Meýdan meselesi
Sen ili däl, ildeşleriň iş salşan,
uly ýolda, ýolaýyrtda sataşyp,
sözün diňläp, işin görüp, tereziň
haýsy ýany agyr gelýär, görersiň,
tanarsyň sen adamlary ýitirip,
ilki ýaşlyk, geň galarsyň il diýip,
orta çykýan köpelmeýär näme üçin,
näme üçin bilinmeýär il derdi,
näme üçin gelinmeýär meýdana,
el bar ýaly döşden itýän görünmän,
soňra geçer kino lentasy ýaly,
göz öňüňden syrdaş bolan adamlar,
göreş meýdanyny gabanýan däli,
serhoş bolan gök, bişmedik üzümiň
çakyryny göz öňüne getirip,
etseň gybat, gürlemeseň içiňde,
ýa beýniňde agyr daşy göterip,
käte irden sakalyňy syraňda,
aýna bakyp, yzy galan boýnuňda
ellerini görersiň sen olaryň,
bogjak bolan sallançakda, gorkusy
basdaş bolup, agyrtmasyn başymy,
ýüzi galyň, bihaýadan heder et,
daşyn sypar iýip beren aşyňy.