Türkmenistanda ýene-de bir şahsyýet kulty döreýärmi?
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze onkologiýa merkeziniň açylyş dabarasy mynasybetli ilkinji operasiýany özüniň ýerine ýetirmegi hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda dürli pikirleri döretdi.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen telewideniýesi munuň simwoliki manysynyň bardygyny we kanuna laýyk ýagdaýdygyny aýdýar. Azatlyk radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen gürrüňdeş bolan ýerli doktorlaryň biri bu barada şeýle diýipdir: “Biziň prezidentimiz käri boýunça diş doktory. Ol agyz boşlugyndaky dürli keselleri, şol sanda onkologiki keselleri bejermek boýunça hem hünärli spesialist. Prezidentimiziň hut özüniň näsagy operasiýa etmegi onuň öz hünär derejesini ýitirmändigini aňladýar.”
Osman Hallyýew 40 ýyla golaý saglygy saklaýyş sistemasynda işlän başga bir lukmanyň hem bu waka oňyn garaýandygyny aýdýar. Osman Hallyýew bilen gürleşen ýerli kärendeçi daýhan bolsa, prezidentiň ozal öz hünäri bilen asla bagly bolmadyk işleri hem edendigini, söweş uçaryny we tank sürendigini belläp, bu gezek onuň öz asyl hünäri bilen bagly iş edendigini nygtaýar.
Bu habar daşary ýurt metbugatynda hem beýan edildi. Mysal üçin, Pragada çeh dilinde çykýan “Metro” gazeti “Diş doktory ‘Türkmenbaşy II’ çişi kesip aýyrdy” diýen at bilen çap eden maglumatynda prezident Berdimuhamedowyň onkologiýa merkezini açyp, ilkinji operasiýany özüniň edendigini habar berýär we okyjylaryna Saparmyrat Nyýazow -Türkmenbaşy baradaky geň-taňlyklary ýatladýar.
ITAR-TASS habarlar gullugy hem bu täzelik barada ýazan habaryny öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň geň-enaýy hereketleri bilen baglaýar we Berdimuhamedowyň derman ösümlikler barada täze kitaby bilen baglylykda Saparmyrat Nyýazowyň “ruhy gollanma” öwrülen kitabyny ýatlaýar.
Angliýada çykýan “Telegraf” gazetiniň bu tema bagyşlan habarynda prezident Berdimuhamedowyň bilimi boýunça diş doktorydygy, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda saglyk ministri bolup işländigi habar berilýär. Bu habarda hem, ITAR-TASS-yň habarynda bolşy ýaly, “operasiýa” täzeligi Nyýazow döwrüni we şol döwürde döredilen şahsyet kultuny, hassahanalaryň düşen gününi we saglyk işgärleriniň köpçülikleýin ştat kemeltmä düşürilişini ýatlamaga sebäp bolupdyr.
“Telegraf” gazeti jenap Berdimuhamedowyň Nyýazowyň käbir syýasatlaryna düzediş girizendigini, emma onuň saglyk sistemasyna öz geň-taňlyklaryny girizmeginden alada edilýändigini ýaňzydýar. Ýöne gazet resmileriň prezidentiň derman ösümlikler baradaky täze kitabynyň saglyk işgärleri üçin gollanma öwrülmelidigini aýdandyklaryny hem habar berýär.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Paniýer munuň özüne gülkünç habar bolup görnendigini aýdýar. Ol dünýä liderleriniň içinde birnäçe sagadyň içinde ýurtda ösýän derman ösümlikler baradaky täze kitaby bilen tanyşdyran we soňra öz eli bilen operasiýa eden prezident barada heniz eşitmändir. Eýsem bu “birinjilik” prezident Berdimuhamedow we ýurt üçin abraýmy ýa-da biabraýlyk?
Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisitiwasy” toparynyň internet saýtynda Berdimuhamedowyň ahal-teke atlary baradaky kitabynyň ukrain neşiri hakynda gürrüň edilip, Türkmenistanda ýene diktaturanyň gaýtalanýandygy, ýöne häzirki prezidentiň öz kitaplaryny daşary ýurt dillerine terjime etdirmekde Nyýazowdan has bärdedigi bellenýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Brýus Paniýeriň pikirine görä, prezident Berdimuhamedowyň şahsyýetinde Türkmenbaşy Saparmyrat Nyýazowy ýatladýan kän meňzeşlik bar. “Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhumedowyň töwereginde döredilýän şahsyet kulty Nyýazowyňka garanda has ýumşak” diýip, Paniýer aýdýar.
Azatlyk radiosynyň türkmenistanly diňleýjileriniň biri Açar prezidentiň näsagy operasiýa etmegine hem-de bu habar bilen bagly aýdylýan zatlara öňki prezident döwründäki ýaranjaňlygyň dowamy hökmünde garaýar.
Açaryň Mary welaýatyndaky ýürek hassahanasynyň bir doktoryna salgylanyp aýtmagyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllar ýüregi agyrýanlar has köpelipdir we hassahanalarda näsaglara ýer-jaý tapmak barha kynalýar.
Onuň pikirine görä, saglygy saklaýyşdaky gözgyny ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyndaky kynçylyklary boýun almagyň we hakyky reformalara başlamagyň deregine saglygy saklaýyşda uly işleriň edilýändigini aýdyp öwünmekden ne halka, ne-de ýurda peýda bar.
Eýsem Türkmenistanda ýene-de bir şahsyýet kulty döreýärmi? Beýle zatlar kime gerek?
(Bu makala 23-nji iýulda Azatlyk radiosy üçin ýazyldy we şol gün Azatlyk radiosynda eşitdirildi.)
()