Owgan hakykaty
Haled Hosseýniniň döredijiligine gysgaça nazar
Biraz öň men Pragda okaýan türkmenistanly bir student bilen Haled Hosseýniniň ikinji kitaby – “A thousand splendid Suns” (“Müň ajaýyp güneşi”) barada pikir alşyp, owganystanly ýazyjynyň kitaplary we olarda owgan tragediýasynyň beýan edilişi barada türkmen kitap muşdaklaryna gysgaça-da bolsa maglumat bermek isledim...
Türkmenistanly student elindäki kitabyň käbir sahypalarynyň okjysynyň gözüni garaňkyradebrýändigini, onda owgan reallyklarynyň adam ykballary esasynda örän çuňňur açylyp görkezilýändigini gürrüň berdi. Elbetde, çeper eser hakynda gürrüň edilende, ol “gowy” ýa “erbet” diýip, kesgin bir zat aýtmak kyn. Şol sebäpden çeper eserleriň ykbalyny okyjyhalarlygy, kitap bazary kesgitleýär diýilýär. Bu meselede Haled Hosseýniniň birinji kitaby bolan “the kite runner” (“Batbörek uçuryjy” ýa “Batbörekçi”) hem, biziň gürrüňini etmekçi bolýan ikinji kitabymyz -- “Müň ajaýyp güneş” hem goşmaça tarypa mätäç däl.
Haled Hosseýniniň “Batbörekçi” eseri kino hem öwrüldi. Bu eserde Owganystanyň parahat döwründe dünýä inen we Kabulyň bir bagly howlusynda oýnap-ösýän iki sany oglanjyk hakynda gürrüň berilýär. Ol oglanlaryň biri işi oňuna barýan biznesmeniň ogly, beýlekisi şol biznesmeniň gapysyndaky hyzmatçynyň ogly. Soňy bilen Owganystandaky uruş-gowga öz ýurdundaýetimlere kömek edip ýören biznesmeniň ogly bilen Birleşen Ştatlara göçmegine sebäp bolýar. Ýöne bu ýagdaý hersi dünýäniň bir künjegine düşen iki dosty, iki ykbaly bir-birinden aýryp bilmeýär.
Eseriň baş gahrymany Amerikada kakasyny ýitirip, özüniňýeke-täk doganyny tapýar. Has dogrusy, ol öz çagalyk dostunyň ganybir gardaşydygyny, ýagny öz kakasynyň binika dogan ogludygyny bilýär. Ýöne ol öz doganyny görüp biljek däldi, ol Owganystanda galypdy we şol ýerde maşgala gurupdy. Emma durmuşda uzak aralyk ýaýer-ýurt aýralygy, serhetler hemişe esasy zat bolmaýar. Netijede, öňki biznesmeniň ogly kakasynyň Pakistanda ýaşaýan ýalňyz dostunyň telefonda aýdan bir sözi üçin we özüni içinden iýip ýören müýni sebäpli, Amerikadaky rahat hem bagtly durmuşyny, ýaş hem hem owadan aýalyny, daşynda kökenek gerýän söýgüli gaýynlaryny, täze alan gowy jaýyny taşlap, ot içindäki Owganystana dolanýar. Sebäbi onuň öz dostunyň hem doganynyň öňünde müýni, ahlak bergisi, borjy bardy.
Bu eseriň iň esasy aýratynlygy onda adamyň içindäki gowy müýn, öz öňüňde boýun alşa hem saplanyşa, toba çagyrýan jogapkärçilik duýgusynyň batbörekçiniň batböregi ýaly belent uçurylýanlygydyr.
Adam öz içindäki müýnden gutulmak üçin ozaly öz eden ýalňyşlygyny, belki-de namartlygyny, pesliklerini boýun almaly we şol kemisligi düzetmäge çalyşmaly. Bu diňe bir adamyň däl, belki-de adamzadyň meselesidir. Batbörekçi şu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaý ony öldürilen dogananyň ýalňyz oglunyň gözlegine çykarýar. Hut şu gözleg hem onuň öz oglanlyk müýnüniň şaýatlarynyň biri, köne tanşy hem şindiki talyp yňdarmasy bilen deň bolmadyk söweşe girmegine getirýär. Sebäbi Kabul stadionynda binika jynsy gatnaşyk etmekde aýyplanan aýaly atyp, öýüne gelip beçebazlyk bilen meşgul bolýan talyp yňdarmasy onuň doganynyň oguljygyny ýesir beçe edinip saklaýar. Bu agyr işe baş goşmak üçin adamda gaty uly ýürek, gaty uly adamkärçilik, gaty uly ynsan söýgüsi gerek. Megerem şeýle ýüregi açýanlygy, hakyky ynsanlygyň uruşdan-gowgadan, ölümden güýçlüdigini görkezip bilýänligi üçin bu eser okyjy söýgüsini gazandy.
Haled Hosseýniniň ikinji kitaby hem owgan durmuşynyň ýowuz reallyklaryndan başlanýar. Ýazyjy bu kitabyny owgan aýallaryna bagyşlapdyr. Eser “Mariýam haramy sözüni ilkinji gezek eşidende bäş ýaşyndady” dien söz bilen başlanýar. Ol iki aýally owgan biznesmeniniň öz howlusyndaky hyzmatçy gyzy aldawa salmagy bilen dünýä inýär. Onsoň, dini talaplar esasynda, ol öz hyzmatçysy bilen nikalaşmaly bolýar. Emma biznesmen öňki iki aýalynyň sözünden çykyp bilmän, üçünji aýalyny şäheriň daşynda bir külbede saklaýar. Mariamjyk şol külbede on bäş ýaşaýar we aram-aram özüni görmäge gelýän kakasynyň özüni beýleki enebaşga doganlary bilen öz kinozalynda kino görmäge äkimegini talap edýär. Sebäbi Mariamyň kakasynyň öz kinozaly bar. Emma gyzyň kakasy muny edip bilmeýär. Onsoň gyz höçjetlige salyp, paýu-pyýada kakasynyň ýaşaýan şäher howlusyna barýar, emma ony öe goýbermeýärler. Ol şol ýerde, kakasynyň howlusynyň daş işiginde ýatýar. Gyzyň ežesi şol gije şäher daşyndaky külbede özüni asýar. Bu waka Mariamyň kakasynyň howlusyna goýberilmegine hem olýerde iki hepde çemesi ýaşadylmagyna sebäp bolýar. Şondan soň ony Kabulda ýaşaýan 45 ýaşly dula, Raşit atly köwüş ussasyna durmuşa çykarýarlar. Bu durmuş, bu nika üç onýyllyga golaý dowam edýär we Mariamyň öz adamsyny öldürmegine hem ölüm jezasyny almagyna sebäp bolýar.
Bu eseriň artykmaçylygy ýa özüne çekijiligi diňe owgan wakalaryny adam ykballary esasynda çuň hem hertaraply yzarlamagynda hem açmagynda diýsek, kemter gatýdygymyz bolar. Haled Hoýsseýniniň “Müň ajaýyp güneş” eseri owgan aýallarynyň şol güzaply durmuşda, şol kynçylyklaryň hem kemsitmeleriň, urlup-eňjilmeleriň, depelenmeleriň, hak-hukuksyzlyklaryň içinde hem adam, ynsan bolup galyp bilýändiklerini, hatda olaryň başganyň bagty üçin öz ömürlerini pida etmäge-de ukyply adamlardygyny, nusgalyk ynsanlardygyny, owgan halkynyň başyna düşen agyr betbagtçylyklaryň owgan halkynda aadmkärçiligi, ynsan söýgüsini hem mertligini öldürip ýa ýok edip bilmändigini görkezýär. Muňa Mariam bilen onuň günüsiniň, Raşidiň Mariamdan soň alan aýalynyň göreşi, iň soňunda bolsa Mariamyň öz günüsiniň bagty üçin ölüme gitmegi hem mysal. Eger Haled Hosseýniniň kitaplary türkmen diline terjime edilse, türkmen okyjysy hem öz goňşy ýurdunda bolan wakalary içinden, adam ykballary arkaly görüp bilerdi.
()