Gaýyn-giýewiň dawasy ýa-da post-sowet reallyklary
Gazak žurnalisti Ýeržan Karabek bilen söhbet
Ýowşan Annagurban. Ýeržan, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewisi Rahat Alyýewiň çap etdiren kitaby (“Godfather in-law”) ýa-da onuň öňki gaýnatasyny paş edişi barada gürrüň berseňiz? Öňki gaýyn-giýewiň arasynda nämeler bolýar?
Ýeržan Karabek. Şu ýylyň tomsunda, iýunda Nazarbaýewiň Gazagystanda häkimiýete gelenine 20 ýyl dolýar, ol häkimiýete sowet döwründe, 1989-njy ýylda gelipdi (Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow, Özbegistanda Yslam Kerimow dagy hem şol döwürlerde häkimiýete gelipdi). Şu 20 ýylyň içinde Nazarbaýewi tankytlaýan 5-6 kitap çap edildi. Olaryň köpüsi barada dymyldy, häkimiýet olary düýpden görmezlige saldy. Ýogsam bolmasa, olaryň arasynda hatda Nazarbaýewi gazak halkyna garşy gyrgyn syýasatyny alyp barmakda günäleýän kitaplar hem boldy.
Ý.A. Ýöne bu kitaba bildirilýän reaksiýa başgaça. Belki, şu barada gürrüň berersiňiz?
Ýeržan Karabek. Hawa, bu gezek dogrudanam başgaça boldy. Has dogrusy, Rahat Alyýewiň kitaby ullakan termoýadro bombasy partlan ýaly täsir döretdi.
Ý.A. Siziňçe, munuň sebäbi näme?
Ýeržan Karabek. Munuň sebäbi, meniň pikirimçe, bu kitap içerden, Nazarbaýewiň maşgalasynyň içinden çykan garaýyş boldy. Başga bir tarapdan, bu kitap Gazagystanda analatikleriň, syýasatçylaryň hem gaty azdygyny görkezýär. Syýasaty öwreniş ylmy hem senzura astynda, boglan ýagdaýda, syýasaty öwrenijeleriň hem käsi, käbir garaşsyz žurnalistleriň bolşy ýaly, gaty geň ýagdaýlarda wepat boldy. Hatda Gazagystanyň az sanly abraýly syýasaty öwrenijileri hem sterotipler esasynda işleýärler. Olar Nazarbaýewiň maşgalasynyň içinde nämeleriň bolýandygy, Gazagystanyň taryhyndaky öwrülişik pursatlarynyň nämä esaslanýandygy barada haýsydar bir çaklamalar, intuisiýa esasynda, oýlanman gürleýärler. Bu kitap şu ýagdaýy içinden açyp görkezýär we öňden gelýän galyplary döwýär, prezident Nazarbaýewiň adaty ahlak keşbiini açyp görkezýär. Mysal üçin, Nazarbaýewiň maşgalasyny alyp göreliň. Kitapda Nazarbaýewiň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten islendik agzasynyň Nazarbaýewden hemişe hökman bir zat soramalydygy aýdylýar. Ýa wezipe, ýa-da biznes bilen bagly bir zat, olar dilegçiniň roluny oýnamaly, ýogsam prezident Nazarbaýewiň olara dildüwşük etmekde şübhe bildirmegi mümkin. Nazarbaýewiň syýasatyndaky, hereketindäki, ol ýa-da beýleki karary kabul etmegindäki esasy itergi beriji zat gorky. Elbetde, öz wezipesi üçin gorky, öz perzidentliginiň howpsuzlygy üçin gorky. Rahat Alyýew “Nazarbaýew halkdan gorkmaýar, ol Astanany halkdan üzňelikde bolmak üçin özüne gala edindi” diýip ýazýar. Ol «Nazarbaýew oppozisiýadan gorkmaýar, sebäbi oppozisiýa ysgandan düşürilen, onuň öňdebaryjy liderleri öldürilen ýa satyn alnan” diýýär. Rahat Alyýew Nazarbaýewiň halkara jemgyýetçiliginiň pikirinden hem gorkmaýandygyny ýazýar. “Ol žurnalistlerden, garaşsyz metbugatdan hem gorkmaýar, ol diňe öz maşgalasyndan we öz ýakyn töwereginden gorkýar” diýip, Alyýew ýazýar.
Ý.A. Ýeržan, bir zady anyklaşdyrsak, häkimiýetler bu kitaba nähili çalasyn reaksiýa bildirdi? Olaryň garşylygy nähili netije berdi?
Ýeržan Karabek. Häkimiýetleriň bu kitaba reaksiýasy onuň çykan gününden 10 gün soň bildirdi. Bu kitap Awstriýadaky hem Germaniýadaky neşirýatlarda, iki ýerde we hem rus, hem nemes dillerinde çap edildi. Häkimiýetleriň reaksiýasy on gün soň bilindi diýdik. Emma häkimiýetler bu kitabyň çykmagyna öňräginden taýýarlykly hem bolup biljekdiler. Sebäbi Rahat Alyýew bir ýyl gowrak wagt bäri basym Nazarbaýewiň režiminiň syrlary hakynda kitap çykarjagyny aýdyp ýördi. Bu reaksiýa birhili gapma-garşylykly we sowet häsiýetinde boldy. Mysal üçin, prokuraturanyň wekili Astanada žurnalistleri ýygnap, “bu kitaby okamak, satyn almak, satmak, salgylanmak bolanok” diýdi. Onda döwlet syrlarynyň bardygyny aýtdy. Derňew alyp barýan Milli howpsuzlyk komiteti bolsa bu kitabyň jenaýat üçin delil-subutnma bolup biljegini yglan etdi.
Ý.A. Ýeržan, bu kitaba ýönekeý adamlaryň, jemgyýetçiligiň reaksiýasy nähili body?
Ýeržan Karabek. Jemgyýetçiligiň reaksiýasy hem sowet häsietli boldy. Jemgyýet uly gorka gaplandy, diňe iki-eke adam, birki sany garaşsyz žurnalist “biz ony okadyk we okajak, bu barada prokuratura açyk aýdýarys we goý bize jeza bersinler” diýip aýtmaga gaýrat tapdy. Ertesi güni baş prokurutura ýazmaça beýanat ýaýratdy we, adatda bolşy ýaly, ýene günäni žurnalistleriň üstüne atdylar, ýagny olaryň aýdylan zada dogry düşünmändigini, ol kitaby okamak bolýandygyny, ýöne satmak hem ýaýratmak bolmaýandygyny aýtdylar.
Ý.A, Ýeržan, bu kitap Gazagystanda gaty geçginli, gymmat haryt bolupdyr diýip eşitdik, bu dogrumy?
Ýeržan Karabek. Hawa, bizem onuň gymmat bahadan satylýandygyny eşitdik. Baş prokuraturanyň beýanatyndan öň bu kitabyň bahasy 350 dollar bolupdyr diýip eşitdik. Baş prokuraturanyň çykyşyndan bir gün soň Söwda ministrligi hem beýanat ýaýratdy. Olar biologiki terror howpy sebäpli Gazagystanyň ähli serhetlerinde we uçar meýdanlarynda güýçlendirilen režimiň girizilýändigini yglan etdiler. Şeýdip, daşardan, hususan-da Ýewropa ýurtlaryndan gelýän ýolagçylar berk barlanyp başlady. Esasanam kitaplary barlaýarlar. Diýmek, bu ýerde-de häkimiýetler ýene sowet ýolundan gitdiler. Ýagny ol kitaby Gazagystana getirmeli däl. Ýöne häzir internet asyry. Onsoň itnernet mümkinçiligi bolan žurnalistleriň, ilatyň aktiw böleginiň elinde bu kitabyň elektron görnüşi bar. Meniň özüm o kitabyň elektron görnüşiniň iki hili nusgasyny gördüm. Haýsydyr bir okyjylar, meýletinçiler ol kitabyň nusgasyny alyp, internetde goýupdyrlar.
Ý.A. Ýeržan, Alyýewiň kitabynda Nyýazow-Nazarbaýew gatnaşyklary hakynda aýdylýan zatlara nähili garaýarsyňyz?
Ýeržan Karabek. Elbetde, bu kitap PR düzgünleri esasynda, syýasy taýdan özüňi reklama etmek usaullary bilen ýazylan, awtor özüni gowy edip görkezmäge çalyşýar. Şu sebäpden ol prezidentiň töwregindäki admlaryň bir toparynyň gatnaşygyndaky ýaşrynlyklary, ýakymsyz zatlary açyp görkezýär, käte ol olaryň arasyndaky garşylygy çuňlaşdyrjak bolýan ýaly görünýär. Kitabyň sahypalarynda intriganyň, prowakasiýanyň elementleri hem gözüňe ilip gidýär. Onsoň Gazagystanyň prezidenti bilen Özbegistanyň prezidentiniň gatnaşyklary beýan edilende hem şeýle prowakasiýa elementleri bar. Olaryň gatnaşygy şeýle-de gowy däl. Bu kitapda bolsa Nazarbaýew Yslam Kerimowyň ähli hereketini yzarlamagy ýola goýdy diýilýär. Aýdaly, Nazarbaýew Kerimowyň iýýän-içýän zatlaryny, onuň ganynyň, buşugynyň düzümini her gün bilýär diýilýär. Elbetde, bu Rahat Alyýewiň wersiýasy. Şol ýerde Nazarbaýewiň Saparmyrat Nyýazow bilen özara gatanşygy hakynda-da aýdylýar. Olaryň ýakyn dost bolandygy, Saparmyrat Nyýazowyň Nazarbaýewi sowgatdan gömendigi aýdylýar, Belki-de bu olaryň arasyndaky adaty ýagdaýdyr. Mysal üçin, ol Nyýazowyň Nazarbaýewe birnäçe ahal-teke atyny sowgat berendigini aýdýar. Ýöne esasy sowgat başga. Alyýew Nyýazowyň Gazagystana gelende Nazarbaýewe ýüzük sowgat berşini ýazýar. Onuň ýazmagyna görä, Nyýazow ýüzüklerini bir diplomata salyp, hiç kime ynanman, özi göterýär we Gazagystana gelende şol diplomatyny açyp, Nazarbaýewe islän ýüzügini saýlap almagyny teklip edipdir. Nazarbaew ýaýdanypdyr. Nyýazow oňa iň uly gaşly owadan ýüzügi saýlap, onuň göz degmeden goraýandygyny, duşmanlar seredende olaryň gözüniň ýüzüge düşjekdigini we özüne zyýan ýetirmejekdigini aýdýar. Ýöne Rahat Alyýew bu ýüzükleriň Nyýazowyň özüne kömek etmändigini we onuň ölüminden soň Nazarbaýewiň ol ýüzügi dakynmandygyny ýazýar.
Ý.A. Ýeržan, bu kitabyň post-sowet giňişligindäki aň-düşünjä nähilidir bir täsiri bolarmy?
Ýeržan Karabek. Bu sorag kitabyň aňa, pikirlenişe täsir ýetirmegi nukdaý-nazaryndan gowy. Aýdaly, ol Merkezi Aziýa ýurtlarynda bar bolan informasiýa akymyna täsir ýetirip biler. Sebäbi bu informasiýa akymy ugrukdyrylýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleri senzura we öz-özüne senzura şertlerinde işleýärler. Onsoň jemgyýetçilik durmuşy hem ugrukdyrylýar.Olar diňe haýsydyr bir metbugat ýygnaklary, wakalaryň ähmiýeti hakynda ýazmaga mejbur bolýarlar. Emma bu kitap diktatorlaryň baky däldigi barada başga garaýyşy, başgaça nazary berýär. Şoň ýaly-da bu kitap oppozisiýanyň hem käbir bölekleriniň goşa standart boýunça oýnaýandygyny, ikiýüzlilik edýändigini gökezýär. Şeýle-de onda Kurmanbek Bakyýewiň häkimiýeti, onuň oppozisiýa garşy görýän çäreleri hakynda aýdylýar. Rahat Alyýewiň kitaby “Gündogar inçe iş” diýilýäni ýene bir gezek tassyk edýär. Hökümdarlaryň maşgalasynda bolýan zatlar jemgyýetçilige eleterli däl, jemgyýetçilik bu barada näçe kän zat bilse, Merkezi Aziýada diktatorlaryň häkimiýetde nädip uzak saklanyp bilýänligi şonça-da giň aýan bolar. Olara munuň başartmagynyň ýene bir sebäbi günbatar döwletleriniň käbir wekilleri bilen resmi bolmadyk ylaşyklarynyň bolmagy, bu hem Rahat Alyýewiň kitabynda aýdylýar.
Ý.A. Ýeržan Karabek, beren gürrüňiňiz üçin köp sag boluň.
16.07.09. “Azatlyk” radiosynda efire berildi.
()