Surat

Alynmadyk maslahat

Görseň diňe öz gözüňden,
erbet bolsaň, erbet olar,
gowy bolsaň, gowy bular,
ýaşlyk etme diýdi agam,
ýalňyşarsyň örän gaty,
il diýilýän oýun däldir,
münüp gidip bedew aty,
kerwen ursaň, oba çapsaň,
ýesir alyp bezirgeni,
gul-gyrnagy, gözi ýaşly,
alyp gelseň şärik bolar,
paýlamaly olara sen,
eçilmeli bulara sen,
tutulýançaň, atylýançaň,
gara jaýa, geler günde,
daşyň aňsat bolmaz çola,
ýesir düşmän başga gözden
seret mydam saga, sola...

Ýa gorasaň ýurduň turup,
içden dömen ýagysyndan,
ilim diýip, gözi gorkan,
gul-gynakdan beter etjek,
kanunlary ýarag edip,
döwlet bolup tutjak, ütjek,
saçakbaşy goldawçyň kän,
hem uzakdan tomaşaçy,
elin çarpjak, pökgi sasaň,
bu, hamala, oýun ýaly,
garaşarlar soňuna çen,
ýaralansaň, atdan agsaň,
gaçsa gylyç, galkan elden,
hehe-hehe, begenerler,
seresap bol, inim, ilden?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025