Şükür petigi

Öň olaryň atalary
şükür etdi, sabyr etdi,
belki, kysmat şeýle diýip,
maslahatyn aldy ulyň,
köpi gören, özün iýip,
bolan bilip guluň guly.

Soň olaryň kakalary
şükür etdi, sabyr etdi,
maslahatyn alyp ulyň,
köpi gören, süýtde agzy
bişen gaty, suwy bulap,
üfläp içiň edýän wagzy.

Indi olar, agtyk, çowluk,
oňatlyga ýorup baryn,
şükür edip oturmaly,
ýok ýekeje ýoldaş, syrdaş,
ýol gözlemek hatar, satar,
atar diýip dogan-gardaş...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025