• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Sen özüňi asma asmandan, gökden

Sen özüňi asma asmandan, gökden,
ýöne öz-özüňi ýere-de sokma;
söý özüňi, bil hem tana başarsaň,
ýöne aşyk bolma jahyl dek gözsüz,
kemiňi bil, kemçiligiň görmegi,
ýa-da aýdylanda boýun almagy
öwren, ýüzün alma tanyş, nätanyş,
ýa duşmanyň, belki, nepi bor, diňle.
Ýüzüňe öwene hoş bolma diňe,
öwretme özüňi öwgä, tarypa,
sebäp ertir ýaňky başyň sypaýan
ýüzüňkessir şarpyk çalmagy mümkin,
sen özüňi asma asmandan, gökden,
ýa men eýle, beýle diýip öwünme,
ilime, halkyma ony isledim,
muny isledim,
emma etmediler, diňlemediler
diýip zeýrenme.
Senden öňem kändir ýagşylyk islän,
ýa özüçe etjek bolan ýagşylyk,
eger diňlemedik bolsa milletiň,
ýa geçmedik bolsa satjak harydyň,
ýa ol gerek däldir, ýa gelensiň ir
alyjysy ýolda galan bazara,
howlukma, tudana wagtynda bişer,
düşer aýak asta tänip şahadan,
tudana bol, biş şahaňda, düş ýere,
emma öz-özüňi öwme, öwdürme,
temegiňi tutma asmana, göge,
ýa aýratyn möhüm görünjek bolma,
çünki, bolubilseň birisiň iliň,
ýa-da gerek dälkä il diýip ölme!

  • 07.03.2014
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Isleseň gül, isle agla 22.02.2019
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019