Surat

Ýürekdäki bulut

Durmuş göreş, düzgüni bar,
düzgüni ýok, düşünýärsiň,
uruş, uruş bolmasa-da,
ýykylýançaň dik durmaly,
söweşmeli tylda ýa-da,
öň hatarda, nesibe bu,
duz iýişen dostlaryň bar,
ýaraň sarar ýaralansaň,
suw getirer teşne galsaň,
bu bir kada, barrikadaň
o ýüzünde olar otyr,
o tireden, bu taýpadan,
obadaşy, keseki, ýat,
sylajagy ýok içiňde,
bellisi ýok, erteki gün
ýatlama bor egindeşiň,
çörek iýen bile şu gün,
emma adam çig süýt emen,
bir söweşde söweşseň-de,
seni itjek ok öňüne,
ýa-da atjak ahmal wagtyň,
gaçjak boldy diýip, belki,
aýan edýän kimdigini,
nämedigin ýeterlik, bar,
syrtlan bolup, seni tilki,
şagal edip görkezjek ol,
bilip pälin, niýetini,
aýdyp, diýmek pursady däl,
iýdi diýer öz etini,
duşmanyňa bolma gülki,
begenmesin diýip yza,
mümkin bolsa çekilmeli,
bir gün sen däl, çawan okdan,
ýa ajaly ýetip ilki,
sen ölmeseň ol ömeli...

Pahyr bolýar amatyna
garaşan dost urjak bolup,
gynanýarsyň, her hal adam,
bir söweşde söweşeniň,
begenýärsiň gabat bolman,
daşda bolsaň, ýazsa başga,
öwüp, diýip gerçek ärdi,
çünki adat, giden hakda
edilmeli gowy gürrüň,
ýöne eger gabat bolsaň,
borjuň, gowy diýmeli sen,
magtamaly orny boşap,
galdy diýip merdiň, soňra
utanmaly ýörseň ýaşap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025