Batgalyk
Seniň hakyň, hukuklaryň
basgylansa öz ýurduňda,
döwlet bolsa duşmanbaşy,
sen hudaýy, belki, içden,
ýa daşyňdan çagyrarsyň,
ýöne göge seretseň-de,
garaşarsyň il-günüňden,
dost-ýaryňdan delalata,
iň bolmanda dogan-gardaş
dymmaz diýip dilsiz ýaly,
kärdeşleriň, pikirdeşler
uzadarlar öýdüp elin,
awuly dil deregine,
emma adam bolan ýerde,
düşünersiň açgözlük kän,
bahyllyk kän, gara batga,
çekip ýatan aşak ili,
karz almasa razy bol,
jaýlajaklar senden pili...