Nowruz: saz bir ýana, söz bir ýana
Türkmen telewideniýesiniň Nowruzyň ýurt möçberinde toýlanyşy baradaky reportažynda baýramçylygyň uly toý-dabara öwrülendigi habar berilýär.
Döwlet tarapyndan geçirilýän medeni çärelerde adat bolşy ýaly, bu gezekki Nowruz hem aýdym-saz, teatrlaşdyrylan sahnalar bilen bezeldi.
Döwlet eýeçiligindäki metbugat prezidentiň baş saglygyna berilýän sadakalarda adamlaryň döwlet baştutanynyň adyna alkyş okaýandygyny, onuň öňdengörüjilikli beýik işleriniň rowaçlanmagy üçin doga-töwir edilýändigini habar berýär.
Baýramçylyk günleri Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Leýli-Mežnun» operasynyň görkezilişi, paýtagtdaky Modeller öýünde milli lybaslaryň görkezilişi boldy.
Baýramçylyk mynasybetli guralan medeni çäreleriň tutumyndan çen tutulsa, Nowruz Türkmenistanda ählihalk baýramy hökmünde bellenilip geçilýär.
Türkmenistanda halk köpçüliginiň Nowruzy Gurbanlyk ýaly baýram etmeýändigini aýdýanlar hem bar. Mysal üçin, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew Ahal hem Balkan welaýatlarynda bu baýrama adamlaryň gatnaşygy barada şeýle maglumat berdi: «Ahal bilen Balkanda Nowruz diňe kürt obalarynda uly baýram hökmünde bellenilýär. Olar Nowruzy hakyky baýram edip, bir-biregiň öýüne barýarlar, gutlaýarlar.»
A. Bugaýewiň tassyklamagyna görä, halkyň galan bölegi, mekdep mugallymlary, ýokary klas okuçylary, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri öňden barmaly edilen medeni çärelere barýarlar. Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda Nowruz bilen bagly 40-a ýakyn çäre geçirilýär.
Baýramçylyk we işsizlik
Türkmen režiminiň tankytçylarynyň käbiriniň pikirine görä, hökümet baýramçylyklary ýurtdaky sosial meseleleriň üstüni örtmek, daşarky dünýä halky bagtly, aladasyz edip görkezmek üçin ulanmaga çalyşýar.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda uly işsizligiň emele geleni we on müňlerçe iş ýeriniň ýapylany, ilatyň işe ýaramly böleginiň müňlerçesiniň işini ýitireni, pensiýalaryň kesileni hiç kime gizlin däl.
Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň bu mesele belli bir derejede çözülmäge çalşylýar. Ýöne prezident Berdimuhamedowyň ilatyň pensiýa, kömek pullaryny dikeltmek baradaky karary ýurtdaky sosial meseleleriň hemmesini çözerden ejiz görünýär.
Şeýle ýagdaýda, syýasy sebäpler esasynda ýurt daşyna çykan Jereniň pikirine görä, hökümetiň adamlary ýasama toý-şowhuna gatnaşmaga mejbur etmegi nägilelikleriň has-da artmagyna getirip biler.
Derýa Atabaýew Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň internet saýtynda Türkmenistanda sosial üpjünçilik barada kabul edilen kanunyň ilatyň işsiz bölegini öz içine almaýandygyna ünsi çekýär.
Onuň aýtmagyna görä, «Häkimiýetler bu görnüşdäki adamlary görmeýärler, hasaba almaýarlar, olara kömek puluny tölemeýärler, mugt saglyk hyzmaty bilen üpjün etmeýärler».
Bäherdenli graždan aktiwisti, hasaba alynmadyk «Bähbit» partiýasynyň lideri Sazak Durdymyradow hem bu pikir bilen ylalaşýar. Ol Türkmenistandaky işsizleriň bir toparynyň diňe şu gününiň däl, ertirki gününiň hem garaňkydygyny aýdýar: «Häzir Türkmenistanda işsizlik örän ýiti mesele bolup durýar. Işsizleriň talabançylyk-beýleki edip güzeran dolaýanlary hem bar, emma olaryň zähmet depderçesi ýöremeýär» diýip, graždan aktiwisti aýdýar.
Hökümetiň medeni çäreleriniň güzeranyny kynlyk bilen dolaýan hojalyklaryň käbirini has kyn ýagdaýa salýandygyny aýdýanlar hem bar.
«Hökümet dabarlaryna gatnaşýan çagalaryny ile meňzeş geýindirmek üçin ýokdan bar edýän, bergä-borja batýan öýler hem kän. Sebäbi adamlar çagasynyň boýnunyň burulmagyny islänok, dabara gatnaşmak bolsa hökmany talap» diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew adýar.
Türkmenistanda aýdylan medeni çärä gatnaşmadyk döwlet gullukçysy işini ýitirmekden gorksa, okuwçy käýelmekden, ýüzüniň alynmagyndan gorkýar.
Iş ýerleri we salgyt
Türkmen lideri Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kampaniýalarynyň işçileriniň ýetmiş prosent çemesiniň ýerli ilatdan bolmalydygyny aýdýar. S. Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kampaniýalarynyň işçileriniň agramly bölegi daşardan getirilýärdi we olaryň aýlyklary ýerli işçileriň aýlyklaryndan has kändi.
Ýazyjy A. Bugaýew prezident Berdimuhamedowyň bu talabynyň işsizleriň bir toparyna iş ýerini döretjegini, netijede hor düşen hojalyklaryň müňlerçesiniň ezeneginden galdyryljagyny aýdýar.
Hasaba alynmadyk «Bähbit» partiýasynyň lideri Sazak Durdymyrat ýurtdaky sosial meseleleriň çözgüdini Nyýazow döwründäki populizmden el çekmekde we salgyt sistemasyny dogry ýola goýmakda görýär: «Ozalky prezident mydama men size salgyt salamok diýerdi. Bu düýpden bolmaýan zat. Mysal üçin, men mugallym, köne puldan 5 million manat aýlyk alýan bolsam, şondan 6-7 ýüz müň manat salgyt töleýän. Emma çopanlar ýüzläp-müňläp dowar edinýän bolsalar-da, salgytdan boşadylýarlar.»
S. Durdymyradowyň pikirine görä, bu hili zatlaryň soňuna çykylsa we hemmelerden girdejisine görä dogry salgyt alyp, az gazançly adamlara sosial kömek berilse, her öýde toý-baýram bolar.
Azatlyk radiosy üçin ýazyldy we efire berildi.
()