Ýiten bilen ýitme, oglan!

Sen adyňa buýsan, oglan,
buýsan bedew atlaryňa,
giň ýurduňa, dag-deňizli,
sähralary gülde-pürçük,
ata-baba mirasyňa,
gylyç bilen, at üstünde
goran aryn, namysyny,
biri gorar diýip ýatman,
ak telpegiň geýip başa,
gyrmyz donuň geýip egne,
atlan ata, aýagasty
bolma aýny ýaşyň barka,
oka, guly bolma kimsäň,
gara gözüň, gaşyň barka,
diplom alyp, bilim alman,
başyň egip öňýetene,
gülýänlere gulluk etme,
ilem şeýle diýip, özüň
günde saklap, gorpa itme,
sen özüňe buýsan, oglan,
ýiten bilen ölme, ýitme!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025