Surat

Aran meselesi

Sen adama düşündirme,
aýtjak, diýjek bolma sözüň,
oýnan bolup oýnaýarka,
görjek bolman için gözüň,
kimdigiňi görsün, daşlaş,
barlygyň däl, ýokluk gürlär,
düşündirer sözüň, hoşlaş.

Sen özüňi tana ilki,
agramyn bil gürleýäniň,
arkasyny diräp çöpe,
özi ýaly etjek bolup,
galyp şol bir batgalykda,
labyryny çekmän, alman,
öz-özüne bolan aran,
haýbat atar gorkusyndan,
çem gelene bolup ýaran...

Sen özüňi mähelläniň,
el çarpyjy, tomaşaçy,
biri saýma, iriräk saý,
saýlany bil ýaradanyň,
sylany bol biribaryň,
ynan ilki öz-özüňe,
gözi ýaşly gelsin, gülsün,
ynanma sen aslyşýana,
gerek zadyn aljak bolup,
bar göreşi gara nebsi,
ýa ýokarrak galjak bolup,
tanadana wagt ýitirme,
daş ýa kesek saljak bolup!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025