Surat

Halk we hakykat

Halk ol oglun ezdirýärkä,
bezidrýärkä bu gyzyny,
bu durmuşdan, arka çykman,
çöker ýylba-ýyldan aşak,
gowy görer her dyzyny
epen ýerin, buky ýaly,
samsyk diýip ýykylana,
öz-özüne salar aly.

Hak-hukugyn soran bolsa,
ýok edýärkä emel ýeten,
bolmadyk dek hiç bir waka,
ilki sessiz tomaşaçy,
unudýarka ertesi il,
sabyrlyka her bir adam,
akyllyka, hem mekdepde
diňe dörtlük, bäşlik okan,
matematik, öz bähbidin
bilýän gowy, arasyda
dillisi bar, dilsizi bar,
düşýäni bar gepe, söze,
düşünmeýän, belki, köplük,
başgalaryň işi bu iş,
meniňki däl meniň ömrüm,
çagalarym nesibesin,
maňlaýynda baryn görer
diýen bolar, kanagatly,
öz gapysy kakylýança,
ýa-da galat ýuwaş-ýuwaş
talaýanaça uly ýolda,
görýän, ýöne goşulmaýan,
diýer ýetiş, gora, Alla!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025