Gyrgyzystanda nämeler bolýar?

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Amirbek Usmanow bilen söhbet

Bäş ýyl mundan öň, 2005-nji ýylyň 24-nji martynda halk protestleri netijesinde Gyrgyzystanyň prezidentliginden çetleşdirilen Askar Akaýew Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugyna beren interwýusynda «Gyrgyzystanyň indi demokratiýanyň däl-de, eýsem jenaýatçylaryň adasy bolandygyny» aýtdy.

Askar Akaýewiň pikirine görä, Gyrgyzystanda demokratiýa dolanylmagy üçin bir maşgala dolandyryşy we konstitusiýa garşy häkimiýet iş başyndan aýrylmaly. Gyrgyz oppozisiýasy prezident Kurmanbek Bakyýewiň öz çagalaryny we dogan-garyndaşlaryny ýokary wezipelerden aýyrmagyny talap edýär. Olar halkyň Bakyýewiň özüne ses berendigini, onuň maşgalasyna ses bermändigini aýdýarlar.

Maglumatlara görä, Bakyýew öz dogan-garyndaşlary we çagalary bilen uly mukdardaky baýlygy we çäksiz häkimiýeti öz elinde jemläpdir. Eýsem, demokratiýanyň ýaşyl adasy hasaplanan Gyrgyzystana birden näme boldy? Näme üçin bu ýurt demokratiýadan awtorkratiýa dolanmakda tankyt edilýär? Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Amirbek Usmanow bilen Türkmen gullugyndan Ýowşan Annagurban söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Amirbek, Gyrgyzystan 1991-nji ýyldan soň, birsellem demokratiýanyň Merkezi Aziýadaky ýaşyl adasy hasaplandy. Emma indi biz bu ýurtda demokratiýanyň hem beýleki günbatar gymmatlyklarynyň ýagdaýy barada başga-başga zatlary eşidýäris. Eger gysgaça soramaly bolsa, Gyrgyzystana näme boldy we ol näme üçin öz awtoritar goňşularynyň ýoluna düşýär?

Amirbek Usmanow: Bu 2005-nji ýylda bolan we häkimiýet başyna Kurmanbek Bakyýewi getiren rewolýusiýanyň netijesi. Prezident Bakyýew halk tolgunyşklary mahalynda şol wagtky prezident Askar Akaýewe garşy yglan edilen ýörelgeden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürdi ýa-da olary üýtgetdi. Ol özi bilen bilelikde häkimiýetiň täzelenmegi, demokratiýa üçin deň durup göreşen egindeşlerini ussatlyk bilen häkimiýetden çetleşdirmegi başardy. Olaryň soňkularyndan biri hökmünde general Isakowy ýatlamak bolar. Oňa sudda sekiz ýyl iş kesildi.

Bakyýew öz häkimiýetini berkitmek üçin kem-kemden dolandyryş strukturasyny üýtgetdi. Häzir bolsa Konstitusiýany, Baş kanuny üýtgetmek barada iş alnyp barylýar. Ýagny, ol bir zat bolan ýagdaýynda öz saýlan adamsyny yzynda galdyrmak isleýär. Şu maksat üçin hem prezidentiň ýolbaşçylygyndaky Döwlet Geňeşi döredildi ýa-da ony döretmäge synanyşyk edilýär. Hut şol Geňeş hem adatdan daşary ýagdaý bolanda, prezident saýlamaly. Ozalky Konstitusiýada, tas bütin dünýäde bolşy ýaly, prezidentiň öz wezipesini ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda onuň wezipesini parlamentiň başlygy ýa-da premýer-ministr ýerine ýetirýär.

Azatlyk Radiosy: Amirbek, siziňçe, bu gidişde şu ýakynlarda nämeler bolar?

Amirbek Usmanow: Bar bolan ähtimallyklara görä, awtoritarizm ýa-da prezident Bakyýewiň şahsy häkimiýeti has-da beter berkär.

Azatlyk Radiosy: Amirbek, gyrgyz halky bu özgerişleri nähili kabul edýär? Olar öň parahatçylyk bilen hökümeti çalşyrmagyň hötdesinden geldiler. Indi olar bu ugurdaky tejribelerine garamazdan, hökümetiň ähli islän zadyny etmäge ýol bererlermi?

Amirbek Usmanow: Bu özgerişleriň ählisi gyrgyz jemgyýetçiligi tarapyndan dürli-dürli garşylanýar. Wezipeli adamlar, dolandyryjy partiýa bolan «Ak joluň» agalygyndaky parlament köplügi, bularyň ählisi prezident Kurmanbek Bakyýewiň täzeliklerini goldaýar. Olar oňa Konstitusiýany üýtgetmekde kömek edýärler. Oppozisiýanyň hatarynda bolan güýçli şahsyýetler ýa-da oppozision pikirli syýasatçylaryň we iş adamlarynyň bir topary soňky iki-üç ýylyň dowamynda ýurtdan gitdiler. Şonuň bilen bir wagtda oppozisiýa hem gowşady.

Emma muňa garamazdan, şu gysga döwür içinde ýurtda bir bütewi halk hereketi döredildi. Bu hereketden biraz soň bolsa «Il geňeşi» döredildi. Bu geňeşe güýçli şahslaryň hem bir topary girýär. Olar 1993-nji ýylyň Konstitusiýasyny dikeltmek isleýärler. Ol Konstitusiýa şol wagtky prezident askar Akaýew tarapyndan zor bilen hem ussatlarça üýtgedilipdi.

Bulardanam başga, Ömürbek Tekebaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Ata Mekan» partiýasy bar. Olar dürli-dürli aksiýalary guramaga çalyşýarlar we öz pikirlerini açyk aýdýarlar. Şol bir wagtda gyrgyz jemgyýetinde, adamlaryň arasynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň halkynda bar bolan gorky, çekinmek ýok. Şu sebäpdenem biziň «Azattyk» radiomyzyň diňleýjileriniň köpüsi, ýönekeý raýatlaryň köpüsi ýurtda bolýan zatlar barada pikirlerini açyk aýdyp, öz atlary bilen çykyş edip bilýärler. Şundanam halk köpçüliginiň ýurtdaky ugur-ýörelgäniň beýle üýtgedilmesini goldamaýandygyny görmek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, olar bu meselede bir zatlar edip bilermi, ýagny olaryň özgerişlik döredip bilmegi mümkinmi?

Amirbek Usmanow: Häzir ýagdaý biraz başgaça. Sebäbi prezident Bakyýew häkimiýete gelenden soň, ilkinji nobatda prezidentiň howpsuzlyk gullugyny, güýç gurluşlaryny berkitdi, olaryň aýlyk haklaryny gowy köpeltdi we şol bir wagtda olary nägileleriň garşysyna has başarnykly ulanýar.

Şu sebäpden men bu gezek ýakyn wagtlarda haýsydyr bir tolgunyşyklar ýa-da Askar Akaýewiň çalşyrylyşy ýaly, Bakyýewi çalşyrmak synanyşygy bolar diýip çaklamaýaryn. O mahal Askar Akaýewe garşy guralan tolgunyşyklar ýa hereket hakykatda üç, bäş ýyl dowam edipdi. Şol ýyllaryň göreşi netijesinde hem rewolýusiýa bolupdy. Bu gezek beýle mümkinçilik ýok ýa-da az.

Azatlyk Radiosy: Siz oppozision pikirli adamlaryň bir toparynyň ýurtdan gidendigini aýtdyňyz. Emma Gyrgyzystanda Akaýewiň ýurdy dolandyran ýyllarynda erkin pikirlenmegiň tagamyny alan intellektuallar ýurdy terk edenlerden kän bolmaly. Şol bir wagtda ol ýerde, Türkmenistandan tapawutlylykda, oppozisiýanyň heniz ýurt içinde işlemek, halka daýanmak mümkinçiligi bar. Ýagny, halk, siziň aýdyşyňyzdan, Türkmenistandaky ýa Özbegistandaky ýaly gorkuda däl. Bu ýagdaý oppozisiýany aktiwleşdirmeýärmi? Ýa olaryň başga kynçylyklary hem barmy?

Amirbek Usmanow: Syýasy synçylar, ekspertler aktiw çykyş edýärler. Gazet makalalaryndan çen tutulsa, intellektuallaryň birnäçesi, ilkinji nobatda ozalky döwlet sekretary Osmanakun Ibraýymow, ozalky adalat ministri Mukar Çolpanbaýew, professor Huseýin Isaýew we başga intellektuallar öz pikirlerini açyk aýdýarlar. Ýöne intellektuallaryň agramly böleginiň dymýandygyny aýtmak gerek. Häkimiýet bolsa olary dürli ýollar bilen satyn alýar.

Mysal üçin, kommunistik režim mahalynda Gyrgyzystana 25 ýyl ýolbaşçylyk eden, ýagny Gyrgyzystan SSR-niň MK-nyň öňki 1-nji sekretary Turdakun Usubalyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy Bişkekde uly dabara bilen bellenip geçildi. Oňa ullakan sylaglar berildi. Ýa-da bolmasa ýakynda halk arasynda örän bir meşhur ýazyja, halk ýazyjysy Tölegen Kasymbekowa kwartira berildi. Häkimiýet şeýle usulda intellektuallary satyn alýar.

Umumylykda alnanda, men intellektullar passiw diýmekçi. Sebäbi olar özlerine bir zat edilerinden, öz ýakynlaryna bir zat bolaryndan gorkýarlar. Ikinji tarapdan, olaryň alajy hem az. Eger işden aýrylsalar, nireden iş tapsynlar? Gepiň keltesi, saýlap-seçere zat az.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanda, aýdaly, öňümizdäki bäş ýylda nämeler bolar öýdýärsiňiz?

Amirbek Usmanow: Meniň pikirimçe, Gyrgyzystanda ýakyn bäş ýylda Kurmanbek Bakyýewiň ýa onuň ýakyn töwereginiň häkimiýeti has-da berkär. Muňa goňşy ýurtlardaky ýagdaý, Orsýet, Hytaý hem öz täsirini ýetirýär. Sebäbi Amerika öz ykdysady problemalary, Eýran, Owganystan bilen meşgul. Onsoň Gyrgyzystan öz goňşularyna barha köp meňzär diýip, pikir edýärin.

Söhbetdeşlik Azatlyk radiosy üçin guraldy we efire berildi.

()


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024