«Altyn asyr» köli: peýda känmi ýa-da zyýan?
BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň başlygy Miroslaw Ýençiň «Awaza» syýahat zonasynda geçýän halkara ylmy maslahatda aýtmagyna görä, «Altyn asyr» köli tebigat bilen sazlaşykly hereket etmegiň simwoly bolup durýar. Ýöne bu kölüň sebitiň ekologiki ýagdaýyny has ýaramazlaşdyrjagyndan alada bildirýänler hem bar.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň wekili Gawrat Topanreýna türkmen kölüniň ulanylmaga berilmeginiň asyryň wakasy bolandygyny aýdýar. Topanraýneniň «Altyn asyr» kölüniň sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahatda tassyklamagyna görä, «Altyn asyr» köli diňe bir ykdysady peýda getirmän, eýsem ilkinji nobatda Türkmenistanda, tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir etdi.
Türkmenistanda geçýän iki günlük ylmy maslahata dünýäniň 16 ýurdundan 180 gowrak alymyň we ekspertiň gatnaşýandygy aýdylýar. Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Foruma gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde konferensiýada ara alyp maslahatlaşmaga girizilen problemalar, öňe sürlen pikirler we teklipler Türkmenistanyň «Altyn asyr» kölüniň sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakdaky möhüm roluny has-da berkider diýilýär.
Şor suwlary gaýtadan ulanmagyň maslahaty
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýaýradan maglumatyna görä, maslahatda kollektor-drenaž suwlaryny ulanmagyň ylmy-tehniki, sosial-ykdysady we ekologiki aspektleri, zeý suwlaryny ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak ýaly pudaklarda ulanmakda gazanylanlar barada maslahat edilýär.
Şeýle-de maslahatda kollektor-drenaž işleriniň täsir ýetirýän zonasyndaky biologiki we geologiki durumuň özgermegi, zeý suwlaryny arassalamak we duzsuzlandyrmak baradaky täze tehnoloigiýalar we enjamlar dogrusynda gürrüň edilýär.
Gyrgyzystanly suw spesialisti Kaýrat Moldaşow Türkmenistanda şor suwlaryň ýygnalyp, gaýtadan ulanylmagy barada edilýän işleri gutlaýar we munuň ýurduň ykdysadyeti üçin möhümdigini, sebäbi Türkmenistanyň çöllük ýurtdugyny, ol ýerde suwuň her damjasynyň altyna barabardygyny aýdýar.
“Emeli köl sebitiň ekologiýasyna howp salýar”
Düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary institunynyň Merkezi Aziýaly bilermenleriň pikir-garaýyşlary esasynda taýýarlan analiz makalasynda bu kölüň sebitiň ekologiýasyny has-da ýaramazlaşdyrmak ähtimallygyndan alada bildirilýär.
Bu pikiriň tarapdarlary Türkmenistanda ýygnalan şor suwuň köp böleginiň aşagyndaky topraga siňjegini, bir böleginiň bolsa gyzgyn günüň astynda bugarjagyny we zäherli himiki maddalardan doly ýeliň çar tarapa ýaýrajagyny aýdýarlar. Olar Aral köli, Sarygamyş köli babatadaky ýalňyşlaryň gaýtalanmaly däldigini duýdurýarlar.
Türkmen ýazyjysy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, Türkmenistanda ýerleriň ummasyz kän mukdarda şorlaşmagy Garagum kanalynyň başky proýektiniň üýtgedilip, başga ýerden çekilmegi bilen bagly. Ol «Altyn asyr» kölüne ýeriň ýarasyny bejermek, ony şor suwlardan arassalamak nukdaýnazaryndan seredilse, munuň dünýä nusgalyk sogap işdigini, bu işi iki eliň bilen goldamalydygyny aýdýar. Ýöne Bugaýew emeli kölüň tebigata, ekologiýa ýetirjek zyýanynyň eýýämden bildirip başlanlygyna hem ünsi çekýär: «Altyn asyr» kölüne Ahaldan barmaly suw Garagumyň içinden, Ýerbent, Bokurdak ýaly gum içindäki obalaryň deňi bilen geçýär. Zeýkeşler gaty çuň bolansoň, eýýäm şol zeý suwlary ýerasty suwlara ýetdi. Adamlar zeýkeşiň geçýän ýeriniň 10-15 km daşlygyndaky kyrk gulaç guýularyň suwunyň tagamynyň eýýäm üýtgändigini aýdýarlar.»
A. Bugaýew Türkmenistanyň SSSR-de tokaýlyk boýunça dördünji orunda durandygyny, sebäbi şol wagt Garagumdaky sazak jeňňellikleriniň hem hasaba alnandygyny aýdýar. Onuň pikirine görä, zeý suwlarynyň Garagumyň ösümlik, janly-jandar dünýäsine hem ýaramaz täsir etmegi mümkin.
Resmi maglumatlara görä, «Altyn asyr» kölüniň uzynlygy 100 km, ini 19 km. Bu köle ýylda 10 milliard kubometr suw ýygnanmaly we soň ol suw gaýtadan ulanylyp, ýurda ullakan peýda getirmeli.
Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty synçylara salgylanyp, bu kölüň ummasyz mukdarda suw we pul iýjegini ýazýar. Bu institutyň maglumatyna görä, 2002-nji ýylda kölüň düşjek gymmatynyň dört milliard dollardygy aýdylyp, soňra bu çykdajy 6.5 milliard dollara ýetipdir.
Azatlyk radiosy üçin ýazyldy we efire berildi.
()