Ölüp ýeňenler
Gökdepe urşunyň 127 ýyllygyna
Tas 110 ýyllap inkär edilenem bolsa, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwary türkmen taryhyna bir tarapdan erkin türkmençiligiň gutaran güni, ikinji tarapdan basybalyjylara garşy gahrymanlarça göreşilen güni hökmünde girdi. Şol gün, galanyň düýbi partladylan ýerde azyndan 700 adamyň ölendigi aýdylýar. Gala ýarylandan soň rus goşunlary aýgytly hüjüme geçipdirler we öz ýurduny goran ilaty birujundan gyryp başlapdyrlar. Aljyran adamlar guma tarap gaçyp başlanda, ätiýaçda duran toply-ýaragly otrýadyň başynda duran Skobelewiň özi kowga ýolbaşçylyk edipdir. Ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiň ýazmagyna görä, şonda bosgunlaryň yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çenli, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Olar bosgunlaryň iň gür ýerlerini topa tutupdyrlar. Türkmenleriň gaçyp barýan ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowguçylar diňe mazaly garaňky düşüp, bosgunlaryň hatarlary mazaly seýrekländen soň yzlaryna dolanypdyrlar. Galanyň 12-den 20 minut işlände, günortan partladylanyny göz öňünde tutsaň, gaçyp barýan ýaragsyz ilatyň näçe sagatlap gyrgyna berlenini hasaplamak kyn däl. Rus harby işgärleriniň özleri, Kuropatkin, Maslow, Wereşagin ýaly bu gyrgynçylyk barada ýazgy galdyran adamlar türkmenleriň aýal, çaga diýmän gyrlandygyny tassyklaýarlar. Grodekowyň ýazmagyna görä, Skobelew Gökdepede şeýle gyrgynçykyk etmegi entek Peterburgdaka ýüregine düwüpdir.
1881-nji ýylyň 20-nji fewralynda Skobelewiň hut öz eli bilen ýazmagyna görä, bosgunlaryň yzyndan kowlanda çagadyr aýal-erkek 8 müň adam gyrlypdyr. Muny beýleki rus harby işgärleriniň ýatlamalary hem tassyklaýar diýip, Nargylyç Hojageldiýewiň “Gökdepe galasy” oçerkinde aýdylýar.
1-nji Gökdepe urşunda türkmenler 3 müň çemesi adam ýitirip, ruslary ýeňen bolsalar, ikinji Gökdepe urşundaky gabaw mahalynda 7 müň adam ýitiripdirler. Diňe galanyň alnan güni hem onuň içinde şonça adam öldürilipdir. Skobelewiň ekspedision otrýadynyň baş wraçy O. Geýfelderiň ýazmagyna görä, gala alnanda onuň içinde 7 müň jeset bar ekeni. Ol ýene şonçarak jesediň galanyň diwarlarynyň düýbünde çala ýere duwlanandygyny ýazypdyr.
Galanyň ilaty urşuň soňky gňnlerinde hatda ölülerini jaýlamaga-da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden jaýlanmadyk 10-15 jeset tapandyklaryny ýazypdyrlar. Türkmenleriň özleri gabaw döwründe hem galanyň alnan güni öldürilen adamlaryň sanyny 20 müň hasaplapdyrlar. Wepat bolanlaryň arasynda Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryň ogly Akberdi han dagy hem bar eken.
Gala ýykylan güni 3 müňden gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Olary gaçyp giden adamlar yzlaryna gaýdyp geler ýaly, girew hökmünde saklapdyrlar.
Gökedepe galasyndaky gyrgynçylygyň näderejede wagşylyk bilen amala aşyrylandygyny gabaw günlerinde galanyň içine atylan oklaryň sany-mukdary hem görkezýär. Boýy 600 sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14 müň çemesi öý, oraça, çatma dikilen, 40 müňdenem köp adam jemlenen kiçijik galanyň içine 23 güne çeken gabawyň dowamynda 872 müň tüpeň oky, 12.400 top oky atylypdyr. Diňe gala zabt edilen güni 5604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müň, atly goşun tarapyndan 12.500 ok atylypdyr. N. Hojageldiýew öz taryhy oçerkinde, deňeşdirmek üçin, 900 gün dowam eden Leningrad gabawynda nemes basybalyjylarynyň şähere 148.478 top okuny atandygyny ýatlaýar.
Gala ýykylandan soň Skobelw dört günlük talaň yglan edipdir. 12-nji ýanwarda galanyň eteginde 227 ofiser bilen 6672 soldat jemlenen eken. Rus ofiserleri, aýratynam topçular köp haly talapdyrlarlar. Top okundan boşan gapyrjaklar halydan doldurylypdyr. Altyn-kümüş, şaý-sep, ruslar eline ilen zady talapdyr. Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan ofiserleriň aýallary hat ýazyp, ärleriniň halysyz gelmezlygini talap edipdir. Maslow şol halylaryň bir çetiniň 1883-nji ýylda Parjdäki dükanlara baryp ýetendigini ýazypdyr. Grodekow gala alnanda talanan zatlaryň bahasyny 6.000.000 manat diýyp kesgitläpdir.
Ruslar galadaky jesetleri jaýlamagy 500 sany kürt ýesirine tabşyrypdyrlar. Ýöne olar öli jaýlamagyň ýerine talaň bilen meşgul bolupdyrlar. Gelin-gyzlaryň altyn gulakhalkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenli ýüzüklerini barmaklary, goşarlaryndaky bilezikleri gollary bilen çapyp alypdyrlar. Özüniňkiden hem beter wagşylygy gören Skobelew ahyry olary gala goýbermegi gadagan edipdir. Gulçulykdan boşan pars ýesirleri ozal tekeler tarapyndan gyrnak edilen gelin-gyzlarymyz diýip, türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowularyny saýlap-seçip alyp gidipdirler.
Käbir pikirlere görä, türkmenleriň topuň garşysyna gylyç, gyrkylyk bilen çykmagy köre-körlükden, dünýä ýagadaýyny bilmezlikden başga zat däl. Türkmenleriň ýeňilmeginiň esasy sebäpleriniň biri olaryň dünýäden üzňe galanlygy bilen düşündirilýär. Gökdepe urşunda ýaragyň ýeňendigi jedelsiz. Munuň üstesine türkmenler duşmanyň peýdasyna bolan ullakan ýalňyşlyklara hem ýol beripdirler. Halk, millet hökmünde ýaşamak isleýän bolsak, bu barada aýratyn, berk gürrüň edilmeli. Mysal üçin, Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han uruş baradaky maslahatda güýçleriň deň däldigini, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugyny düşündirjek bolupdyrlar. Ýöne olaryň ruslar bilen gepleşik geçirmek, maşgalalary guma göçürmek hem eger gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmak ýaly degerli teklipleri ret edilipdir. Olar galanyň salynmagy hem ilatyň bir ýere ýygnalmagy duşmanyň işini aňsatlaşdyrar diýipdirler. Emma maslahata ýygnanlaryň köplügi bu pikire garşy bolupdyr.
Gala ýygnanyp uruşmagyň tarapdarlary “ruslar yslamyň duşmany, türkmenler öz ýurduny tükeniksiz gandöküşikler bilen juda gymmat satyn aldy, daş-töwerek açyk hem gizlin duşmandan doly, bu ýerden başga gidere ýer ýok, galanyň içinde ýurt gorap ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl” diýen delilleri öňe sürüpdirler. Olar urşa garşy çykýanlary gorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ýurda hem yslama dönüklik edýänler hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Uruşmagyň tarapdarlarynyň iň esasy we güýçli delilleri ýurduň özbaşdaklygyny, türkmenleriň erkinligini gorap saklamak bolupdyr. “Eger biz gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, öňki gezeklerde bolşy ýaly, ruslar bu gezegem yzlaryna gaýdarlar, eger gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar hem bizi bar zatdan mahrum ederler, şonda biz näderis?” diýip, uruşmagyň tarapdalary sorapdyrlar.
Maşgalalary gala ýygnamak pikiriniň aňyrsynda eger şeýdilmese, türkmenler uruşmaz diýen gorky bolupdyr. “Goý, maşgalalarymyz hem biziň bilen bile heläk bolsunlar, barybir olar bizden soň olja bolarlar. Raýat bolmagyň nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuň hökümdaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok...” diýip, urşuň tarapdarlary ruslaryň kawkazlylary gyrgyna berendigini mysal getiripdirler.
Hanmämmet atalyk özüniň ruslary halamaýandygyny, olaryň kimdigini Hywada görendigini, sebäbi ruslar bilen hywalylaryň urşuna gatnaşandygyny, özüniň watana-da, dini ygtykada-da garşylygynyň ýokdugyny, ýöne halkyň, maşgalalaryň ykbalyna nebsiniň agyrýandygyny aýdypdyr.
Türkmenleriň uruş baradaky maslahatynda sagdyn pikirlenip bilýän hem öz pikirini açyk aýtmakdan çekinmedik ýene bir adam Orazmämmet han bolupdyr. “Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeň bilen goranýarlar. Kasam, ant, soňam lebziňden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär... Eger siz bu gün öz guran toprak galaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýer ýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar. Ejiz towşan tüýräk bolsa ýagşy. Doňzuň arkasyny tüýüniň tersine däl-de, ugruna sypanyň ýagşy. Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldyran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Men bu kasamyňyzy kabul etmeýärin, sizi-de beýle etmekden saklanmaga çagyrýaryn” diýip, Orazmämmet han watany kasam bilen goramak pikirine üzül-kesil garşy çykypdyr. Ýöne onuň bu sözleri diňlenmändir. Tersine, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygy dinden dönmekde, ruslara satylmakda aýyplapdyrlar we maslahat biragyzdan uruşmaly diýen netijä gelipdir. Şol ýeriň özünde öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary, olaryň obasyny talamaly, ruslar bilen gatnaşyk saklaýan Dykma serdaryň obasy Börmäni talap, ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli edýärler. Çulba baýyň öýüni ýumurmaly, Köşi obasyny weýran etmeli diýen karara gelinýär. Netijede, müň atlydan ybarat ýörite topar Börme obasyny talandan soň ikirjiňlenýänleriň hemmesi gala jemlenip başlaýar. Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözülýär we märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň kasam etmegini talap edýär.
“Sen bir akmak halk ekeniň. Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmak bolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar” diýip, Orazmämmet han kasam kabul edende aýdypdyr.
Hanmämmet atalyk bolsa, Gurhanyň gapdalyndan geçende, ýagny kasam içende “Men size Atalygyň namart däldigini subut ederin. Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr” diýipdir.
Meger, Gökdepe urşundan alynmaly sapakalryň iň ulusy Orazmmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň köre-kör köplüge, häzirki zaman dili bilen aýdylanda, halkyň aglaba köplüginiň kararyna boýun edilmegidir. Taryhyň görkezişi ýaly, köplük hemişe mamla bolmaýar, belki-de käte köpçülige uýmak ullakan heläkçiligiň üstünden eltýär. Ýöne bu ýerde köplügiň käbir adamlar, belki-de ussat demamgoglar tarapyndan oýnalýandygyny hem unutmaly däl...
Gökdepe urşy barada aýdylýan tankydy pikirleriň arasynda uruş taktikasyndan bihabar din wekilleriniň öz köre-körlükleri bilen halky aňsatja gyrgyna berendigi baradaky pikirem galman geýlär. Muňa delil edip, Gurhandan kasam edip uruşmaly diýen karara gelnende Kerimberdi işanyň oýnan roluny, soň, ikinji Gökdepe urşunda, 7-nji ýanwarda Gurbanmyrat işanyň oýnan roluny ýatlaýarlar. Mysal üçin, Skobelew podpolkownik Ýomudskini üç adam bilen üstlerine iberip, “uruşmak isleýän bolsaňyz, aýallaryňyzy hem çagalaryňyzy bir galadan çykaryň” diýip teklip edende, Gurbanmyrat işan ruslar aýýalary hem çagalary ýesir aljak bolýr diýen pikiri öňe sürüpdir...
Ikinji tarapdan, Gökdebe urşunda halk gahrymançylygynyň çägi ýok. Mysal üçin, birinji Gökdepe urşunda, 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda ruslar galanyň demirgazyk-günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Şol söweşe ruslar tarapyndan 3024 adam gatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol gün ruslar 453 adam ýitiripdirler. Türkmenler 600 berdanka olja alypdyrlar. Gökdepe taryhyny rus arhiwlerine gidip öwrenen Nargylyç Hojageldiýewiň pikirine görä, olja alnan ýaraglaryň öldürilen ruslaryň sanyndan köp bolmagy ýa ölenleriň sanynyň azaldylyp görkezilendigini, ýa-da ruslaryň gorkup, ýaragyny taşlap gaçanlarynyň hem az bolmandygyny aňladýar. Şol söweşden soň ruslar yzyna gidýar.
Türkmenleriň gaýduwsyz watançylygy rus goşunlaryny az gorkuzmandyr. Olaryň ikinji Gökdepe urşunda galadan bosan ýaragsyz adamlary çaga-çuga, aýal-ebtat diýmän gyrmagynyň aňyrsynda hem şu gorky bar bolsa gerek. Elbetde, bu ýerde garşydaşyň batyrlygy, edermenligi, ýaragsyz, ejiz halyna-da duşmandan gorkmazlygy, onuň öňünde ýaýaplamazlygy ruslaryň öz pidalaryna ýigrenjini ýetjek derejesine ýetiripdir. Şu nukdaý nazardan seredilende, ruslar uly bir döwletiň goşuny bolup, az sanly ýaragsyz adamy gyrgyna bermek bilen, “ýeňip ýeňilipdirler”, ýagny özleriniň ejizliklerini öz ganly işleri bilen taryhyň gatyna ýazypdyrlar.
Türkmenler dünýeden bihabar hem bolsalar, basybalyjy goşunyň garşysyna jan aýaman, gahrymanlarça göreşipdirler we ölüpdirler. Käbir pikirlere görä türkmenleriň şonda “ölüp, öldürilip ýeňmekden” başga çäresi bolmandyr. Şu-da türkmenleriň ýene bir gezek halk, millet hökmünde ykrar edilmeginiň esaslaryny goýupdyr.
“Ölüp, öldürilip ýeňmek” diýlende Gara batyryň edermenligi hakydaňa gelýär. Seýitmyrat Owezbaýewiň Gökdepe urşuna gatnaşan türkmeniň gürrüňleri esasynda ýazan “Gönübek” makalasynda şeýle waka beýan edilipdir.
“Ajal kastyňa çyksa, nirde bolsaňam tapar. Ajalyň ýetmese, her ýerde bolsaňam, her hili ýagdaýa düşseňem aman galarsyň. Hudaý öz amanadyny diňe gerek wagty alar, bu diňe onuň islegine baglydyr” diýip, goja mergenleriň biri aýdýar. Gara batyr oňa şeýle sorag berýär:
“Eger men onuň amanadyny eltip öňünde goýsam, ol almazmy?”
Mergen oňa: “Beýdip bilmersiň, bu adamyň elindäki zat däldir” diýýär.
“Ine şu gün, hut häziriň özünde men oňa amanadymy gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.” Gara batyr şeý diýip, atyna atlanyp, naýzasyny ýapyrybrak tutupdyr-da, galanyň daşyndaky atly kazaklaryň üstüne at salypdyr. Ruslar garymlarynda ýatan ýerlerinden ony oka tutupdurlar. Gara batyr nämäniň-nämedigine düşünmän topar tutup duran atly kazaklaryň ýanyna atyny ýüzin salyp barypdyr-da, bada-bat olaryň ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batyryň hemme hereketini aç-açan synlamak başartmandyr, ýöne duşmanyň başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agdarylypdyr, birnäçesi bolsa atyny gamça basyp, gaçyp gutulypdyr. Gara batyr gala tarap yzyna dolananda, onuň yzyndan ok ýagdyrypdylar. Ol atyny peýwagtyna öňürdigine goýberip, gürrüňleşip bolar ýaly aralyga gelipdir-de, atdan agypdyr. Duşman oky ony degen badyna öldüripdir...
Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmeginiň progressiw ähmiýeti hakynda ýazýanlar ozaly türkmenleriň dürli tarapdan çapylyp, talanyp durmakdan dynandygyny, soňy bilen bolşewikleriň saýasynda sowatly, akademiýaly hem teatrly, özbaşyna döwletli bolandygyny aýdýarlar. Bu dogry. Ýöne bu basybalyjylaryň türkmeni okuwly-bilimli, özbaşyna döwletli etmek islegi bilen bolan zat däl-de, eýsem wagtyň, zamananyň emri, umumy adamzat jemgyýetiniň ösüşi, kolonial syýasatyň ýuwaş-ýuwaşdan möwritini ötürmegi bilen baglydy. Ikinji tarapdan, Gökdepe urşundan soň türkmenleriň öňki azat durmuşyny ýitirendgini, kolonial, bakna halka öwrülendigini we şol baknalagyň milletiň aň-düşünjesinde agyr yz galdyrandygyny, türkmenleriň sowet ýyllarynda özüni öz ýurdunyň eýesi diýip bilmändigini, tersine, öz watanynda keseki, gelmişek ýaly, ruslardan gypjyn-gypjyn bolup, gorkuda ýaşandygyny, erksizligiň, gorkynyň 1991-nji ýylda formal taýdan garaşsyz bolnandan soň hem dowam edýändigini görmezlige salmak bolmaz. Munuň sebäpleri, ozaly, aň-düşünjä salnan gandallarda ýatyr.
Patşa Russiýasynyň baknalyga salan halklaryny nemes Hitlerçi faşistler bilen urşa iteklän Stalinçi Kompartiýa Ikinji jahan urşuny Beýik Watançylyk urşy diýip atlandyryp, german goşunlarynyň görlüp-eşidilmedik adamhorlygy, Gyzyl Goşunuň esgerleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hakynda ýüzlerçe kitap çykardan, sahna, žiwopis eserlerini döretdiren bolsa, Gökdepe urşy hakynda, ol uruşda rus goşunlarynyň ýaragsyz halky gyrgyna berşi hakynda Türkmenistanda Seýitmyrat Owezbaýeviň 1926-njy ýylda Türkmenevedeniýe jurnalynda çykan “Gönübek” oçerkinden başga suwytly bir zat çap edilmedi. Oňa derek, Türkmenistanyň Orsýete meýletin birigenligi wagyz edildi. Bu wagyz bir tarapdan Grodekowyň “ýer togalagynyň ýüzündäki gara tegmil, adamzat üçin masgaraçylyk” atlandyran türkmenleriniň nesilleriniň “beýnisini ýuwmaga”, olary öz ata-babalaryna garşy goýmaga gönükdirilen bolsa, ikinji tarapdan sowet gulçulygyny berkarar etmek üçin zerurdy. Munuň üçin türkmenlere öz taryhyny unutdyrmak gerekdi. Olar öz ata-babalarynyň sowatsyz hem nadan bolandygyna, ruslar bolmadyk bolsa, öz-özlerinden ölüp-ýitip gitjeklerine ynanmalydy. Dogrusy, bu rus basybalyjylaryna köp derejede başartdy hem. Sebäbi patşa Russiýasynyň kolonial syýasaty soň Bolşewikler, kommunistler tarapyndan hem dowam etdirildi we baknalyk prosesi başga bir görnüşde, leninçilik “milli syýasat” esasynda has çuňlaşdyrylmaga çalşyldy.
Aslynda, Gökdepe ýykylyp, erkin türkmeniçilikden baknalyga geçirilenlerinden soň, türkmenleriň adalata, hakykata, haýryň şerden üstün çykjagyna bolan ynsan ynançlary kem-kemden azalýar. Adamlar özlerine-de, bir-birlerine-de ynanman başlaýarlar, diňe özüňi bilmek, öz günüňi görjek bolmak, gapdalyňdaky adalatsyzlyga göz ýummak ýaly ýaramazlyklar köpelýär. Öňki ynançlaryň ýerine gara güýje, basybalyjynyň hökmürowanlygyna boýun bolmak, şol güýjüň hak diýenini hak, nähak diýenini nähak bilmek gelýär. Olaryň durmuşyndaky öňki kada-kanunlar, adam gatnaşyklaryndaky dogry-dürs hem synagdan geçen ýörelgeler, çelgiler üýtgäýär, lebizlilik, mertlik, birsözlülik, ejizi goldamak, çynyň tarapyny tutmak, ýalana ýalan diýip bilmek durmuş hakykatyna däl-de, erteki hakykatyna öwrülip başlaýar...
Elbetde, birleri durmuşyň täze sapaklaryny haýal, kynlyk bilen özleşdirse, başga birleri ony tiz özleşdirýärler hem basybalyjynyň ýanynda ýüzli, abraýly adama öwrülmäge çalyşýarlar. Şeýdip duşmanyna-da ýalan sözlemedik türkmende ýalançylyk, ýaranjaňlyk ýaly pes gylyklar, ikiýüzlülik köpelýär. Basmaçylyk hereketi, halk gozgalaňlary, Jüneýit hanyň, Eziz hanyň göreşleri türkmenleriň ilki patşa Russiýasy, soň Bolşewikler tarapyndan ýöredilen kolonial syýasata meýletinlik bilen boýun egmändiklerini, öz erkana durmuşlaryny goramaga, türkmençiligi saklamaga çalşandyklaryny görkezýär. Galyberse, Bolşewikleriň öz okadyp ýetişdiren milli kadrlarynyň hem bir toparynyň ýüreginde watançylyk bolupdyr, olar halky okatmak, öňe äkitmek ugrunda hereket edipdirler. Hatda Artykgul Tekinskaýa ýaly doly rus terbiýeseini alan ýesir türkmenlerde hem watançylyk duýgulary güýçli bolupdyr. Türkmen döwletliligini berkitmek, türkmen dili, edebiýaty, medeniýeti babatda edilen işlerde hem şu watançylygy görse bolýar. Ýöne zorlukly kollektiwleşdirme, adamlaryň ýerinden-emläginden aýrylmagy, Stalin döwrüniň arassalaýyşlary, gyradeňlik propagandasy, Moskwanyň pagta palanlary hem etjegini edýär. Meniň pikirimçe, türkmeniň millet, halk hökmündäki şu günki kynçylyklarynyň aňyrsynda bir tarapdan Gazawat, Gökdepe gyrgynçylyklary, halk gozgalaňlarynyň basmaçylyk hökmünde basylyp ýatyrylmagy, baý-kulak diýip, halkyň içindäki pikirlenip bilýän adamlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi ýatan bolsa, ikinji tarapdan sowet sistemasynyň döreden ýaman gylyklary, adamy adam sypatyndan aýyrýan açgöz häsiýetleri ýatyr. Aýdaly, biz sowet döwründe halkymyz sowatly, bilimli boldy diýýäris. Dogry, türkmende okap-ýazyp bilýän köpeldi, ýokary okuw jaýynyň diplomyny alan milli kadrlar hem kän. Garaşsyzlyk ýyllary bilen deňeşdirilende, 1970-1980-nji ýyllarda Türkmenistan saglygy saklaýyş, magaryf babatda ösýän respublikady. Ýöne biz şol döwür mekdep okuwçylarynyň ençeme aýlap gowaça meýdanyn sürlendigini, ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň gaty köpüsiniň tanyşlyk, para-peşgeş bilen alnandygyny hem boýun almaly. Muny hemmeler bilýärdi, emma bu barada aýdylmaýardy. Şeýdip türkmende dilde bir zat diýip, ýürekde başga zat saklamak kada öwrüldi. Berim-peşgeşçilik, parahorluk durmuş-ýaşaýşyň aýrylmaz bir bölegine, belki-de sütünine aýlandy. Gepiň gerdişine aýtsam, bir ýazyjy daýym ýogaldy, ili çürkäp tütjar bolupdy, hiç kim jaýlamaga gelmez diýip gyssanyp gitdim, barsam adamdan ýer ýok, geň galdym gürrüň beripdi. Halkyň egriligiň, ogrulygyň, ýalanyň öňünde dyza çökenini sen görmedik bolup bilersiň, inkär edip bilersiň, ýöne gyzza-gyzza gelende şol “sütün” seni büdredip ýykar, maňlaýyňy ýarar... Adamlar ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk korrumpirlenen, bozulan jemgyýetiň içinde çäresizdir, ejizdir, barara gapy, ýaplanara direg ýokdur, onsoň ol ýa bilip, ýa bilmän, şol çüýrük jemgyýete gulluk etmäge başlar. Käbirleri bu meseläni göreşip, ýokaryk arz edip, ýazyp çözjek boldy, emma köpler onuň bilen sessis şertnama baglaşdy. Onsoň birwagt top-tüpeňli duşmanyň öňünden gylyçly çykan, bakna bolandan maşgalasy bilen gyrylmagy dogry tapan türkmeniň içinde adam satmak, KGB-ä agent-şugulçy bolmak dereje boldy, görnetin ýalan, töhmetçilik, güýçlä ýaýaplamak, ejize ganymlyk adata öwrüldi. Kolonial ýazyjy halk ýazyjysy diýen at-derejäni almak ugrunda göreşdi, kolonial syýasatçy halk gahrymany hökmünde taryha girmek isledi. Kolonial diplomat özüni diktaturanyň garşysyna mert durup göreşen hasaplady. Ýöne ol Staliniň adamhorlugyna, kolonial syýasatyň öz halkyny nähili agyr güne salandygyna ýa düşünmeýärdi, ýa düşünmek islemeýärdi. Dogrusy, muňa düşünmek onuň üçin amatsyzdy. Ol gaty çuňa gidipdi. Taryhdaky gyrgynçylyklary, faktlaryň ýoýluşyny görmedik bolmak, bolýan tersliklere düşünmedik bolmak aňsatdy. Görseň, düşünseň, olara garşy durmalydy. Garşy duranlaryň nähili güne düşeni ne ýasyjynyň, ne syýasatçynyň, ne-de diplomatyň ýadyndan çykar ýaly bolupdy. Onsoň ol içinden özüni aklamalydy, malym, emlägim ýok, işden kowulsam nirä gideýin, çagalary kim eklesin? Bu dogrudy. Ony öz söýgüli partiýasy şeýle duzaga düşüripdi...
Gökdepe urşundan gaýdýan aň gulçulygy barada gürrüň edilende, sowet metbugaty hakynda hem iki agyz aýtmazlyk sylagsyzlyk bolar. Bu metbugatdan adamlar nadaralygy, öweniňi öküz, syndyranyňy doňuz etmegi öwrendiler. Kolonial syýasatçynyň, kolonial ýazyjynyň, kolonial diplomatyň pikirine görä, metbugat propaganda guraly, söweş meýdany we ondan garşydaşy nyşana almaly, wejera etmeli, ýeňiş seniň näderejede ussat demagoglygyňa bagly. Bu “eziz babamyz” Leninden gaýdýardy. Ol Stalinde aýylganç derejä ýetipdi. Gynançly ýeri, şindi hem dowam edýär, aňda, üşükde, post-sowet mentalitetinde dowam edýar. Bu mentalitetden dynmak üçin ozaly ruhnamaçylykdan dynmaly, sebäbi ol kolonial syýasatyň dowamy, türkmeni yzagalaklyga, baknalyga itekleýär. Eger ruhnamaçylyk dowam etse, türkmen topragy çig mal bazasy bolmakdan hiç wagt çykmaz...
Gökdepe gahrymanlarynyň, türkmen topragyny ganym duşmandan gorap ölen ähli gerçekleriň ruhunyň öňünde biziň il-ýurt diýýän adamlarymyzyň etmeli bir işi bar, olar ili okatjak bolmaly, kolonial syýasatdan, beýni ýuwmalardan, ýalan propagandadan halas etjek bolmaly. Munuň üçin häzir interneti gowy ulanyp boljak. Belki, Türkmenistanda häkimiýetler internet baradaky wadalarynyň yzynda durarlar. Şonda, eger türkmen intellektuallary işleseler, George Orwell, Robert Qonquest, Anne Applebaum, Hugh Pope ýaly awtorlaryň, diktatura, sowet türmleri, türki halklar hakdaky işlerini, dünýä klassyklarynyň, filosoflarynyň eserlerini türkmenler öz dilinde okar ýaly edip bilerdiler. Umuman, soňky 16 ýylda türkmenler okuw, bilim, düşünje babatda gaty pese, ýagny “Ruhnama” derejesine çenli aşak gaçdylar. Bu çukurdan çykmak üçin prezidentleriň çalyşmagy ýeterlik bolmaz, aň-düşünjäniň çalyşmagy gerek. Aň-düşünjäniň çalyşmagy üçin bolsa, şu gün, gahryman türkmenleriň hatyra gününde bir durup, oturyp oýlanyp görmek gerek. Biz näme işleýäris, wagtymyzy nämä sarp edýäris? Türkmen ilki patşa Russiýasyna, soň Kommunistik partiýa garaşly bolan bolsa, indi Gazproma garaşly. Bu ajy hakykat bilen biz Gökdepe urşunyň 127-nji ýyl dönüminde hem ýüzbe-ýüz durus. Bu ýene näçe onýyllyk dowam eder?.. Türkmen topragy üçin baş goýan gahrymanlaryň ruhy bu uzaga çekmeden ynjamazmy!?
Ölüp ýeňen gahrymanlar öz işlerini etdiler, olaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun. Nobat bizden, dirilerden!
("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
(Makala taýýarlananda N. Hojageldiýewiň, S. Öwezbaýewiň toplan taryhy maglumatlaryndan peýdalanyldy.) Praga,
()