Ol özüniňki däldi!
Mahmut Derwüş (1941-2008) hem onuň goşgulary hakda ol heniz dirikä hiç zat aýtmanyma gaty gynanýaryn. Ýöne hiçden giç ýagşy. Şahyryň ölümi, onda-da ulus iliň ýürek derdini dünýä ýaýan şahyryň ölümi onuň sadyk okyjylaryny başga aladalaryny birsellem gyra süýşürmäge hem-de ondan galan ýürek sözlerine ýene bir gezek gulak asmaga mejbur edýär.
Eger-de sen ýagyş bolmasaň, janym,
Miwesi egsilmez agaç bol uly,
Agaç bol
Eger-de sen agaç bolmasaň, janym,
Daş bol ýeriň yzgaryna çygjaran,
Daş bol
Eger-de sen daş bolmasaň, heserim,
Aý bol arzuwynda söýgüli gelniň,
Aý bol
(Diýdi aýal öz ogluny jaýlanda.)
Meniň Mahmut Derwüşiň goşgulary bilen tanyşlygym sekiz ýyl çemesi öň, Norwegiýanyň Bergen şäherinde ýaşaýarkam başlanypdy. Kerkukly türkmen Ibragim bilen telewizor görüp otyrkak arap telekanallarynyň birinde ýüzlerçe, belki-de müň gowrak adamyň öňünde goşgy okap duran şahyryň üstünden bardyk. Ibragim maňa onuň Mahmut Derwüşdigini, arap dünýäsiniň iň meşhur häzirki zaman şahyrlarynyň biridigini aýtdy. Onuň nähili şahyrdygyny aňlamak üçin arap diline düşünmek hökman däldi. Goşgy diňlemäge gelen adamlar, aýal-erkek, garry-juwan diýmän, edil jadylanan ýaly, onuň agzyna aňkaryp, doňup galypdylar. Şol “tanyşlykdan” soň men Mahmut şahyryň okyjylarynyň biri boldum we internetde onuň iňlisçä geçirilen goşgularyny tapyp okamagy tasdan endik edindim.
Palestin prezidenti Mahmut Apbas 10-njy awgustda beýik şahyryň ölümi sebäpli üç günlük ýas yglan edende “Mahmut Derwüşiň ýoklugy biziň medeni, syýasy we milli durmuşymyzda ägirt uly boşluk galdyrar” diýdi. Bu boşluga kaýyl bolmak onuň goşgulary bilen ýaşan adamlar üçin nähili agyr!
Mahmut 1941-nji ýylda häzir demirgazyk Ysraýyla degişli bir arap obasynda dünýä inýär. Ýewreý döwletiniň döredilmegi bilen dörän uruş zerarly, 1948-nji ýylda ol maşgalasy bilen ýurdundan gaçýar. Emma olar birnäçe ýyldan yzlaryna dolanyp gelýärler. Derwüş Ysraýyl döwletine örän tankydy garaýar we 1960-njy ýyllarda birnäçe gezek tussag edilýär. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy – “Ganatsyz guş” kitaby hem şol döwürde çykýar. 1970-nji ýylda Mahmyt ýurdundan çykyp gidýär we Parižde, Moskwada, arap paýtagtlarynyň birnäçesinde ýaşaýar.
Mahmut Derwüş 1988-nji ýylda Palestinanyň resmi garaşsyzlyk jarnamasyny ýazýar we Palestin Azat ediş guramasynyň başynda duranlaryň biri bolýar. Ýöne 1993-nji ýylda baglaşylan Oslo ylalaşygyna protest hökmünde ol bu işden çekilýär. 1995-nji ýyldan bäri ol Ramalla şäherinde ýaşaýardy.
Mahmut Derwişüň eserleri diňe araplaryň däl, eýsem ýewreýleriň arasynda-da öz okyjylaryny tapýardy. Muny Ysraýylyň magaryf ministri Yossi Saridiň 2000-nji ýylda Derwüşiň eserlerini ysraýyl mekdeplerinde okatmagy teklip etmegi hem tassyklaýar. Emma premýer ministr Ehud Barak Ysraýylyň mekdep sistemasynyň entek Derwüşiň ideýalaryna taýýar däldigini aýdyp, onuň goşgularynyň ysraýyl mekdep programmasyna girizilmeginiň öňüni alýar. Derwüşiň kyssa hem goşgy kitaplarynyň sany 30-dan aşýar, onuň eserleri dünýä halklarynyň 35-siniň diline terjime edildi. Eger şahyr, ýazyjy hakynda gürrüň edilende, onuň alan baýraklary hem agzalmaly bolsa, 25 ýyl töweregi ondan-oňa göçüp ýaşan Mahmut Derwüş bir topar edebi sylaga mynasyp bolýar. Emma meniň üçin ol sylaglar esasy zat däl. Mahmut Derwüş bir goşgusynda “Men özümiňki däl!” diýip ýazypdy. Meniň üçin onuň özüni iline, il derdine bagyşlamagy hem bu kyn wezipede soňuna çenli, hatda keselhana düşeginde hem işlemegi esasy zat... Dogrusy, Mahmut Derwüş şeýle-de etmelidi. Sebäbi hak şahyrlar özüniňki bolup, özi üçin ýaşap hem durmuşyň hezilini görüp ötüp bilmeýär. Ol iki gezek öýlenipdir, emma ondan zürýat galmandyr. Megerem çyn şahyryň zürýatlary onuň setirlerini ýüreklerine ýazýan sadyk okyjylardyr! Mahmut şahyr öz ýürek sözüniň muşdaklaryna öz kalp hem beýni zürýatlaryny – goşgularydyr kyssa eserlerini goýdy. Indi olary ömrüni beýik şygra hem şol şygryň üsti bilen öz halkynyň azatlygyna bagyşlan şahyr bilen bile ýüregine ýazmak okyjylaryň işi. Belki-de bir nesibeli gün biz onuň goşgularyny türkmen okyjylaryna hem elýeterli edip bileris...
Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Şahyr!
("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
Praga,
()