Men adamyň ýaşamagyn isleýän

Men adamyň ýaşamagyn isleýän,
ejir çekmegini islämok asla,
islämok kösenmegini,
dar-direde darygyp,
jan derin, gan derin döküp ýüzünden,
hak-hudanyň nury öçüp gözünden,
gorkup, ürküp ýaşamagyn islämok,
islämok dänmegin ýürek sözünden;
Men adamyň ak bolmagyn isleýän,
ak galmagyn isleýän,
islämok gara çümmegin,
iki gün mes bolmak üçin,
ýa peseldip özgäni,
galjak bolup ýokaryk,
men adamyň ýalňyşmagyn islämok,
islämok ýalana bermegin ömrün,
men adamyň ýaşamagyn isleýän,
ýatdan çykarmagyn islämok gözel,
görkana göwnüni, Hudaýdan gelen,
men adamyň päk bolmagyn isleýän,
islämok dirikä bolmagyn ölen...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019