Ýatana uzatma goluň
Gör, näçe güpürdi boldy,
gör, näçe, tapyrdy boldy,
oýandy oýanjak, turjak,
kim gaçdy, kim boldy durjak,
duran ýerinde direnip,
ýa-da gorap bolman özün,
başgalary depip pesi,
depä çykdy ýumup gözün.
Eger şindem ýatan bolsa,
eşitmedik bolsa gohy,
ýa-da ýatan bolýan bolsa,
ýa dilinden kireý isläp,
diýmese bir gerek sözi,
goý, ol iň ýakynyň bolsun,
boljak bolma görýän gözi!
Baş-başa-da, jan-janaka,
neden her ýatana eli
gan-der bolup uzatmaly,
ýa-da galdyrmaly ýerden;
göter ýa-da goldama sen,
eger özi islemese,
gutulmaz hiç kimse şerden.
Gygyrma sese bat berip,
yralama her ýatany,
ýa-da ýatan bolýany,
goý, ol ýatsyn ýatan bolup,
bolsa, turana ber malyň,
ýatana uzatma goluň!