Ýok bolmagy karar eden

Adamlar islese ýürekden, çyndan,
ahyrynda bir gün ýerinden turýar,
basýar gorky, howatyryn içinde,
iň bolmanda turjaklary aslyşyp,
labyr atyp saklamaýar, çekmeýär,
galmaz ýaly etjek bolup ýerinden,
gybatyny goýýar bolman jemagat,
ýolda ýatan, dagdan uçan daşlary,
ýel togalan peşmekleri aýrana
kömek etmän, samsyk diýip gülmeýär,
il il bolsa, gaçyp gaçsaň çukura,
çyksaň näme tapdyň diýip gelmeýär.

Karar etse ýok bolmagy jemagat,
ýok etmegi ýurduň adyn kartadan,
aldan bolup öz-özüni, ýatlary,
ady bolsa, adyn garalap agyň,
bady bolsa, alyp badyny çagaň,
ýaşlygyndan basýar ýokardan aşak,
gowy görýär, kökerilen goýun bol,
ýa duşakly iner bolsaň, ýük daşap,
aç bolanda, ýa gyssansa ýolugra,
satar ýaly, bahaň edip bir aşyk.

Bölek-bölek bolup, ownap ýyl-ýyldan,
çüprän millet karar etse ýatmagy,
ýa batmagy ýok batgany döredip,
başga birin saýyp günäkär, asy,
gozganmaýar bir oturan ýerinden,
bir asyr däl, iki asyr, üç asyr,
dilden dile geçip gelse-de arzy,
şikaýaty ýa arzuwy ölmedik,
saklanmadyk içde, çykan daşaryk,
gözi açyk, göwni, ýüregi açyk,
ýa beýnisi açyk ogul-gyzynyň,
ret eden gulçulygy, mertebe,
erk-islegin baýdak edip galdyran,
arkasynda, tarapynda durmaýar,
ýok bolmagy karar eden geljegin
iýjek gurdy taýak alyp urmaýar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025