotka, 24 sotka bolan bolsa, soň dürli ýagdaýlar netijesinde 16, 12, 8 we 6 sotka edildi.
Geň ýeri, şeýle praktikanyň barlygyna, bu ugurdaky kanunlaryň häzir hem ykrar edilýändigine garamazdan, raýatlaryň mellek almagyndaky we öz alan ýerleriniň kanun eýesi bolmagyndaky kynçylyklar saklanyp galýar.
Türkmenistanyň Ýer hakyndaky kodeksiniň 25-nji maddasynda «Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň maşgalalaryna, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärlerine, şol sanda oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş hyzmatlary bilen bagly lukmanlara, mugallymlara we başga hünärli işgärlere…hususy eýeçilik hökmünde, jaý salynmak we hususy kömekçi hojalygy dolandyrmak üçin, satmazlyk, peşgeş bermezlik, çalyşmazlyk hem girewe goýmazlyk şerti bilen ýerli ýagdaýa görä 16 sotka ýer uçastogy berilýär» diýilýär.
«Birbada mellek berlip başlan ýaly göründi…»
Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň birbada ilata mellek ýerleriniň berlip başlanan ýaly görnendigini, emma bu işiň soňky döwrürde bütinleý diýen ýaly ýatyp galandygyny aýdýar.
Azatlyk Radiosyna ýerli ilatdan gelip gowuşýan habarlarda hojalyklaryň kanun esasynda mellek almak üçin beren arzalarynyň ýokardan girizilen gizlin gadaganlyk esasynda kanagatlandyrylmaýanlygyndan nägilelik bildirilýär.
Şeýle-de raýatlar bu meselede ýerli häkimiýetleriň ygtyýarynyň ýokdugyny, olary muny mellek sorap gelen, arza beren adamlara göni aýdýandyklaryny gürrüň berýärler.
Prezident öz golastylaryny günäleýär
Hökümet maslahatlarynda aýdýan sözlerinden çen tutulsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň ilaty ýaşaýyş jaýy, mellek ýerleri bilen üpjün etmegini yzygider talap edýär. Aýdaly, ol 2009-njy ýylyň başynda öz orunbasarlaryna döwletiň her bir raýaty ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek borjuny ýatladyp, şeýle diýdi: «Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazow, size Konstitusiýamyzda her bir raýatymyzy abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmekde döwletiň borjy baradaky bellenen düzgünleri ýatlatmak isleýärin. Bu ähli ýolbaşçylara degişlidir.»
Emma, prezidentiň özüniň hem tassyklaýşy ýaly, «ýerli ýolbaşçylar, welaýat we etrap häkimleri, ministrler, mejlisiň deputatlary obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen milli maksatnamany durmuşa geçirmekde talaba laýyk alyp barmaýarlar.»
Elbetde, mellek ýerleriniň berilmezliginiň dürli sebäpleriniň bolmagy mümkin. Ýerli synçylaryň käbiri bu ýagdaýyň ýerli ýolbaşçylaryň iş başarmazlygynyň netijesi bolup biljegine hem ynanman duramaýar. Ýöne olarda bu meseläni çözmek üçin ýeterlik ygtyýaryň we serişdäniň ýokudygyny aýdýan synçylar hem bar. Käbir pikirlere görä bolsa, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada berilýän görkezmeler döwlet tarapyndan gurulýan jaýlara alyjy tapmak zerurlygy sebäpli, emeli ýagdaýda, bilkastdan hem bökdelip biler.
Gurluşyk syýasaty
Garaşsyz žurnalist D.Ýazgulyýew soňky ýyllarda ilaty döwletiň gurýan jaýlaryndan jaý almaga iteklemek tendensiýasynyň duýulýandygyny aýdýar. Ol bu jaýlardan almak üçin banklardan uzak möhletli karz almalydygyny, emma ol serişdäniň oba ýerlerindäki kärendeçilere berilmeýändigini, sebäbi olaryň işli adam hasaplanmaýandygyny gürrüň berýär.
Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan barada çap edilýän makalalarda bu ýurduň territoriýasynyň Angliýanyň iki essesi ýa Fransiýanyň topragy ýaly giň territoriýany eýeleýändigi aýdylýar. Türkmenistanyň deňeşdirilýän ýurtlarynyň hersinde azyndan 60 million adam ýaşaýar. Onsoň, Türkmenistanyň ilat sany bilen, bu ýurtda mellek ýeri problemasy bolmaly däl ýaly. Onda näme üçin bu mesele ýyldan-ýyla geçip, barha ýitileşip barýar?
Ýerli synçylaryň köpüsi bu problemany S.Nyýazow döwründe alnyp barlan we häzir hem dowam edýän gurluşyk syýasaty bilen düşündirýär. Olaryň aýtmagyna görä, sowet ýyllarynda oba posýoloklary gurlup, infrastruktura döretmekde belli bir iş edildi. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda uly döwlet serişdeleri gymmat bahaly otelleri, ofisleri, metjitleri… gurmaga gönükdirilip, obalary giňeltmek, mellek üçin paýlap boljak ýerlere tok, gaz, suw, ýol çekmek işleri ünsden düşürildi.
Gelýän habarlar bu ýagdaýyň häkimiýet çalşandan soň hem o diýen üýtgemändigini tassyklaýar. Mysal üçin, prezident G.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda gurluşyklar we oba hojalygy barada söz açyp, «obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça milli maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi dowam etdirmeli, bu ugurda 1 milliard 700 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmaly» diýdi. Emma ol şu ýylda we 2011-nji ýylda 23 milliard 600 million amerikan dollarynyň iri gurluşyklara harç ediljegini aýtdy.
«Propagandadan işe geçmeli!»
Sowet ýyllarynda «Şäher bilen bäsleşip dur obamyz» diýip aýdym aýdylardy. Biziň gürrüňdeş bolan synçylarymyz oba erlerinde ýaşaýan ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrmakda propagadadan işe geçilmeldigini aýdýarlar.
Bäherdenli mugallym Sazak Durdymyradow ilata mellek erlerini bermek meselesi çözülse, munuň ýurtda işsizligiň azalmagyna, bazarlardaky gök hem maldarçylyk önümleriniň bolçulygyna hem täsir etjegini, il-günüň abadançylygyny berkitjegini aýdýar. Onuň pikirine görä, mellek ýerlerini bermekde bolmanda sowet ýyllaryndaky derejä galmaly: «Meniň pikirimçe, ýaşlaryň garaşsyz ýaşamagyny üpjün etmek üçin olara bolmanda 24 sotka möçberinde mellek ýerlerini bermeli.»
Graždan aktiwistiniň pikirine görä, kämillik ýaşyna ýeten her bir raýata, oguldygyna ýa gyzdygyna garamazdan, mellek ýerini bermegi haýdan-haý ýola goýmaly.
"Azatlyk" radiosynda efire berildi.
()